Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk

Geçen 2018-nji ýyl ulag we aragatnaşyk düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýyly hökmünde Watanymyzyň ýylýazgysyna girdi. Bu strategiki taýdan möhüm ulgamda geçirilýän işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek baradaky başlangyjy milli ulag strategiýasynyň esasyny düzýär.Bu ýol köp asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçdi.Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki zaman şertlerinde bu yklymara ýol Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň ägirt uly ykdysady kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga hem-de şol ýurtlaryň dünýä ulag ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidir.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen, ulag meselesine degişli Kararnamalar milli Liderimiziň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyna şaýatlyk edýär.Türkmenistanyň 2019 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň Býurosyna saýlanmagy bellärliklidir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary Halkara ekspeditorlar assosiasiýasynyň federasiýasynyň we bilelikde işlemäge hem-de bu ugurda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirýän beýleki abraýly guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.Maý aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap atly halkara maslahat daşary ýurt döwletleriniň we abraýly guramalaryň birnäçesiniň, ulag we logistika ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekillerini birleşdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, häzirki döwürde dünýäniň onlarça döwletiniň, ýüz millionlarça adamlaryň ösüşi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan bu gadymy kerwen ýolunyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere aýratyn ünsi çekdi.

Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýoly belli bir geografik giňişlikleriň arasyndaky ulag ugry bolmak bilen çäklenmeýär.Bu düşünjäniň örän möhüm syýasy, ynsanperwer, dünýägaraýyş manysyna eýe bolýandygyna ynanýaryn.Esasan-da, häzirki döwrüň örän çylşyrymly, kähalatlarda bolsa biziň şaýady bolýan agyr ýagdaýlarymyzyň şertlerinde munuň ähmiýeti ýokarlanýar.

Beýik Ýüpek ýoly Gündogary we Günbatary, Aziýany we Ýewropany, bu yklymlarda ýaşaýan halklary özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynam, özara düşünişmäge we açyklyga ýardam bermek ýörelgelerinde birleşdirer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Forumyň jemleri boýunça degişli Jarnama kabul edildi.Onda duşuşyga gatnaşyjylaryň döwletara we sebitara gatnaşyklaryna täze itergi bermäge, häzirki zaman, ählumumy abadançylygyň we uzak möhletleýin esasda ösüşiň bähbidine laýyk gelýän dünýä ulag ulgamyny döretmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan meýilleri öz beýanyny tapdy.

Synymyzy dowam edip, sentýabr aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna agza ýurtlaryň ýük gatnadyjylarynyň we ekspeditorlarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň her ýylda geçirilýän 9-njy mejlisiniň bolandygyny bellemelidiris.Foruma Hytaýyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň ministrlikleriniň hem-de ugurdaş düzümleriniň toparlary, Aziýa Ösüş bankynyň, Bütindünýä gümrük guramasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, iri logistik kompaniýalarynyň, kärhanalaryň wekilleri, bilermenler we synçylar gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine logistik, gümrük çärelerini işjeňleşdirmek we bahalar babatda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri girizildi.Hususan-da, çykyşlarda Türkmenistanyň durnukly ösüşiň deňeçerligi esasynda ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň täze binýadyny döretmäge goşýan oňyn goşandy bellenildi. Şu babatda, täzeçil logistik düzümi bolan garyşyk ulag ulgamyny kämilleşdirmäge we ony köpugurly esasda ösdürmäge möhüm orun degişlidir.

Türkmenistanyň Hökümeti Aşgabatda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi” atly halkara ministrler maslahatyny gurady.Maslahata dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan, şol sanda Owganystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Bruneý — Darussalamdan, Kambojadan, Hytaýdan, Müsürden, Gruziýadan, Gresiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Iordaniýadan, Keniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Ýaponiýadan, KHDR-den, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Mozambikden, Nepaldan, Filippinlerden, Katardan, Ispaniýadan, Şri-Lankadan, Russiýa Federasiýasyndan, Saud Arabystanyndan, Sudandan, Siriýadan, BAE-den we beýlekilerden ministrler, ýokary wezipeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatda Ýüpek ýolunyň wezipesiniň dürli ugurlary, häzirki döwürde medeniýetleriň ýakynlaşmagyndaky orny, BMG — 2030 Gün tertibinde kesgitlenilen Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyndaky orny içgin seljerildi.Hususan-da, medeni-ynsanperwer meselelerinden başga-da, dürli ýurtlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň häzirki şertlerde gaýtadan dikeldilişi, demir ýollary, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň gurluşygy, deňiz gatnaw ýollarynyň kemala getirilişi, söwda ugurlarynyň ösdürilişi barada gürrüň edildi.

Gadymy ýoluň bilelikdäki mirasy täze many-mazmun bilen baýlaşyp, Ýer ýüzünde parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini kemala getirýär. 2018-nji ýyl milli we halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ulag ulgamynda ýetilen belent sepgitlere beslendi.

Geçen ýylyň fewral aýynda Serhetabat —Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi. Şonuň dabaraly açylyşyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri we Hindistan Respublikasynyň döwlet daşary işler ministri gatnaşdy.

Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny Türkmenistan dolulygyna öz üstüne aldy. Ýurdumyz doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berip gelýär.Täzeden gurlan demir ýoluň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, Turgundy menziliniň geçirijilik ukyby artdy, Owganystanyň haryt dolanyşygynda onuň ähmiýeti ýokarlandy, owgan önümlerini halkara bazarlara çykarmaga, gysga we amatly ýol arkaly ýurda import harytlaryny getirmäge mümkinçilik döredi. 23-nji fewralda serhetýakadaky Serhetabat menzilinden Hyrat welaýatyna (OYR) bäş ýolagçy wagonyny we Türkmenistanda öndürilen nebit önümleri, azyk we senagat harytlary, gurluşyk serişdeleri ýüklenen 50 ýük wagonyny birleşdirýän ilkinji demir ýol düzümi ugradyldy. 2018-nji ýylyň dekabrynda Hyratdan Turgundy menziline awtoulag ýük kerweni geldi, ol owgan daýhanlary tarapyndan ýetişdirilen oba hojalyk önümlerini, şol sanda pagta, künji, kişmiş, garpyz çigitlerini we beýleki önümleri daşaýar. Ýükler Türkmenistanyň çäginden geçip we Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Azerbaýjan Respublikasyna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä (Lapis Lazuli) ýetirildi.

Bu ýükleriň ilkinji gezek daşalmagy örän möhüm ähmiýetli waka hem-de ençeme asyr mundan ozal bolşy ýaly, häzirki döwürde hem Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ýüregi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Noýabr aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda baglaşylan üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň geçirilendigini bellemelidiris.

News Central Asia Trend, Eurasia Net, News Day, Azertage, Hurriyet Daily News, SNG.today, ABC, Anadolu Agency, TNews, Uzbekistan 24, Infopole, Avesta.TJ, ArmInfo we beýlekiler ýaly iri halkara hem-de milli neşirleriň maglumat hem-de seljeriş makalalarynda Lapis Lazuli geçelgesiniň Ýewraziýanyň durnukly ykdysady ösüşine ýetirýän ägirt uly täsiri barada ençeme gezek nygtaldy.

Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Awazada guralan halkara maslahatyň barşyny beýan etmek bilen, Aziýa, esasan-da, Owganystan üçin has möhüm bolan ykdysady wezipeleriň birnäçesiniň oňyn çözülmegi babatynda bu geçelgäniň uly ähmiýetini belleýärler.

Metbugat serişdeleri okyjylaryň ünsüni halkara ulag geçelgeleriniň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşdyrylmagynyň esasy guralyna öwrülendigine çekýär.Bu wajyp meselä bagyşlanan ýokary derejeli forumyň hut Türkmenistanda geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr.Häzirki döwürde ýurdumyzda ulag ulgamyny ösdürmegiň milli strategiýasy bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara polat ýolunyň ulanylmaga berilmegini nazara almak bilen, ýurdumyzyň üstaşyr ýük daşamak babatdaky kuwwatynyň haýran galdyrýandygyny aýtmalydyrys.Bu demir ýol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guruldy.

Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleriniň möhüm bölegine öwrülen bu ýoluň üstaşyr mümkinçilikleri daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çekýär. Şol hyzmatdaşlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy hem bar.

Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaýdyr.HHR-iň dürli senagat merkezlerinden ugradylýan demir ýol düzümleri şol aralygy iki hepdä golaý wagtyň dowamynda geçýär.

Munuň özi deňiz ýoluna garanda, ortaça, iki essä golaý çaltdyr.Yzygiderli demir ýol gatnawlaryny ýola goýmak hem-de bu ulag-üstaşyr taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň her birinde logistikany kadalaşdyrmak maksady bilen, ortaça 40 — 50 konteýnerden ybarat bolan demir ýol düzümleriniň synag gatnawlarynyň birnäçesiniň geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Şol otlular Iuw (Çžeszýan gündogar welaýaty), Çanşa (Hytaýyň gündogar bölegindäki Hunan welaýaty), Inçuan (HHR-iň merkezi bölegindäki awtonom sebiti) şäherlerinden hem-de bu ýurduň demirgazygyndaky Sian we Baýan-Nur şäherlerinden ugrady. 2018-nji ýylyň 9-njy maýynda günebakar çigidiniň 1150 tonnasy ýüklenen nobatdaky demir ýol düzümi Baýan-Nur şäherinden çykyp, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesi boýunça ugrady. 22-nji maýda Hytaýyň konteýner otlusy 13 gije-gündiziň dowamynda 8352 kilometr ýoly geçip, Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherine ýetdi.

Bu deňiz gatnawlaryny ulanmak arkaly geçilen öňki ýol bilen deňeşdirilende 3 esse çaltdyr.Harytlary iberijileriň we ýük daşaýjylaryň isleglerini nazara almak bilen, Türkmenistan boýunça ýük otlularynyň gatnawynyň iki ugry — Gazagystan bilen serhetdäki “Serhetýaka” demir ýol menzilinden Eýran bilen günorta-gündogar serhetdäki Sarahsa çenli ýa-da Akýaýla (Türkmenistan) — Inçeburun (Eýran Yslam Respublikasy) menziline çenli ugurlar göz öňünde tutuldy.

Kada bolşy ýaly, döwrebap polat ýollaryň gurulmagy hem-de menzilleriň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, olar bu ýoly bellenen wagtdan çalt geçýärler.Bereket menziliniň hem durky täzelenildi.Bu ýerde iň öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen lokomotiw deposy ulanylmaga berildi.

Türkmenistan dünýäniň ýurtlarynyň onlarçasynyň üstünlikli ulanýan ygtybarly ulag geçelgesini üpjün etmek bilen, demir ýol pudagyny döwrebap tehnikalar — teplowozlar, has amatly ýolagçy wagonlary, nebit hem-de nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, sementi, mineral dökünleri, galla daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen wagonlar we çelekler bilen üpjün etmäge uly üns berýär.

Munuň özi daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmaga, üstaşyr ýükleriň daşalmagynyň we ýolagçylaryň gatnadylmagynyň çägini giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar.Demir ýol ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň hem-de ýolagçylara edilýän hyzmatlary kämilleşdirmegiň çäklerinde internet saýty döredildi. 2018-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, şol saýtda ýolagçy otlularynyň gatnawynyň tertibi onlaýn ulgamynda elýeterli boldy.

Kompýuter ulgamy arkaly petekleri satmak ýola goýuldy.Häzirki wagtda hyzmatlaryň ýene-de bir görnüşi — petekleri awtomatik terminallar arkaly almak hyzmaty synagdan geçirilýär. Ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda gol çeken Permany esasynda Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredildi.

Senagat, Demir ýol ulaglary hem-de Awtomobil ulaglary ministrlikleri, Aragatnaşyk ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, şeýle hem Türkmenhowaýollary gullugy onuň garamagyna berildi.Olar ministrligiň düzüminde, degişlilikde, Türkmensenagat, Türkmendemirýollary, Türkmenawtoulaglary, Türkmenaragatnaşyk, Türkmendeňizderýaýollary hem-de Türkmenhowaýollary agentlikleri diýlip atlandyrylýar. 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz senagat, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde ýakyn wagtda degişli düzümleri kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk işlerini tamamlamak barada wezipe goýup, olaryň ähli tagallalaryny pudaklary innowasiýalaryň esasynda durnukly ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmaga gönükdirmelidigini aýtdy. Şu toplumda awtomobil ulagynyň ähmiýeti hem barha artýar.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen ulag hyzmatlarynyň möçberi ep-esli artdy.Bu babatda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan hem-de dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alýandygyny bellemelidiris.Iň döwrebap ýollar ulanylmaga berilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar.

Täze Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinden başlanýar we Türkmenbaşy şäherinde tamamlanar.Bu ýoluň gurulmagy logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini giňeltmäge, goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny artdyrmaga, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, daşary ýurtlara iberilýän ýükleriň hem-de üstaşyr geçirilýän harytlaryň mukdaryny kesgitlemäge ýardam edýär.

Awtomobil we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugrudyr.Iran Khodro, PAZ — 32054, Hyundai Universe Luõury, Hyundai New Super Aero City, Yutong, Toyota Hiace kysymly döwrebap awtobuslaryň, Hyundai Elantra we Toyota Corolla taksileriniň uly tapgyry satyn alyndy. Şolar ilatymyza hem-de ýurdumyzyň myhmanlaryna ýokary hilli hyzmat edýär. 12-nji aprelde paýtagtymyzyň Ýyldyz myhmanhanasynda Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk atly maslahat geçirildi.

Duşuşyga ýurdumyzyň awtomobil we demir ýol ulaglary, aragatnaşyk, gurluşyk we binagärlik, maliýe we ykdysadyýet, Döwlet gümrük gullugy ýaly düzümleriniň, Türkmenhowaýollary, Türkmendeňizderýaýollary agentlikleriniň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň, Türkmen logistika assosiasiýasynyň hünärmenleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Maslahata daşary ýurtlardan gatnaşanlaryň hatarynda Koreýa Respublikasynyň esasy ýokary okuw mekdepleriniň we işewür toparlarynyň, şol sanda Inçhon milli uniwersitetiniň ýokary logistika mekdebiniň, Koreýa ulag institutynyň (KOTI), Taewoong Logistics, Pantos Logistics, KJ International, Evergreen Motors, Hyundai Corporation, LG International Corporation, POSCO DAEWOO Corporation, SK Holding, Hyundai Engineering, Pantos Logistics, Urtico Logistics Baku LLC kompaniýalarynyň wekilleri bar.

Maslahatyň çäklerinde ozal dürli derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek barada pikir alşyldy, täze işewür pikirleriň birnäçesi beýan edildi hem-de şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň hem-de deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň talaplaryna laýyk gelýän gatnaşyklaryň netijeli nusgasyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklar tejribesini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.

Awtomobil gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, täze şäheriçi, şäherýakasy hem-de şäherara gatnawlary açylýar.Tomusda, köpçülikleýin dynç alyş möwsüminde şolaryň gatnawlary has-da artdyrylýar.Tutuş ýurdumyz boýunça yzygiderli gatnawlaryň 619-sy amala aşyrylýar. 2018-nji ýylyň başynda täze ugurlaryň 16-sy, şol sanda şäheriçi gatnawlaryň 2-si, şäherýaka ugurlaryň 4-si hem-de şäherara gatnawlaryň 10-sy işe girizildi.

Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynda ýeňil ulaglarda, taksilerde ýolagçylara edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, elektron planşetler ornaşdyryldy, internet arkaly müşderilerden buýurmalary kabul etmek hyzmaty ýola goýuldy.Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ugrunda awtoulag kärhanalarynyň toplumynyň hem-de awtomobil mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar.

Türkmenabat, Daşoguz, Mary, Balkanabat şäherleriniň ýolagçy awtomobil menzillerini gurmak göz öňünde tutulýar.Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegi, ýokary maýa goýum işjeňligi, köp sanly senagat maksatly desgalaryň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektrik energetikasy, dokma we beýleki pudaklarda desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy ýük daşamak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Oktýabr aýynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN halkara maslahaty muny aýdyň subut etdi.Ulag-logistika maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen logistika assosiasiýasy dünýäde agyr ýükleri gatnatmak ugrunda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan Heavy World kompaniýasy bilen bilelikde gurady. Ýurdumyzyň standart däl ýükleri daşamakda ýöriteleşdirilen we GDA, Baltika, Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurdaş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribe toplan Ýük ulag merkezi ulag-ekspeditor kompaniýasy maslahatyň baş ýardamçysy boldy.

Türkmenistanyň, Russiýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Lýuksemburgyň, Polşanyň, Belarusuň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Saud Arabystanynyň, Ukrainanyň, Estoniýanyň we beýleki ýurtlaryň milli we halkara assosiasiýalarynyň, ulag, logistika, ekspeditorçylyk, söwda hem-de konsalting şereketleriniň hem-de kompaniýalarynyň ýüzden gowragynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahat ýurdumyzyň işewürlerine daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny we görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Hazar sebitlerine iri göwrümli we ulagyň dürli görnüşlerinde daşalýan agyr ýükleri äkitmek, şolaryň ýurdumyzyň çäginden Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr ibermek boýunça Türkmenistanyň ulag düzüminiň mümkinçilikleri maslahatyň esasy mowzuklarynyň biri boldy.

Ilkinji gezek geçirilýän forumyň baş maksady ugurdaş edaralaryň, ulag hyzmatlaryna esasy isleg bildirýän nebitgaz, himiýa senagatynyň, senagat pudaklarynyň, ýük gatnawlaryny amala aşyrýan hususy düzümleriň arasynda işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan ybarat boldy.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň gurulmagy ýurdumyzyň ulag toplumynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi häzirki zaman ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrülmek bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda ykdysady, söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, yklymda Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Portda gämi gurluşygy we gämi abatlaýyş zawodynyň açylmagy milli deňiz portunyň ösüşini çalt depginde kemala getirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.Balkan gämi gurluşygy kärhanasynda Magtymguly, Türkmenistan, Bitarap ýaly birnäçe gämileri abatlamak işleri alnyp barylýar.

Geljekde bu ýerde daşary ýurtlaryň gämilerini abatlamak hem meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu ýerde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin gezelenç we sport gämilerini, balyk awlaýan hem-de beýleki maksatly gämileri gurmak bellenildi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýolagçy we gämi terminallary ýylda 300 müň ýolagçyny hem-de 75 müň ýük gämilerini kabul etmäge ukyplydyr.Konteýner terminalynyň ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU-a (şertli birlik) barabardyr. Şeýle hem ol umumy ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birbada üç gämini kabul etmäge we ýüküni düşürmäge niýetlenendir.

Terminal ýylda 4 million tonna ýüki özleşdirmäge ukyplydyr.Bu ýerde gurluşyk serişdeleri, dürli görnüşli demirler, agaçlar, tehnikalar, enjamlar we beýlekiler kabul edilýär.Bu terminala birbada umumy 5 müň tonna ýük göterijiligi bolan 4 gämi gelip bilýär.

Terminalyň bir ýylda gury ýükleriň 3 million tonnasyny kabul etmäge mümkinçiligi bar.Onuň duralgasy umumy ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan üç gämini ýüklemäge we ýüküni düşürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem polipropilen saklamaga we ugratmaga niýetlenen terminal bir ýylda 120 müň tonna ýüki kabul edip bilýär.

Halkara üstaşyr geçelgeleri üçin amatly ugurlar döredilende, ýurduň baý serişde binýadyny göz öňünde tutmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Ýurdumyzyň iri senagat merkezleri bolan welaýatlary öz içine alýan hem-de ýerüsti, howa hem-de suw ugurlarynyň herekete girizilmegini nazarlaýan multimodal logistik ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen has amatly ugurlar ýükleriň tiz wagtda eltilmegine, ýük dolanyşygynyň dolandyrylyşyny gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriniň möhüm bölegi bolup durýar.

Içerki hem-de halkara ugurlarda ýolagçy gatnatmakda we ýük daşamakda howa ýollaryna wajyp orun degişlidir.Döwlet Baştutanymyz bu pudagy döwrebaplaşdyrmak meselelerine, şol sanda nawigasiýa düzüminiň ösüşine we ýolagçylara hyzmat etmek ulgamyna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär.

Aşgabadyň Halkara howa menziliniň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede gurulmagy munuň subutnamasydyr.Ol Türkmenistanyň esasy howa geçelgesi bolmak bilen, yklymüsti we yklymara ugurlaryň iri üstaşyr geçelgesidir. 2018-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň merkezinde täze howa menzili açyldy.

Türkmenabadyň Halkara howa menzili ulag gatnawlarynyň möhüm çatryklarynyň biri bolmak bilen, ýurtlaryň arasyndaky dostluk we parahatçylyk gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat edýär.Ol Aziýa bilen Ýewropany baglanyşdyrýan halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler. Ýerli gurluşykçylaryň bina eden howa menzili sagatda 500 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr.

Onda howa gatnawlarynyň howpsuz, ygtybarly we netijeli ugurlary üpjün edildi.Bu ýerde ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň halkara we ýerli howa gatnawlary ulgamyna goşulmagy, ýolagçy gatnatmagyň hem-de ýük daşamagyň mukdaryny artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredildi.

Täze howa menziliniň eýeleýän meýdany 600 gektardan gowrakdyr.Giň ýolagçy terminalynda garaşýan adamlary, gysga wagtda bellige almak we ýolagçylary uçarlara mündürmek üçin amatly şertler döredildi.Teleskopik merdiwanlar, maglumat tablolary, halkara we şäherara aragatnaşyk bölümleri, saklaw ammarlary ýolagçylaryň hyzmatynda. Şeýle hem bu ýerde oňaýly çaýhanalar, garbanyşhanalar, söwda dükanlary hereket edýär.

Mundan başga-da, howa menzilinde ÑIP zaly, Duty free dükany, Internet-kafe we beýleki hyzmatlar bar.Täze terminal özüniň inženerçilik-tehniki we gurnama aýratynlyklary bilen ýurdumyzyň ýokary tehnologiýaly howa menzilleriniň biri bolup durýar.

Howa gämileriniň ýerüsti hereketini, ýolagçylara hyzmat gullugyny, ýükleri ýokary halkara ülňülere laýyk derejede özleşdirmek, ähli hyzmatlar ulgamyny guramak we dolandyrmak ulgamynda howpsuzlyk hem-de bellenen möhlet bilen baglanyşykly meseleleriň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşilýär.

Munuň özi howa menziliniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar.Binada 9 eskalator we 19 lift hereket edýär.Türkmenabadyň howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 3 müň 800 metre, ini bolsa 60 metre barabardyr.

Ol gonuş ulgamynyň, uzak aralykdaky radiomaýak, yşyk signallary we meteorologiýa enjamlarynyň häzirki zaman ýerüsti serişdeleri bilen üpjün edildi.Bu bolsa ähli görnüşli uçarlara, şol sanda aerobuslara hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Howa menzili dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň täze enjamlary we tehnikalary bilen üpjün edildi.Howa hereketlerini dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan merkezi diňe bir gatnaw edýän uçarlara däl, eýsem, Türkmenistanyň gündogar sebitiniň howa giňişliginden üstaşyr geçýän uçarlara yzygiderli gözegçiligi üpjün edýär.

Merkezleşdirilen ýangyç guýujy ulgam uçarlara tiz we ýokary hil derejesinde hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ýerüsti düzümde goşmaça ýollar we duralgalar, uçarlar, perronlar, howa hereketini dolandyryş gullugynyň diňleri, dispetçer badalga bölümleri we beýleki desgalar guruldy.

Bu ýerde IKAO-nyň ikinji derejesi boýunça gonuş ulgamy hereket edýär.Gelip düşýän we ugradylýan ýükleri özleşdirýän terminal awtomatlaşdyrylan ulgam bilen üpjün edildi.Onlarça tehnologik taýdan enjamlaşdyrylan kömekçi desgalar hem-de beýleki binýatlar esasy gulluklar bilen bir hatarda, tutuş howa menzilinde anyk hereketi we ýokary hilli hyzmaty üpjün edýär.

Halkara howa menziliniň çäginde lukmançylyk merkezi, naharhana, 100 orunlyk myhmanhana, ýapyk awtoduralga bar.Howa menziline gelýän inženerçilik we ulag-aragatnaşyk ugruna degişli zerur ulgamlar çekildi.Toplumyň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň tejribeleriniň utgaşdyrylmagynda döredijilikli garaýyşlaryň giňden ulanylandygyny bellemeli.

Howa menziliniň girelgesiniň öňündäki meýdançada haly gölüniň şekilinde suw çüwdürimi guruldy.Umumy meýdany 37 müň inedördül metr bolan ýolagçy terminalynyň binasy ýokardan Oguz hanyň ýyldyzynyň şekilini aňladýar.Hut şu çözgüt Türkmenabadyň howa menziliniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awiagatnawlar babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek boýunça Türkmenhowaýollary agentliginiň işgärleriniň öňünde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmek arkaly, Türkmenistan gyssagly we ygtybarly üstaşyr geçelgelerini üpjün edýär hem-de halkara ölçeglerine doly kybap gelýän ulag hyzmatlarynyň ýokary derejesini ýola goýýar.

Häzirki döwürde diňe bir paýtagtymyzdaky howa menzili däl, ýurdumyzyň sebitlerindäki howa menzilleri-de dürli görnüşli we dürli ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul etmäge ukyplydyr. 1-nji sentýabrda Marynyň Halkara howa menzilinde An-225 Mriýa (Antonow, Ukraina awiaulag bölümi) uçary ýangyç guýmak maksady bilen, tehniki gonuşy amala aşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, bu reaktiw uçar O.Antonow adyndaky konstruktorçylyk býurosynda taýýarlanyp, dünýäde iň agyr ýük uçarlarynyň biridir.Ol birnäçe dünýä rekordlaryny, şol sanda 253,8 tonna ýük göterijiligi bilen absolýut rekordy goýdy. Şeýlelikde, häzirki döwürde Bitarap Watanymyz Ýewraziýa yklymynyň iri ulag-logistik merkezi hökmündäki derejesini has ynamly berkidýär Munuň özi ýurduň çäk taýdan amatly ýerleşmeginiň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesidir. Ýük uçarlarynyň tehniki gonuşy amala aşyrmagy hem-de olara ýangyç guýmak we degişli hyzmaty ýerine ýetirmek boýunça Türkmenbaşynyň Halkara howa menzili bilen ylalaşyk baglaşýan daşary ýurt awiakompaniýalarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Şolaryň hatarynda Lýuksemburgda binýady bolan Ñargoluõ Airlines International S.A., Slowakiýanyň Air Ñargo Global, Amerikanyň Air Trans Ñargo, BAE-niň Jeteõ Flight Support, Russiýanyň Wolga-Dnepr, Awion Aero, Awiakon Sitotrans kompaniýalary we beýlekiler bar.

Döwletimiziň halkara ulgamyna goşulyşmagynda aragatnaşyk pudagyna möhüm orun degişlidir.Bu pudagy döwrebaplaşdyrmakda täze hil derejesine aýratyn ähmiýet berilýär.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, internet ulgamynyň ählumumy elýeterliligi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir edýär.

Bütindünýä ulgamyň netijesinde islendik maglumaty almaga mümkinçilik döredi.Bu bolsa halkymyzyň gündelik durmuşynda we işinde aýratyn ähmiýetlidir.Maglumatlaryň netijeli peýdalanylmagy dünýäde bolup geçýän wakalara çuňňur düşünmäge we şolaryň has oýlanyşykly çözgüdini kabul etmäge şert döredýär.

Mundan başga-da, önümçilikde enjamlaryň ählumumy ulgamyna goşulyşmagyň hasabyna ähli işlere, dolandyryşa we abatlaýşa awtomatlaşdyrylan gözegçilik ýola goýuldy.Bu bolsa adam zähmetini ýeňilleşdirýär.Soňky üç ýylyň dowamynda ýurdumyzda 400-den gowrak sanly telefon bekedi oturdyldy. Şolaryň köpüsi oba ýerlerinde we has uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerde ulanmak üçin niýetlenendir.

Olaryň umumy döwlet ulgamyna goşulmagy üçin TürkmenÄlem 52oE ilkinji milli emeli hemranyň aragatnaşygy ulanylýar.Telekommunikasiýa hyzmatlaryny peýdalanýanlara ony ýokary derejede gönükdirmek, maglumat geçirijilik tizligi ýokarlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda we ähli welaýatlarda optiki-süýümli kabelleri çekmek göz öňünde tutuldy.

Bu taslama pudagara maglumat alşygyny gowulandyrmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berdi.Ilatyň Altyn Asyr milli operatora bolan isleglerini nazara alyp, ykjam aragatnaşyk ulgamyny doly we hemmetaraplaýyn üpjün etmekde aragatnaşygyň 3G, 4G ýaly görnüşleri üpjün edilýär. Ýakyn geljekde aragatnaşygyň 5G ulgamyna geçmek meýilleşdirilýär.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen ýurdumyzda aragatnaşyk üpjünçiligi 100 göterim ýola goýlar.Beýleki bir taslama simli telefon aragatnaşygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.Bu babatda, diňe bir sanly telefon beketleri däl, eýsem, onuň iň häzirki zaman NGN (Neõt Generation Network) görnüşini ulanmak göz öňünde tutulýar.

Bir telefon nokadyndan IP-telewideniýä we internet ulgamyna aragatnaşyk geçiriler.Bu maglumat bukjalar arkaly geçirilýär we seljerilýär.Gürrüň, maglumatlar we wideo görnüşler geçirijilik ukybyna baglylykda, islendik görnüşde berlip bilner. Şeýle hem internet-banking we ykjam-banking hyzmatlary işjeň özleşdirilýär. Şolaryň kömegi arkaly ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, onuň daşynda hem nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak bolýar.

Ol haryt-pul dolanyşygyny ýeňilleşdirýär we olaryň howpsuzlygyny üpjün edýär.Häzirki zaman dünýä meýillerini nazara alyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň okuw mekdepleriniň bütindünýä internet ulgamyna elýeterliligini giňeltmek boýunça wezipeleri öňde goýýar.

Olaryň kompýuterler, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilmegi sapaklary okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ulanmak arkaly geçirmäge, olaryň internete girelgesi bolsa okuw sapaklaryny guramak üçin giň mümkinçilikleri peýdalanmaga, halkara standartlarynyň talaplaryna laýyklykda hünärmenleri taýýarlamaga şert döredýär.

Ulgam düzümine birikdirilen sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertidir.Ol halk hojalygy toplumynyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň netijeli guralydyr. Şunuň bilen baglylykda, maglumat bazaryny emele getirmek Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Onuň sazlaşykly hereketi beýleki pudaklaryň ösüşine we umumy makroykdysady ýagdaýlara oňyn täsir edýär. 2018-nji ýylyň maýynda Türkmenistana Russiýa Today halkara teleýaýlymynyň topary geldi.Bu iş sapary türkmen kärdeşleri bilen maglumat alyşmagyň we hyzmatdaşlyk hakyndaky resmi taslamany işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirildi.

Russiýaly žurnalistleriň pikirine görä, munuň üçin häzirki döwürde ägirt uly mümkinçilikler bar. Şunuň ýaly iri habar beriş serişdesiniň tejribesi Türkmenistan üçin ähmiýetli bolup biler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maglumat syýasatynyň ählumumy maglumat ulgamyna işjeň goşulyşmagyny esasy ugur hasaplaýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde iň täze media tehnologiýany öwrenmek we özleşdirmek, milli maglumat ulgamyny halkara bazaryna ugrukdyrmak, ýurdumyzyň mynasyp keşbini döretmek we tutuş dünýäde ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri wagyz etmek, halklaryň bähbidine, döwletleriň hem-de sebitleriň durnukly hem-de howpsuz ösüşine gönükdirilen başlangyçlarymyzy dünýä okyjylaryna we tomaşaçylaryna ýetirmek babatda anyk wezipeleri goýýar.

Oktýabr aýynyň birinji ýarymynda Aşgabatda Aragatnaşyk ulgamy boýunça sebitleýin arkalaşygyň aragatnaşyk edaralarynyň baştutanlarynyň Geňeşiniň bilelikdäki 53-nji mejlisi we sebitleýin arkalaşygyň ýanyndaky maglumatlaşdyrmak boýunça GDA gatnaşyjy döwletleriň Utgaşdyryjy geňeşiniň 24-nji mejlisi boldy.

Türkmenistan Türkmenaragatnaşyk agentligi arkaly Aragatnaşyk boýunça sebitleýin arkalaşygyň doly hukukly agzasy bolup durýar.Bu gurama elektrik we poçta gatnaşyklary babatda sebitleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazar giňişliginiň umumylaşdyrylmagy we maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagy esasy strategik serişde hökmünde maglumat ulgamynyň peýdalanylmagyna esaslanýandygyny belleýär.

Häzirki döwürde sebitleýin arkalaşyk elektrik we poçta aragatnaşyk ulgamynda GDA-nyň döwletara utgaşdyryjy edarasynyň işi arkaly halkara gurama bolup durýar. Şeýle hem ol elektrik aragatnaşygynyň Halkara birleşiginde we Bütindünýä poçta birleşiginde synçynyň derejesini eýeleýär hem-de halkara sebitara guramalary bilen işjeň aragatnaşyk saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Aragatnaşyk guramasynyň sebitleýin arkalaşygyna agza ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy berkidýär. Şeýle hem 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Bu gurama Aziýanyň we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň 69-syndan 280 ýaýlyma beriş guramany, şol sanda Türkmenistany öz içine alýar.Munuň özi ýurdumyzyň mediaulgamynyň giňişligini giňeltmekde nobatdaky ädime öwrüldi.

Ol daşary ýurtlaryň öňdebaryjy habar beriş serişdeleriniň maglumat-syn serişdelerini we beýleki täzeliklerini ýurdumyza ýaýratmaga mümkinçilik döredýär.Beýleki bir tarapdan bolsa, munuň özi tejribe alyşmak, öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň teleýaýlymlarynyň internet giňişligini we ulgamlaýyn kommunikasiýa serişdelerini özleşdirmegi babatda tejribe alyşmak üçin giň mümkinçilikler açýar. Ýurdumyzda aragatnaşygyň hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga uly üns berilýär.

Dürli görnüşdäki maksatnamalaýyn serişdeleri döretmek we şolara goldaw bermek babatda ýaş hünärmenleriň sanyny artdyrmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler geçirilýär.Oktýabr aýynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmentel — 2018 telekommunikasiýa, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we teleradioýaýlymlaryň enjamlarynyň ÕI halkara sergisiniň çäklerinde Aragatnaşyk ministrligi halk hojalygynyň dürli pudaklarynda täzeçil programma üpjünçiligini döretmek, şolary görkezmek we ornaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Pudagyň ösüşinde Türkmenpoçta kompaniýasynyň poçta aragatnaşygyna möhüm orun degişlidir.Häzirki döwürde ýurdumyzda bu gullugyň şahamçalarynyň 150-ä golaýy hereket edýär.Olar hatlary we beýleki serişdeleri bökdençsiz ýetirmek işlerini alyp barýarlar.

Oktýabr aýynda Türkmenpoçta edarasyna ýeňil we ýük ulaglarynyň, mikroawtobuslaryň BMW, Leõus, Toyota, Nissan, Mitsubishi ýaly ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply ulaglaryň 55-si gelip gowuşdy.Täze ulaglar ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna ugradylar.

Bu bolsa hereket edýän poçta ulgamynyň binýadyny berkitmekde, serişdeleriň bökdençsiz eltilmegini üpjün etmekde ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmakda ähmiýetlidir.Ugradylýan serişdeleriň artýandygyny nazara alyp, Türkmenpoçta kompaniýasy müşderiler bilen aragatnaşygyň täze görnüşlerini ösdürýär.

Häzirki döwürde bu gullukda diňe bir hatlary we beýleki serişdeleri, döwürleýin neşir önümlerini eltmek däl, eýsem, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri kabul etmek, Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň islendik döwletine degişli ýükleri ugratmak gulluklary hereket edýär.

Ekspress — eltmek hyzmatlaryny girizmek hem meýilleşdirilýär.Ol kompaniýanyň şahamçalaryna ýüz tutmazdan, Türkmenistanyň islendik künjegine serişde ugratmaga mümkinçilik berer.Synymyzy jemlemek bilen, 2018-nji ýylda ulag we aragatnaşyk ulgamyna degişli möhüm wakalara bagyşlanan makalada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen we ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda täze gazanylan üstünlikleri beýan etmegi maksat edinendigimizi aýtmalydyrys.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we halkara abraýynyň belende galmagyna hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Täze gämi gatnawy Türkiýäni Merkezi Aziýa bilen birikdirer
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara...
Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirlen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary