Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykda, ýurdumyzda senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilýär, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy ugrunda düýpli çäreler durmuşa geçirilýär.
Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti kemala getirmek ýurdumyzy durnukly ösdürmegiň, ony dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmagyň ygtybarly ýoludyr. Şunda baý ýerli serişdeleriň esasynda innowasion önümçiligi döretmek üçin düýpli maýa goýumlarynyň goýulmagy, hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy netijesinde, halkara bazarlara çykmaga giň mümkinçilik alan senagat toplumynyň gaýtadan işleýän pudaklaryna strategik orun berilýär.
Milli Liderimiziň başlangyçlary esasynda diwersifikasiýa ýoluna düşen ýurdumyzda senagat ulgamyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, elektron senagatyny döretmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan syýasatyň ileri tutulýan ugry ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak, işewürlik ulgamyny gowulandyrmak we göni daşary ýurt maýalaryny çekmek meseleleri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurtdan getirilýän harytlaryň deregine we eksporta niýetlenen ýokary hilli harytlaryň önümçiligini artdyrmak boýunça milli ykdysadyýetiň hususy böleginiň orny ýokarlanýar.
Döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalaryň gurulmagy we ulanylmaga berilmegi türkmenistanlylary köp isleg bildirilýän senagat önümleri bilen üpjün etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Ýurdumyzyň himiýa we dokma senagaty, gurluşyk serişdeleri önümçiligi hem-de senagatyň çig mala bagly gaýtadan işleýän ulgamlary toplumlaýyn we innowasion esasda döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly önümçilik düzümlerini döretmek, baý tebigy serişdelerimiziň binýadynda dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrundaky wezipeler üstünlikli çözülýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda bolan Ministrler Kabinetiniň jemleýji mejlisinde belleýşi ýaly, ýurdumyz agrar ülkeden senagat taýdan ösen ýurda öwrüldi.Munuň şeýle bolmagyna geçen ýylda bolup geçen köp wakalar ýardam etdi. Şu pudaklaýyn synymyzda gürrüň şolar barada bolar.
Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde tutuş Türkmenistanda ýaýbaňlanan giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan barha artýan talaby güýçlendirdi hem-de ýurdumyzyň çig mallarynyň esasynda şolary öndürmegiň ösüşine ýokary depgin berdi.
Häzirki wagtda bu ulgam dünýä ylmynyň we tejribesiniň iň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan türkmen ykdysadyýetini senagat taýdan ösdürmegiň esasy ugrudyr.Häzirki zaman ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň işe girizilmegi hil babatda halkara ölçeglerine kybap gelýän bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegine niýetlenendir.
Tutuşlygyna alnanda, bu ulgamdaky ministrlikler we pudaklaýyn edaralary tarapyndan 2018-nji ýylda hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek boýunça meýilnama 108,7 göterim ýerine ýetirildi, şunda ösüş depgini 117,7 göterimine barabar boldy.
Senagat ulgamynda demirbeton gurnamalaryny öndürmegiň ösüş depgini 101,8 göterim, keramzit öndürilişi 100,1 göterime deň boldy, aýna öndürmegiň maksatnamasy 122,5 göterim ýerine ýetirildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp ulgamly milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de innowasion esasda, şol sanda sebitleri senagat taýdan ösdürmek boýunça öňde uly wezipeleri goýdy. 14-nji fewralda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda sebitde deňi-taýy bolmadyk iň häzirki zaman “Türkmen aýna önümleri” Döwlet kärhanasynyň dabaraly açylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Aýna önümçiliginiň binýadynda bu ýerde termopolirlenen dury we reňkli aýnalary taplanan görnüşde öndürýän häzirki zaman float tehnologiýasy goýuldy.Täze usul aýnany ýylmamak üçin ozalky ulanylýan usulyň zerurlygyny aradan aýyrýar.
Munuň özi aýna önümçiliginde hem-de şonuň esasynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk senagatynda we lukmançylykda ulanylýan aýna gaplarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge şert döredýän artykmaçlykdyr.Senagat toplumynda biri-biri bilen baglanyşykly tehnologik ulgam bolup, çäge kwarsynyň esasynda çig mal taýýarlamak boýunça bölümden, dürli ölçegdäki hem-de dürli galyňlykdaky ýalpyldawuk aýnalaryň önümçiligi boýunça bölümden, aýnany ýakyp taplaýan bölümden we gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümler bölümlerinden ybaratdyr. 2015-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen bu taslama Türkiýäniň Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyş dabarasy bolan bu täze toplumyň eýeleýän meýdany 24 gektara barabar bolup, onda önümçilik bölümlerinden başga-da, edara binasy, ýaşaýyş jaýlary, umumyýaşaýyş jaýlary, çagalar we sport meýdançasy, şeýle hem inženerçilik-tehniki düzümler bar.
Täze senagat toplumynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň tehnologiýa enjamlary oturdyldy.Degişli hünärmenler taýýarlanyldy.Döwrebap toplum dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň 300 müň, aýna paketleriniň bolsa 400 müň inedördül metrini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Kärhananyň açylýan gününe çenli dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 15 görnüşini çykarmak ýola goýuldy.Bu önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara eksporta iberilýär.Desganyň işe girizilmegi mynasybetli bolan dabarada eden çykyşynda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän bu kärhanada 833 adam zähmet çeker we ol ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze kärhananyň Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirýändigini aýtdy.Aýnany senagat taýdan işlemek maksady bilen, kärhanada Finlýandiýanyň Glastone kysymly enjamy oturdyldy.
Bu pejiň önümçilik kuwwaty ýylda 300 müň inedördül metr taplanan aýna barabardyr.Onuň berkligi adaty aýnalardan 5 esse ýokarydyr.Bu aýnalar howpsuz bolup, gurluşyk pudagynda, awtomobil, durmuş tehnikalary we mebel önümçiliginde ulanylýar.
Germaniýanyň Buhler we Awstriýanyň Lises kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen enjamlarynyň kömegi arkaly taplanan aýnalar reňklenilýär we laminirlenilýär. Şolardan birnäçe ses peseldiji we energiýa tygşytlaýjy dürli görnüşli aýnalar öndürilýär.Kärhana önümçilik çig maly baýlaşdyrmak, reňklenen aýnalary, aýna gaplaryny taýýarlamak we aýnany senagat taýdan gaýtadan işlemek ýaly bölümlerden ybaratdyr. Önümçilik ulgamynyň ähli düzümlerine awtomatik usulda gözegçilik amala aşyrylýar we halkara ölçeglere laýyk derejede tehnologiýa taýdan dolandyrylýar, bu kadalaryň berjaý edilmegi önümleriň islendik görnüşleriniň önümçiliginde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üýtgewsiz talaplary bolup durýar.
Serişdeleri taýýarlamakdan başlap, taýýar önümlere çenli ähli pursatlarda talap edilýän hil derejesiniň hem-de olaryň görkezijileriniň gözegçiligini ýola goýýan barlaghana ýokary tehnologiýaly enjamlar we gurallar bilen üpjün edildi.Türkmen aýna önümleri kärhanasynyň ulanmaga berilmegi degişli önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän mukdaryny has azaltmaga we geljekde daşary ýurtly sarp edijiler üçin aýna önümleriniň dürli görnüşleriniň eksportuny ýola goýmaga mümkinçilik berýär.
Kuwwatly aýna önümçiliginiň ýola goýulmagy bu ulgamyň önümleriniň bazarlarynyň geljekde has-da artmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.Geçen ýylda ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy netijesinde, ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasynyň gurluşygy alnyp baryldy.
Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň doly güýjünde işe girizilen düýpli we dürli ugurly kuwwatlyklara eýedigini görkezdi.Diýarymyzda gurluşyk serişdeleri senagatynda sement öndürmek ileri tutulýan ugurdyr. Ýurdumyzyň zawodlarynda sementiň iň islegli görnüşi — berkligi ýokary portlandsement öndürilýär, ol seýsmiki zolaklarda köpgatly binalary we beýleki desgalary gurmakda ulanylýar.
Mundan başga-da, nebitgaz senagaty üçin tamponaž sementiniň hem-de binýatlaryň, köprüleriň we beýleki gidrotehniki desgalaryň diregleriniň gurluşygynda ulanylýan sulfat durnukly sementiň öndürilişi ýola goýuldy.Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerli çig malyň — iň inçe bazalt süýüminiň we şondan taýýarlanylýan ýylylyk geçirmeýän we kompozit gurluşyk serişdeleri esasynda ýurdumyz üçin täze önümleriň önümçiligini döretmek boýunça öňde goýan wezipesi çözülýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem gurluşyk serişdeleri senagatynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýarlar.Ýurdumyzda gurluşyk serişdelerini, matalary we halylary, himiki serişdeleri, metaldan ýasalan önümleri, mebelleri, faýansy, aýna önümlerini içerki hem-de daşarky bazarlarda islegli polietilen we plastik önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen hususy kärhanalaryň 600-e golaýy hereket edýär. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynda ýylda 20 müň kub metr agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürýän (DSP) zawodynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara boldy.
Meýdany 3 müň 500 inedördil metr bolan täze desga ýeňillikli karz bank serişdeleriniň hasabyna Agaýana hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy.Toplumyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik, ýylmaýjy hem-de daşyny örtüji we barlaghana bölümleri amatly ýerleşdirilipdir.
Bu ýerde ini 1 metr 83 santimetr, uzynlygy 2 metr 75 santimetr we galyňlygy 8-den 24 millimetre çenli dykyzlandyrylan agaç gyryndylarynyň çykarylmagy ýola goýuldy. Şolar mebelleri, gapylary ýasamak üçin gurluşykda we beýleki ugurlarda ulanylýar.
Zawod Hytaýyň, Türkiýäniň, Eýranyň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyryldy.Bu ýerde çig mal hökmünde agaç bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gowaça gozasy ulanylýar, gowaça gozasy ýygym tamamlanandan soň şertnama esasynda ilatdan we hojalyklardan satyn alynýar.
Awgustda paýtagtymyzda geçirilen Türkmengurluşyk — 2018 atly halkara sergi gurluşyk serişdeleri senagaty ulgamynda gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezdi.Oňa dünýäniň 14 döwletinden — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan kompaniýalaryň 130-dan gowragy gatnaşdylar.
Sergide ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda işleýän hususy bölümiň alyp barýan işleri giňden görkezildi, Nusaý ýollary, Altyn Nesil, Aktab, Ajaýyp gurluşyk, Beýik Bina we beýleki köp sanly kompaniýalar iri taslamalary durmuşa geçirdi.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy telekeçileri halkara ölçeglere kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşleriniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň arasynda ýerli çig maldan öndürilýän hem-de bu harydyň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşleriniň ornuny tutmaga gönükdirilen aýna mozaikasy binalary bezemekde köp ulanylýar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berilýän ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbinde mozaika pannolaryny ulanmagyň şowly mysallaryny görkezmek bolýar, şolar paýtagtymyzyň ýaşaýyş we dolandyryş binalar toplumynda sazlaşykly utgaşýar. Çeper çözgüdi boýunça dürli amaly-haşam serişdeleri milli öwüşgin hem-de döredijilik däpleri birleşdirýär.
Aýna mozaikasynyň önümçiligi türkmen gurluşykçylaryna bezeg serişdeleriniň bu görnüşiniň daşary ýurtlardan getirilýän böleginden doly el çekmäge mümkinçilik berer.Sergide örtülýän daşy, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdelerini, metal gurnamalary, keramiki kerpiç, armatur, metal profilleri, plastmas we aýna süýümli turbalar görkezildi.
Olaryň önümçiligi ýurdumyzda ýyl-ýyldan artýar.Döwletimiziň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzitiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.Balkan welaýatyndaky Ýagman ýatagyndan alynýan argillit onuň üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Şeýle hem görkezilýän önümleriň hatarynda öňdebaryjy daşary ýurt gurluşyk kompaniýalarynyň, innowasion gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini, ýörite tehnikalary öndürýän Poyatos, Bouygues, Rönesans, Hebei Weizhengheng Modular House Teсhnology, Gap Inşaat, Tikkurila, Hofmann GmbH we beýleki kompaniýalaryň önümleri bar.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halk hojalyk toplumyny giň gerimli senagatlaşdyrmaga alan ugruny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykda geçen ýyl himiýa senagaty ösüşinde kuwwatly itergä eýe boldy.Bu ulgamda bar bolan uly kuwwatlyklar ägirt uly tebigy serişdelerimize, ýokary tehnologiýaly düzümleri döretmäge bolan mümkinçiliklerimize esaslanýar. 2018-nji ýylda Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmegiň ösüş depgini 108,5 göterim derejesinde üpjün edildi, ýod we tehniki uglerody öndürmegiň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi, degişlilikde, 112,1 we 101,3 göterime barabar boldy. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň barha ösýän islegini doly kanagatlandyrmak we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak üçin dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň depginli artdyrylmagy ulgamy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Tebigy baýlyklar, uglewodorod hem-de kükürtliwodorod çig mallarynyň ägirt uly gorlary, şolary gaýtadan işlemek we taýýar önüm görnüşinde işläp çykarmak boýunça ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar önümleriň görnüşlerini düýpli artdyrmaga hem-de mineral önümçiligiň, şol sanda döküniň dürli görnüşleriniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berdi. 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümleriniň üstüni ýetiren Garabogazkarbamid zawodynyň açylyş dabarasy boldy.
Karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça iň häzirki zaman toplumyny bina etmek boýunça iri maýa goýum taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi çaltlandyrylan depginde diwersifikasiýalaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň, gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň ýolunda milli Liderimiziň döwlet strategiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy.
Tebigy gazyň çykarylýan künjeginiň golaýynda, ýurdumyzyň günbatar sebitinde bu zawodyň ulanmaga berilmegi ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Garabogazköl türkmen aýlagy senagat möçberinde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly minerallaryň tebigy şertlerde emele gelmeginiň Ýer ýüzünde seýrek gabat gelýän künjekleriniň biridir.
Aýlagyň kenarynda karbamid zawodynyň gurulmagy sulfat senagaty üçin ygtybarly çig mal binýady bolup hyzmat eder, bu aýlagyň altyn düýbi bar diýip hasap edilýär.Bu taslama ýurdumyzyň mineral senagatynyň köppudakly görnüşiniň kemala gelmeginde nobatdaky ädimdir.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bu sebitde iň iri maýa bu goýum taslamasy daşary ýurt hyzmatdaşlary — Mitsubishi Corporation (Ýaponiýa) we Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş (Türkiýe) kompaniýalary tarapyndan amala aşyryldy.
Häzirki zaman kärhanasynda iň täze dünýä tehnologiýalary ulanyldy.Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasynyň işläp taýýarlan tehnologiýalary her gije-gündizde 2 müň tonna, ýylda 660 müň tonna ammiagy öndürmäge mümkinçilik berýär, ol garyşdyrylan gaty azot önümi — karbamid önümçiliginde esasy çig mal hökmünde peýdalanylýar.
Bu ýerde bir gije-gündizde 3 müň 500 tonna, ýylda bolsa, 1 million 155 müň tonna karbamid dökünleri öndüriler, olary deňiz ýollary bilen eksport etmek göz öňünde tutulýar.Bu maksatlar bilen Garabogaz şäherindäki deňiz portunyň durky doly täzelenildi, ol karbamidi daşary ýurtlara ibermekde möhüm deňiz menzilidir.
Bu senagat desgasynyň doly kuwwatyna çykarylmagy bilen, ýurdumyzda karbamid önümçiliginiň möçberleri 2 million tonnadan gowrak möçbere ýetiriler. Önümi zawoddan gämi duralgasyna daşamak üçin uzynlygy 3 kilometre barabar bolan konweýer ulgamy gurnaldy. Öndürilen önümi deňiz-derýa ýollarynyň üsti bilen eksport etmek üçin Garabogaz şäherindäki köne gämi duralgasynyň durky täzelendi.
Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan bu gämi duralgasy bir wagtda iki gämä hyzmat etmek mümkinçiligine eýedir.Duralga konweýer arkaly getirilen karbamidi gämä ýüklemek üçin Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolan FAM kompaniýasynyň enjamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Bu ýerde ýük göterijiligi 80 tonna bolan Liebherr kompaniýasynyň önümi bolan iki sany göteriji oturdylandyr.Toplumyň önümçilik shemasyna arassalanan tebigy gazdan çig maly — suwuklandyrylan ammiagy we ondan karbamidi işläp çykarmak boýunça desgalar yzygiderli goşuldy.
Karbamidi senagat usuly bilen almak 200 gradusa golaý temperaturada hem-de 200 atmosfera we şondan hem ýokary basyşda ammiagyň uglerodyň dioksidi bilen täsiri boýunça emele gelmegine esaslanandyr.Karbamidi öndürmegiň bäsleşige ukyplylygynyň köp babatda ammiak önümçiligiň işiniň netijeliligine baglydygyny nazara alanyňda, bu iki möhüm tehnologik işler bir toplumda alnyp barylýar, bu bolsa uly ykdysady peýda berýär.
Beýleki azot dökünleri bilen deňeşdireniňde, karbamid azodyň uly möçberini (46,2 göterimini) öz içine alýar, munuň özi ony islendik toprakda oba hojalyk ekinleri üçin dökün hökmünde peýdalanmagyň ykdysady taýdan maksadalaýyklygyny kesgitleýär.
Ol külkelenen görnüşde çykarylýar, bu bolsa daşalanda dökünleriň bu görnüşiniň esasy artykmaçlygy bolup durýar. Ähli tehnologiýa işleri awtomatlaşdyrylyp, merkezden dolandyrylýar.Täzeçil enjamlary bolan desgada işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenler hem-de orta derejeli işgärler taýýarlanyldy, olar daşary ýurtlarda, şeýle hem Türkmenabat orta tehniki hünär mekdebiniň Garabogaz şäherindäki şahamçasynda degişli önümçilik tejribesini geçdiler.
Zawodda döredilen Okuw merkezi innowasiýa enjamlarynda işlemek, şeýle hem hünärmenlere bilim bermek üçin ýokary hünär derejeli işgärleriň netijeli taýýarlanylmagyny üpjün eder.Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklaryň döredilmeginde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan — bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagynda hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilmeginde himiýa senagatyna strategiki ähmiýetli orun berýär.
Bu ugurda alnyp barylýan syýasat tebigy baýlyklaryň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilendir.Strategik taýdan möhüm ähmiýetli bu wezipeler diňe bir çig maly çykarmakdan däl-de, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dürli we ýokary hilli önümleri çykarmaga mümkinçilik berýän ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary esasynda çig malyň güýçli gaýtadan işlenilmegini hem öz içine alýar.
Himiýa senagatyny ösdürmek babatynda halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, geçen ýyl Aşgabatda ýurdumyzyň Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda atly birinji halkara ylmy maslahat geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýadan, ABŞ-dan, Germaniýadan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Şweýsariýadan, Niderlandlardan, Daniýadan, Koreýa Respublikasyndan, BAE-den, Singapurdan, Türkiýeden, Owganystandan, Litwadan we Gazagystandan gelen himiýa pudagynda işleýän 30-dan gowrak kompaniýanyň baş menejerleri boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalar himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi hem-de ägirt uly çig mal serişdelerine eýe bolan Türkmenistanyň eksport kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam eder.
Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň biridir, onuň kuwwatlylygy ýylda 225 müň tonna fosfor dökünini we 500 müň tonna kükürt kislotasyny öndürmäge ukyplydyr.Kükürt kislotasynyň ekinler üçin mineral dökünleri öndürmekde möhüm serişde bolup durýandygy sebäpli, bu önümi çykarmagyň geljegi uludyr we düşewüntlidir.
Kislota öndürýän bölümiň taslama kuwwaty döwletimiziň bu önüme bolan içerki islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, onuň ep-esli bölegini eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.Kärhanada öndürilýän fosfor döküni ýurdumyzyň oba hojalygynda giňden peýdalanylýar we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegine kömek edýär.
Himiýa pudagynyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin döredilen ähli şertler netijesinde, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalary geçen ýyl daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan himiýa serişdeleriniň täze birnäçe görnüşini öndürmäge girişdiler.Geçirilen işleriň netijesinde, Türkmenabadyň himiýa zawodynda her ýyl ekologiýa taýdan arassa oksigumatyň 1 müň 100 tonnasyny öndürmek ýola goýuldy, munuň özi oba hojalyk ekinleriniň ösüşine, ösümlikleri zyýankeşlerden goramaga hem-de hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Bu önümiň önümçiligi üçin esasy çig mal Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän Amanbulak meýdançasyndaky Tüwergyr käninden alynýan kömürdir. Şeýle hem zawodda her ýyl 100 tonna suwuk aýnany öndürmek ýola goýuldy, ol gurluşykda, organiki ýaglaryň önümçiliginde, dürli magdanlary baýlaşdyrmakda, guýulary gazmakda giňden peýdalanylýar.
Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki Mäne daş käninden alynýan kwars çägesi onuň önümçiliginde esasy çig mal bolup hyzmat edýär.
Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda ýerleşýän Çukurguýy meýdançasyndaky Bereket zawodynyň hünärmenleriniň güýji bilen her ýylda 90 tonna çenli tehniki ýody öndürmäge ukyply tejribe-senagat enjamlarynyň dördüsi gurnaldy.Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen Karar himiýa senagatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi banky “Rysgal” paýdarlar-täjirçilik bankynyň üsti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine kaliý dökünlerini öndürýän magdan baýlaşdyryjy toplumyň Lebap welaýatyndaky Düýbigatan kaliý duzlary ýatagynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin ýyllyk 3 göterim bilen hem-de dört ýyllyk ýeňillikli döwür göz öňünde tutulyp, 11 ýyllyk möhlet bilen ABŞ-nyň 600 million dollaryna çenli möçberde karz serişdelerini döwlet serişdeleriniň hasabyna bölüp bermäge borçly edildi.
Himiýa senagatynyň täze kärhanalarynyň işe girizilmegi, olaryň ýurdumyzyň telekeçileriniň güýji bilen gurulmagy Türkmenistanyň tutuş senagat pudagynyň ösdürilmegine uly itergi berer, onuň hil taýdan ösüşini üpjün eder hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar, bu bolsa hödürlenýän harytlaryň sanawyny giňeldip, daşarky bazarlara çykmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň azyk pudagynyň eksport kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna, balyk hojalygy senagatynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär.Milli Liderimiziň iş ýerlerini hem-de bu kärhanalaryň işiniň esasy aýratynlyklaryny saklamak şerti bilen, olaryň pudagara hasaplaşyklary we bank karzlary bilen bilelikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýerlemek ýoly bilen üýtgedilip gurlan Türkmenistanyň döwlet balyk hojalygy komitetiniň garamagyndaky kärhanalary hususylaşdyrmak baradaky çözgüdi pudagy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.
Milli Liderimiz ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, döwlete dahyly bolmadyk bölekde işleriň görnüşlerini giňeltmek hem-de içerki bazary balyk önümleri bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, degişli Permana gol çekdi.
Senagat pudagy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary üçin nusga bolmalydyr, sebäbi ol beýleki pudaklaryň has-da ösdürilmegi üçin binýat bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.Bazar ykdysadyýeti şertlerinde daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta ugrukdyrylan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça pudaklaryň bar bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak — hormatly Prezidentimiziň öňde goýan ilkinji nobatdaky wezipesi hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagatynyň önümçilik binýady hem yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýokary tehnologiýaly kärhanalaryň döredilmegine köp mukdarda maýa goýumlaryň gönükdirilmegi netijesinde içerki we daşarky bazarlara dürli görnüşli önümleri ibermek ýola goýuldy, şolaryň görnüşleri barha artýar we ýurduň daşynda öndürilýän harytlar bilen bäsdeşlige ukyplydyr.
Dokma senagaty ministrligi boýunça 2018-nji ýylda nah ýüplük öndürmegiň ösüş depgini 115,9 göterime, nah matalary öndürmekde 118,8 göterime, çig ýüpek önümçiliginde 123,1 göterime, tikin we örme önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 138,9 göterime barabar boldy.
Geçen ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda haly we haly önümlerini öndürmek boýunça meýilnama 134,5 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 119,3 göterime deň boldy.Geçen ýyl Babadaýhan we Kaka etraplarynda täze senagat toplumlarynyň gurluşygyna badalga berildi, bu desgalar Türkmenistany 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, şeýle hem önümiň eksporta iberilýän möçberini artdyrmak boýunça dokma pudagynyň öňünde goýlan wezipelere laýyklykda bina ediler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, egirme, dokma, boýag we tikin önümçiliklerini öz içine alýan Kaka etrabyndaky senagat toplumy ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge, şondan kompakt-penýe belgili nah ýüplügiň 3 müň 650 tonnasyny, 12 million inedördül metr matany hem-de 1 million 200 müň taýýar önümleri çykarmaga niýetlenendir.
Babadaýhan etrabyndaky senagat toplumynda hem ýylda inçe süýümli pagtanyň 5 müň tonnasy gaýtadan işleniler.Bu kärhanada ýylda 3 müň 300 tonna ýüplük, 20 million inedördül metr mata, şol sanda 18 million inedördül boýalan mata, 3,5 million taýýar tikin önümleri öndüriler.
Babadaýhan we Kaka etraplaryndaky gutarnykly önümçilikli täze desgalary 2021-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar, bu toplumlaryň işe girizilmegi taýýar dokma önümleriniň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer, şolaryň inçe süýümli pagtadan taýýarlanylýan matalaryň täze görnüşleriniň esasynda öndürilmegi netijesinde daşary bazarlarda uly islegden peýdalanýar.
Ondan batist, markizet, perkal, tafta, gipýur ýaly matalar işlenip taýýarlanylar, şolar dünýä dokma senagatynyň söwda bazarlarynda aýratyn baha eýedir. Ýurdumyzyň ugurdaş kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy önümçiligiň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge we möçberini artdyrmaga, taýýar önümleriň täze görnüşlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär, şolar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmaga ukyplydyr. Öz mümkinçilikleri boýunça aýratyn ähmiýetli Aşgabadyň dokma toplumy, Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumy, jins toplumy, Ruhabadyň we Gökdepäniň dokma toplumlary şonuň aýdyň subutnamasydyr. Ýokary hili bilen hem-de görnüşleriniň köplügi we elýeter bahalary netijesinde, bu kärhanalaryň önümleri içerki we daşarky bazarlarda hemişe islege eýedir.
Jins toplumynda Monforts (Germaniýa) kompaniýasynyň innowasiýa enjamlarynyň oturdylmagy jinsi matalarynyň önümçiligini artdyrmaga, tikin bölüminde bolsa lazer enjamy arkaly şolara göze ýakymly surat şekilleriniň basylmagy netijesinde, önümleriň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Ruhabat dokma toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde yzygiderli işler geçirilýär.Bu ýerde harby gullukçylar hem-de hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin lybaslary tikmekde peýdalanylýan garyşyk matalaryň önümçiligi ýola goýuldy, şunda jalbarlar we sport lybaslaryny öndürmek üçin gabardin hem-de kanwas matalary ulanylýar.
Kärhanada çykarylýan ştapel matasy ilatyň uly islegine eýedir.Tejeniň pagta-egirme kärhanasynyň bölekleýin döwrebaplaşdyrylmagynyň barşynda Şweýsariýanyň Rieter kompaniýasynyň egirme üçin ulanylýan enjamy gurnaldy.Bu bolsa önümleriň möçberiniň artdyrylmagyna we hiliniň gowulandyrylmagyna ýardam berdi.
Eksport ugurly önümçilikleri ýola goýmagyň maksatnamasynyň çäklerinde Kaka etrabyndaky Serdar pagta egirme kärhanasynda ýyllyk kuwwaty 1 müň 300 tonna deň bolan işilen nah ýüplük önümçiligi boýunça bölüm açyldy.Täze önümçilik Şweýsariýanyň SSM we Germaniýanyň Saurer kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edildi.
Aşgabat dokma toplumynyň binýadynda pudagyň kärhanalarynyň egirme, tikin önümçilikleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi gaýtadan işlemek boýunça önümçilik bölümi ulanylmaga berildi.Bu ýerde Türkiýäniň “Balkan” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamy oturdyldy, şonuň bilen her ýylda dokma galyndylarynyň birnäçe müň tonnasyny gaýtadan işlemek mümkin bolar.
Geçen ýyl eksportyň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamanyň çäklerinde dikeldilen süýümi daşary ýurtly sarp edijilere ýerlenildi.Hil babatynda daşary ýurt nusgalaryndan kem bolmadyk jorap önümlerini çykarmak işi Aşgabadyň nah-mata toplumynda ýola goýuldy.
Kärhanada Italiýanyň Lonati kompaniýasynyň awtomatik enjamy oturdylan önümçilik bölümi işleýär.Kärhana ýylda erkekler, zenanlar we çagalar üçin uly islege eýe bolan joraplaryň 2,5 million jübüdini öndürmäge niýetlenendir.
Daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmagyň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky Aşgabadyň Modeller öýünde her ýylda 23 müň örme önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Degişli önümçilik bölüminiň häzirki zaman enjamlar hem-de abzallar bilen üpjün edilmegi ulular we çagalar üçin jemperleriň dürli görnüşlerini, sport lybaslaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.Asylly däbe görä, geçen ýyl Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň güni giňden hem-de dabaraly bellenildi, bu sene pudagyň işgärlerine goýulýan belent hormatyň nyşanydyr, olaryň zehini we tutanýerli zähmeti bilen ata-babalarymyzyň miras goýan täsin medeniýeti aýawly goralyp saklanylýandygy hem-de kämilleşdirilýändigi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylýandygy barada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen halysyna bagyşlanan kitaplarynyň sahypalarynda aýdyň beýan edilýär.
Dünýäde kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlet hökmünde barha ygtybarly orun eýeleýän Türkmenistanyň dokma senagatynda ýeten belent sepgitleri bu senä gabatlanyp guralan sergide doly beýanyny tapdy.Serginiň bölümlerinde pudagyň güwälendirilen nah-mata ýüplükleri we häzirki döwrüň bezeg meýillerine kybap gelýän taýýar önümleri görkezildi. Ýurdumyzyň dokma senagatyny okgunly ösdürmegiň baş ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna, öňdebaryjy enjamlary öndürijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl geçirilýän dokma önümleriniň sergilerine gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar ilki bilen türkmen kärhanalarynyň işleriniň aýratynlyklaryny we ýerli sarp edijileriň isleglerini nazara almak bilen, öz täze önümçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda pagta-egirme pudagynda dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan Şweýsariýanyň Rieter kompaniýasynyň, Germaniýadan, Italiýadan, Belgiýadan dokma enjamlaryny öndürijileriň we ýurdumyza iberýänleriň birnäçesi bar, olar Demteх hyzmat merkeziniň bölüminde jemlendi. Şeýlelikde, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzy ösen döwletleriň derejesine çykarmak hem-de kuwwatly durmuş ugurly ykdysadyýeti mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam berýän berkarar döwletimizi okgunly ösdürmek boýunça senagat toplumynyň öňünde goýlan esasy maksatlara ýetmek boýunça özgertmeleri amala aşyrmagyň ýolunda nobatdaky netijeli çärelere beslendi.