Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly zenanlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtly zenanlary

Ýaňy ýakynda gözel paýtagtymyz merjen şäherimiz Aşgabat şäherinde ,,Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynyň ilkinji bahar aýynda ,,Halkara zenanlar’’ baýramçylygynyň we bahar paslynyň şanyna Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde döwlet derejesindäki uly göwrümli, diňe zehinli zenan suratkeşler toparyndan düzülen bäsleşik sergisiniň açylyş dabarasy bolup geçdi. ,,Enä tagzym- mukaddeslige tagzym,, atly gözel serginiň özeni- çeper elli gyz-gelinlerimiziň irginsiz zähmetiniň miwesini ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň dykgatyna ýetirmekdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gök asmanynda asuda parahat ýaşaýan türkmen halkynyň eşretli durmuşyny wasp edýän, milli tebigatymyzyň ajaýyplyklaryny ussatlarça suratlandyrýan, şeýle-de şanly taryhy geçmişimizi rowaýat kimin gürrüň berýän çuň many-mazmunly eserler, adamyň gündelik durmuşyndan parçalar we juda özüne çekiji millilik tagamy duýulýan baý haşam we öwüşginli natýurmort bezegli suratlary bu günki sergimiziň şirin maňzyny düzýär.

Könelerimiziň baky ýadygärlik goýup giden milli mirasyny özlerine mekdep edinen ýaş nesliň döredijilik ýolunda özüniň aýdyň şöhlelenmesini tapýar.Uz barmaklarynyň hünärini şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde ýerine ýetirilen nakgaşçylyk eserleriniň üsti bilen tomaşaçynyň kalbynyň inçe taryny kakyp bilen ussat halypalarymyz bilen bir hatarda ýaş juwan talyp gyzlarymyzyň we işewür zähmet çekýän ýaş zenan suratkeşlerimiziň çeper yhlasyna berekella diýesim gelýär.Sebäbi bu gözel sungaty dörediji zenanlar biziň öýlerimiziň ýaraşygy, göwünlerimiziň sazlaşygy, durmuşymyzyň manysydyr.Zenanlara bagyşlanan döredijilik sergisiniň diwarlaryny dolduryp duran göz gamaşdyryjy, ýürekleri joşduryjy, kalbyňy heýjana getiriji jadyly sungatyň waspyny ýetirmek üçin goşgy setirlerine ýüzlenesiň gelýär: Aýlar gyzym aý ýaly, Aýda dokar bir haly.

Halysynyň kenary, On barmagynyň hünäri Şekillendiriş sungatynda özüni kämil suratkeş hökmünde tanadan Gunça Myradowanyň döredijiliginde portret eserleri görnükli oruna mynasypdyr.Gunça Myradowanyň sungaty beýleki zenan suratkeşleriniň arasynda özüniň kämil we özboluşly döredijilik ýörelgesi bilen aýratynlanýar. ,,Hünärim bar hormatym bar’’ diýen pähim paýhasyndan ugur alyp Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlary, öz akabasyny müňýyllyklaryň gatlaryndan alyp gaýdýan baý medeni mirasymyzyň, ajaýyp däp-dessurlaryny, tebigatymyzyň gözel keşbini, şeýle-de durşuna millilige ýugrulan milli natýurmortlarynda özleriniň okuw ýyllary içinde toplan ukyp-başarnyklaryny, gyzlyk dünýäsiniň näzik söýgüsini ,arzuw hyýallaryny siňdiripdirler .Bu ýaş öwrenje suratkeşlerimiz heniz sungat äleminiň bir gyrajygyndan ätlän hem bolsalar , batyrgaý çekilen işleri bilen özlerini doly kemala gelen suratkeşler hökmünde görkezdiler.

Olaryň içinde O.Rozygulyýewa , A.Serhenowa , B.Bakiýewa , Mahym Atakowa , Merjen Atakowa, Maral Begatowa ,Enejan Öwezowa, Keýik Märkowowa dagylar halypalarymyzyň ýoluny dowam etdirmekligini we sungatymyzy ösdürmäge goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Gyzlaryň her haýsynyň döredijilik yoluny tapyp, täze-täze ajaýyp eserler bilen halkymyzy begendirerler diýip arzuw edýäris!Türkmenistanyň çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň edermen ýaş zenan mugallymlary bäsleşik sergisine diýseň işjeň gatnaşdylar.

Laçyn Toýlyýewa millilik äheňinde, Merjen Amangylyjowa dekoratiw usulda ýerine ýetirilen taslamasynda türkmen toýundan bir sýužeti getirilip görkezilýär.Enelerimiziň milli mirasyny gaýtadan dikeldip döwrebap biçüwdäki geýimli ýaş gelinleriň keşbi teatr sahnasyndan bir pursady ýatladýar.

Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň indiki ýaş zehinli suratkeşi Enejan Garaýewadyr.Ol öz kärini ýürekden söýüp, suratçylyk senedini sypdyrman günde diýen ýaly öz döredijilik ussahanasynda işewür ýöredip gelýär.Ýaş hünärmeniň dürdäne ellerinden günsaýyn täze eserler dünýä inýär. Şunuň ýaly çuň mana ýugrulan ajaýyp işler bilen halkyň öňünde abraýly , çykyş etmek, her bir suratkeşe nesip etsin! Ýaş zenan suratkeşlerimiziň çeper elleri bilen döreýän nepislikleriň göwünlere pasly baharyň ýakymyny berip bilmegi,elbetde ussatlygyň, başarjaňlygyň ýokary derejesinden nyşandyr.

Gunça Gurbangeldiýewa

Ýene degişli makalalar

Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Döredilen wagty - 2020. Şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisi
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Belentden ýaňlanan owazlar
'Russiýanyň Türkmenistan bilen wizany ýatyrmak taýýarlygy'. Ritorika we hakykat