Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2020-nji ýyl

3. GURLUŞYK-SENAGAT TOPLUMY WE ELEKTROENERGETIKA

Halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklarynyň okgunly ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýdyň nyşanyna hem-de döwrümiziň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi.

Gurluşyk-senagat toplumy we elektrik energetikasy bu babatda aýdyň görkeziji bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine başyny başlan ägirt uly maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde bu pudaklara möhüm orun degişlidir.

Şol döwlet maksatnamalary biri-biriniň üstüni sazlaşykly ýetirip, köpugurly milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de ösdürilmegine, döwrebap, ýokary tehnologiýaly kärhanalary işe girizmäge, baý tebigy serişdeleri has doly ulanmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn özgertmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ilatyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda hem-de bäsdeşlige ukyply senagat toplumyna eýe bolan Diýarymyzyň abraýyny has-da belende götermekde gurluşyk senagatynyň ähmiýetini yzygiderli nygtaýar.

Şäher gurluşygy amala aşyrylýan innowasion işleriň özboluşly görkezijisi hökmünde çykyş etmek bilen, şu günüň isleglerini hem-de mähriban halkymyzyň maksatlaryny we ymtylmalaryny beýan edýär.

Soňky ýyllarda gurluşyk işleriniň has giň gerime eýe bolmagy eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Diýarymyz ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň GDA gatnaşyjy döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň şu ýylyň maý aýynda geçirilen mejlisiniň barşynda beýan eden teklibine laýyklykda, 2021-nji ýylyň Arkalaşykda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly hökmünde geçjekdigi bellärliklidir. Şu ýylda ýurdumyzda şanly senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň belleniljekdigini nazara almak bilen, täze binalaryň köpçülikleýin açylmagyna garaşmak bolar.

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen taryhy mejlisinde gurluşygyň giň geriminiň Garaşsyz Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösýän kuwwatly döwletdigini aýdyň görkezýändigini belledi. Bu gün ýurdumyzda bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan önümçilik we durmuş maksatly iri desgalaryň 2,5 müňe golaýy gurulýar.

Türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, şäherlerde hem-de obalarda halkara ölçeglere laýyk gelýän zerur düzümi döretmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir.

Watanymyzyň ähli künjeklerinde köp sanly desgalaryň gurluşygy şol syýasatyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Bu desgalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 30-njy dekabrda geçirilen bilelikdäki mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ajaýyp desgalar, täze ýaşaýyş toplumlary gurulýar, ýokary tizlikli awtobanlaryň we polat ýollaryň müňlerçe kilometrleri çekildi, halkara ulag düzümleri döredilýär.

2020-nji ýylda umumy bahasy 7 milliard manada golaý bolan 45 sany iri desgalar ulanylmaga tabşyryldy. Olaryň hatarynda umumy meýdany 2 million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlar, şeýle hem çagalar baglary, mekdepler, lukmançylyk edaralary we beýleki desgalar bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly köp sanly desgalaryň gurlup, ulanmaga tabşyrylandygyny belledi. Bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaý toýlaryny tutdular. Biz durmuş we önümçilik düzümli desgalary gurmagy ýokary depginler bilen dowam edýäris.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan binagärlik-şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda gurlan desgalaryň birnäçesiniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini bellemek gerek. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda bolsa Aşgabadyň özi hem ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere iň köp jemlenen şäheri hökmünde bu abraýly sanawda mynasyp orun eýeledi.

Uzak möhletli geljegi nazara almak bilen, paýtagtymyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny, şäheri abadanlaşdyrmak babatda taslamalaryň durmuşa geçirilişini, inžener-tehniki hem-de ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny hut özi gözegçilikde saklaýar.

Ýaşaýyş-durmuşyň ýokary görkezijilerini üpjün etmäge gönükdirilen taýsyz tagallalaryň netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has amatly şäherleriniň biri, sebit we halkara hyzmatdaşlygyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrýar. Paýtagtymyzda iri çäreleri geçirmek hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlary mynasyp garşylamak üçin ähli şertler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilişiniň barşynda her ýyl türkmen paýtagtynyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti täze täsin binalar hem-de desgalar bilen ýetirilýär. Şolar häzirki Türkmenistanyň hakyky buýsanjyna öwrülýär.

Bu gün Aşgabat şäheriniň günorta böleginde iri desgalaryň toplumynda, hususan-da, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Halkara maslahatlar hem-de Halkara kabul edişlikler merkeziniň, kaşaň myhmanhananyň hem-de “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň we “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binalarynyň gurluşygynda işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Täze, has oňaýly dynç alyş zolaklaryny döretmäge uly ähmiýet berilýär. 15-nji iýunda milli Liderimiziň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşen “Altyn kölüň” kenarynda gurlan dynç alyş düzüminiň desgalarynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, geljekde has oňaýly iki gatly kottejleri, çagalar hem-de sport meýdançalaryny, üsti açyk suwa düşülýän howuzlary we akwaparklary hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň ençemesini gurmak meýilleşdirilýär.

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi. Bütindünýä welosiped güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyryldy.

Türkmen paýtagtynda, Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda “Welosiped” binasynyň açylmagy esasy wakalaryň birine öwrüldi. Bu uly bina mähriban halkymyzyň ruhubelentligini hem-de umumadamzat gymmatlyklaryna we halkara sport hereketine ygrarlylygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda häzir bedenterbiýe hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň täze edara binasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň dabaraly ýagdaýda açylmagy munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş mynasybetli guralan dabarada çykyş edip, bu toplumyň Türkmenistanyň milli hem-de olimpiýa ýygyndy toparlarynyň türgenlerini Olimpiýa we Aziýa oýunlaryna, beýleki iri halkara ýaryşlara ýokary derejede taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň çäklerinde Aşgabatda 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniň hem açylyş dabarasy geçirildi.

30-njy oktýabrda ähli isleg bildirýänler üçin gapylaryny giňden hem-de myhmansöýerlik bilen açan, paýtagtymyzyň Astana köçesiniň ugrunda gurlan “Jahan” döredijilik merkezinde zehinli çagalaryň we ýetginjekleriň aýdym-saz, tans hem-de surat çekmek bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerde dürli gurnaklar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ses ýazýan studiýa, sport we beýleki zallar hereket edýär.

Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçen baýramçylyk ýyly täze desgalary ulanmaga bermek bilen bagly dabaralaryň birnäçesine beslendi. Şol desgalar ählihalk baýramçylygyna uly sowgat boldy.

28-nji oktýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň toplumynyň — S.Türkmenbaşy hem-de A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerleşen awtomobil geçelgesiniň, ýerasty geçelgeleriň we “Mahabat” binasynyň hem-de täze “Diwan” myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu myhmanhananyň bezeginde milli binagärligiň äheňleri öz beýanyny tapdy.

10-njy noýabrda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly desgalaryň iri toplumy ulanylyşa tabşyryldy.

Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky giň meýdanda gurlan ýaşaýyş toplumy ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen aýratyn sazlaşyk döretdi.

Giň gerimli taslamanyň çäklerinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň altysy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onusy guruldy. Zerur tehniki ulgamlary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty geçelgeleri we ýolagçy ulaglar üçin duralgalary öz içine alýan, umumy uzynlygy 5,5 kilometrden gowrak bolan täze ýol çekildi.

Paýtagtymyzy gurmagyň 16-njy nobatdakysynyň hem-de beýleki möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesiniň taslamalaryny amala aşyrmagyň ata Watanymyzyň rowaçlanmagyna we gülläp ösmegine saldamly goşant goşýan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalara ynanylandygy bellärliklidir.

Türkmen gurluşykçylary binalaryň we desgalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamakda, işleri ýokary hilli ýerine ýetirmekde hem-de bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmekde eýýäm baý tejribe topladylar.

Şol ýerde “Gül Zemin” söwda-dynç alyş merkezi hem guruldy.Awtomobil ýol çatrygynyň merkezini bolsa täsin “Türkmen alabaýy” heýkeli bezedi.Itleriň bu täsin tohumyny wagyz etmek işinde 2020-nji ýylyň möhüm ähmiýetli wakalara baý bolandygyny bellemek gerek.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy açyldy, Änew şäherinde bolsa döwrebap weterinariýa hassahanasy hem-de öý haýwanlaryny saklamak üçin niýetlenen jaýlar guruldy.

Häzir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Ahal welaýatynda Karantin merkeziniň, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bolsa alabaý itleriniň merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar.

Möhüm ähmiýetli baýramçylyk desgalarynyň hatarynda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini we Estetiki merkezi görkezmek bolar. Bu desgalar 10-njy oktýabrda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ulanmaga berildi.

Täze saglygy goraýyş edaralarynyň peýda bolmagy döwlet Baştutanymyzyň mähriban halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy baradaky atalyk aladasynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasy saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmaga, türkmenistanlylary ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.

2020-nji ýylyň noýabr aýynda ulanmaga berlen Ak bugdaý etrabynda bina edilen häzirki zaman “Bagabat” şypahanasy hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda täze gurlan 200 orunlyk ýokanç keselleri hassahanasy ýurdumyzyň saglygy goraýşynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirdi.

“Bagabat” şypahanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde oňa tarap alyp barýan ýoluň hem-de çatryklaryň birinde oturdylan beýikligi 25 metrlik “Saglyk” binasynyň, Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde lukmanlar üçin bina edilen 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň ulanmaga berilmeginiň binagärlik açylyşlarynyň tapgyrynyň üstüni sazlaşykly ýetirendigini bellemek gerek.

20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky Çoganly şäherçesinde bina edilen kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde döwrüň talaplaryna gabat gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär. Mejlisiň Karary bilen, Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaýlarynyň bu toplumyna içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin berilýän uzak möhletli ýeňillikli karzlaryň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini şertlendirýändigini bellemek gerek. Şeýle aladanyň hem-de ýaşaýyş jaý gurluşygynyň barha giň gerime eýe bolmagy netijesinde, her ýyl bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi kaşaň ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar.

Ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklaryndan başga-da, her ýyl paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi bina edilýär we durky täzelenilýär.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, täze obalary we şäherçeleri gurmak, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny gurmak boýunça işler işjeň dowam edýär. Bu ýoly 2023-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga tabşyrmak maksat edinilýär.

Adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini hem-de döredijilikli zähmet çekmegi, amatly durmuşy we dynç almagy üçin has oňaýly şertleri üpjün etmäge gönükdirilen Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ilkinji derejeli ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz welaýatlar boýunça iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, özgertmeleriň öňe ilerledilişiniň barşy, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler bilen ýerinde tanyşýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Syn berilýän ýylyň 3-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze nusgadaky şäheriň desgalaryny bina etmäge ABŞ-nyň 1,5 milliard dollara golaý pul serişdesini bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi.

Ähmiýeti boýunça bu taryhy taslamanyň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň başyny başlan özgertmeler strategiýasynda kesgitlenen wezipeleri çözmekde nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrýar. Şol strategiýanyň aýrylmaz bölegi welaýatlary hemmetaraplaýyn ösdürmekden ybaratdyr.

25-nji maýda geçirilen “Ak şäherim Aşgabat” atly XIX köpugurly halkara sergi Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik we şäher düzümini kemala getirmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerini görkezdi.

Her ýyl guralýan bu sergi milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň keşbinde beýanyny tapan özgertmeleriň giň gerimlidigini aýdyň beýan etdi. Şol özgertmeler Türkmenistanyň rowaçlygyň we gülläp ösüşiň belentliklerine tarap ynamly garamagynyň nyşanyna öwrüldi.

Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtlaryň 70-den gowrak wekili öz mümkinçiliklerini, öndürýän önümleriniň ýokary hilini we ýerine ýetirýän işleriniň köpdürlüligini görkezdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde örän uly orun eýeleýän firmalaryň we kompaniýalaryň hem-de hususy telekeçileriň onlarçasy bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyzda gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutup bilýän önümçilik kuwwatlyklaryny we täze iş orunlaryny döretmek, eksport ugurly harytlaryň mukdaryny artdyrmak, önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler üstünlikli çözülýär.

Munuň şeýledigini halkara sergide görkezilen, Türkmenistanda öndürilýän döwrebap gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň giň görnüşleri aýdyň beýan etdi.

Diýarymyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary ýyl-ýyldan depginli artdyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Ahal welaýatynyň senagat zolagynda döredilýän uly gurluşyk toplumyny görkezip bolar.

Bu ýerde eýýäm metal önümlerini we armaturlary öndürýän “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti işleýän fabrigi, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýan, aýna öndürmekde Merkezi Aziýada iň iri “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy üstünlikli işleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurluşyklary gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekip, kuwwatly senagaty döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de türkmen topragynyň baý ýerli tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny hemişe aýdýar.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan peýdaly täze känleri ýüze çykarmak boýunça geologiki barlaglar işjeň alnyp barylýar. Garaşylyşy ýaly, bu işleriň netijeleri önümçilik toplumynyň kuwwatyny artdyrmaga we ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän beýleki önümleriň çykarylyşyny köpeltmäge gönüden-göni hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky Permanyna laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň hem-de onuň “Türkmensenagat” agentliginiň binýadynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň döredilmegi hem şu maksatlara ýetmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň “2020 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň senagat hem-de önümçilik desgalaryny gurmak hakynda” Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalar gurulýar we ozalky işleýänleri döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde, gurluşyk desgalaryny hem-de ilaty ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümler bilen doly üpjün etmek üçin mümkinçilikler döredildi. Ministrligiň garamagyndaky kärhanalarda sement, magdan däl we diwarlyk serişdeler, metal önümler, aýna, gurnama demirbeton we iri panelli gurnamalar, keramzit, kaolin ýaly gurluşyk önümleri, maşyngurluşyk önümleri hem-de beýlekiler çykarylýar.

Milli senagat toplumynyň strategik taýdan ähmiýetli ugurlarynyň biriniň sement önümçiligidigini bellemek gerek. Häzirki wagtda sement zawodlarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän dürli görnüşli sementiň çykarylmagy ýola goýuldy. Şeýle hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda her biriniň kuwwaty ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge niýetlenen sement zawodlary gurulýar.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilişini artdyrmak baradaky maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2020-nji ýylda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýerli çig mallardan gurluşyk serişdelerini çykarýan kärhanalar ulanylmaga tabşyryldy.

Hususan-da, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýokary hilli keramika önümlerini öndürýän, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda demirbeton önümlerini öndürýän iri zawod, Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynda gury gurluşyk garyndylaryny we gipsokarton hem-de beýleki önümleri çykarýan kärhana açyldy.

Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen bilelikde, Diýarymyzyň elektron senagatyny ösdürmek hem-de ilatyň uly isleginden peýdalanýan dürli häzirki zaman enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmak boýunça çäreleri görýär.

Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy esasda pudaklaýyn önümçiligi kemala getirmek, bilelikdäki kärhanalary döretmek meselelerine uly ähmiýet berilýär.

Ine, ministrlik tarapyndan “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde, Diýarymyzda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleri çykarmak boýunça işler depginli alnyp barylýar, dürli LED-lampalaryň, öwrediji kompýuterleriň we noutbuklaryň, “Tolkun” we “Zemin” täze smart telewizorlaryň, ýakynda bolsa diagonaly 65 dýuým bolan “Älem” telewizorlarynyň çykarylmagy ýola goýuldy.

2020-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Diýarymyzyň täze elektron önümleriniň nusgalary görkezildi. Hususan-da, olar iki simkartly öýjükli telefonlar, smartfonlar, monobloklaryň dürli görnüşleri, split-sowadyjylar, Internet ulgamyny ýaýradyjy routerler, agyz suwuny sowatmaga we gyzdyrmaga niýetlenen enjamlardyr.

Himiýa senagatynyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär. Bu pudagy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýurdumyzyň oba hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak we azyk bolçulygynyň binýadyny pugtalandyrmak üçin dürli dökünleriň öndürilmegine degişli meseleler durýar.

Tebigy baýlyklaryň, uglewodorod, mineral we gidromineral çig mal serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde öňdäki orny eýelemegi, şolary gaýtadan işlemek hem-de taýýar harytlary öndürmek boýunça ornaşdyrylýan iň täze tehnologiýalar ýokary hilli dürli önümleriň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga we mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berdi.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak hem-de himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin soňky ýyllarda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan uly isleg bildirilýän, häzirki döwürde dünýäniň dürli ýurtlaryna eksport edilýän önümleri çykarýan iri önümçilikler gurlup, ulanmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyna hem-de Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksport mukdaryny artdyrmak baradaky döwlet Maksatnamasyna laýyklykda, geljekde himiýa pudagynyň ýene-de ençeme ugurdaş desgalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, täze döwrebap önümçilikleri dolandyrmak hem-de olara hyzmat etmek üçin hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Lebap welaýatynda Himiýa tehnologiýalary institutyny gurmak maksat edinilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan, şol sanda depginli senagatlaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalarynda milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk ulgamlarynyň biri bolan energetika senagatyna möhüm orun berilýär.

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlary döretmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler görülýär. Olarda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sazlaşykly ösmegini nazara almak bilen, kuwwatyň ençeme esse ätiýaçlygy göz öňünde tutulýar.

Maksada gönükdirilen işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, bu günki gün Türkmenistanyň energetika senagaty ýokary ösüş depginlerini görkezýär hem-de ýurdumyzyň içerki hajatlary bilen birlikde, eksportunyň artýan mukdaryny üpjün etmäge ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” elektroenergetika kuwwatlyklaryny artdyrmaga uly itergi berip, ýurdumyzyň dünýäniň energoulgamyna goşulyşmagy boýunça anyk ädimleri kesgitledi.

Şol Konsepsiýany amala aşyrmagyň çäklerinde, soňky ýyllarda ýurdumyzyň energetika düzüminiň üsti döwrebap gazturbinaly elektrobeketler, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan beketler bilen ýetirildi. Mary DES-de ýurdumyzda ilkinji buggazly elektrobeketler işe girizildi.

Häzir Energetika ministrliginiň ulgamynda umumy kuwwaty 6511,2 MWt deň bolan döwlet elektrik beketleriniň 12-si, önümçilik elektroulgam birleşikleriň 6-sy, elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça gurluşyk-gurnama kärhanalary hereket edýär.

Bu gün ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamynyň hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekediň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň energetika syýasaty ýakyn on ýyl üçin milli elektroenergetikany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny takyk kesgitledi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda, iri energetika desgalarynyň ýene-de ýedisini gurmak göz öňünde tutulýar.

Täze desgalaryň işe girizilmegi bu pudagyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, elektroenergiýa bolan islegleri ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, 2019 — 2025-nji ýyllarda elektroenergiýany işläp çykarmagyň mukdary 17,4 göterim, eksporty bolsa, 4,5 göterim ýokarlanar.

Geçen ýylyň 9-njy sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, taslama kuwwaty sagatda 70 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik beketleriň ikisiniň düýbüni tutmak hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hereket edýän elektrik bekediň durkuny täzelemek dabaralaryna gatnaşdy.

Täze energiýa toplumlary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda gurulýan desgalary elektroenergiýa bilen ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir.

Bu waka döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolup, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak, nebithimiýa önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan döwrebap düzümi hem-de ylmy işleri talap edýän önümçilikleri döretmek onuň ähmiýetli ugrudyr.

Şeýlelikde, bu ulgamda daşary ýurt maýalaryny çekmek bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, taryhy nukdaýnazardan gysga möhletde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde elektrik beketlerini gurmak, energiýa işläp çykarýan kuwwatlyklary ençeme esse artdyrmak, elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometrini täzelemek we çekmek başartdy.

Bularyň ählisi diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny, hususan-da, goňşy Eýrana we Owganystana ibermek mümkinçiligini ep-esli giňeltmäge ýardam etdi.

Sebitiň döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugry bolup, onda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, iri halkara taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şolaryň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy çekmegiň taslamasydyr. Bu ýurdumyzyň goňşy döwletde diňe durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge däl-de, eýsem, sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ähmiýetli goşandy bolar.

Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan dostlukly owgan halkyna döredijilikli durmuşy ýola goýmakda yzygiderli kömek berip gelýär. Däbe öwrülen döwletara gatnaşyklarda elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasyny ibermek boýunça degişli şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak hakynda gol çeken kararlary munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça goňşy döwletde elektrik üpjünçilik desgalarynyň, şol sanda podstansiýalaryň eýýäm birnäçesi guruldy. 2019-njy ýylda owgan tarapyna ynsanperwer kömegi hökmünde kuwwatly elektroenergetika enjamy — güýjenmesi 220/110/10 kW, kuwwaty 125 MWt bolan transformator iberildi, munuň özi ygtybarly energiýa üpjünçiliginiň bolmagyna ýardam etdi.

Häzirki wagtda Serhetabat — Hyrat — Turgundy hem-de Rabatkaşan — Kalaýnau ugurlary boýunça elektrik energiýasynyň iberilýän möçberini artdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.

2020-nji ýylyň 1-nji fewralynda Mary welaýatynda TAPP-500 Power Transmission Line FZE (Çalik Holding A.Ş. türk kompaniýasynyň golçur kärhanasy) kompaniýasy bilen bilelikde, TOP-nyň türkmen böleginde Mary DES — Hyrat şäheri (OYR) ugry boýunça güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy gurmagyň taslamasyny amala aşyrmaga girişilmegi mynasybetli dabara boldy.

Elektrik geçiriji ulgamyň gurulmagy şol ugruň ähli düzüm desgalaryny energiýa bilen üpjün etmekden başga-da, ony Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna ibermäge mümkinçilik döreder.

Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärli çemeleşmegiň ýokary derejesini görkezýändigini bellemek gerek. Energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.

Gurulýan döwrebap obalary hem-de senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek üçin elektrik energiýasyny öndürmegiň, hususan-da, Günüň we ýeliň energiýasyny peýdalanmak bilen, innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Aşgabatda täze şäheri hem-de Balkan welaýatynda — “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda döwrebap obany gurmagyň çäklerinde Gün we ýel energiýasyny peýdalanmagyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2020-nji ýylyň fewralynda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda “Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş etdi.

Gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli maksatnamany işläp taýýarlamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň iýun aýynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ady agzalan maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem şol Karara laýyklykda, milli strategiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaga halkara guramalary we beýleki düzümleri çekmäge ygtyýar berildi.

2020-nji ýylda gazanylan netijelere gysgaça synyň berilmegi gurluşyk-senagat toplumynda hem-de elektroenergetika ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.Bu pudaklaryň okgunly ösüşi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny hemmetaraplaýyn artdyrmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamynda onuň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň netijelidiginiň we öz wagtynda amala aşyrylmagynyň görkezijisine öwrüldi.

(TDH).

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20167

Ýene degişli makalalar

27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy
Mary welaýatynda gaýtalanýan elektrik kesilmeleri gurbanlyk sadakalarynyň mazasyny gaçyrýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika