Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika

2018-nji ýylda ulanylmaga berlen köp sanly desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.

Köp pudakly milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalar esasynda mundan beýläk-de ösdürilmegine, örän baý tebigy serişdeleriň doly derejede peýdalanylmagyna, sebitleriň toplumlaýyn özgerdilmegine gönükdirilen ileri tutulýan maksatnamalara laýyklykda ýurdumyzy okgunly ösdürmek üçin şertleriň döredilmeginde maýa goýum-gurluşyk toplumyna ähmiýetli orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän bu strategiýanyň netijesinde daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän senagat kärhanalary gurulýar, häzirkizaman ulag we durmuş düzümleri kemala getirilýär, giň gerimli ýaşaýyş jaý gurluşygy alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kuwwatlyklary, şol sanda ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň önümçilik binýadynyň kuwwatlyklary artdyrylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlygyň 27 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilen esasy maýa goýumlarynyň möçberi 350 esseden gowrak artdy hem-de 500 milliard manada ýa-da ABŞ-nyň 185 milliard dollaryna golaý boldy. Şonuň 335 milliard manada deň bolan 68 göterimi ýa-da ABŞ-nyň 124 milliard dollary önümçilik ulgamyna gönükdirildi, munuň özi önümçilik-tehniki hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň 2600-den gowragyny gurmaga mümkinçilik berdi.

Halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde halkara ölçeglerine kybap gelýän ähli zerur düzümleriň kemala getirilmegi milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr, onuň baş maksady adam hakynda hemmetaraplaýyn alada ýugrulandyr.

Aşgabatdaky hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki köp sanly täze binalar, ilkinji nobatda bolsa, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bu oňyn syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň nyşanydyr.Muňa paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän Täze zaman ýaşaýyş toplumy aýdyň mysaldyr. 2018-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu ýerde iki we bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 1 müň 152-si ulanylmaga berildi. Şolarda ýaşaýjylar üçin aňrybaş şertler döredildi, şol sanda giň we amatly mebeller bilen üpjün edilen otaglar, zerur durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar hem-de beýlekiler göz öňünde tutuldy.

Her öýüň çäginde mellek ýerleri ýerleşdirildi, şolarda agaç nahallaryny we beýleki ekinleri ekmek üçin mümkinçilik döredildi hem-de garaž we tamdyr göz öňünde tutuldy. Şol gün Täze zamanda her biri 160 körpä niýetlenen çagalar baglarynyň ikisi açyldy, şolarda körpe nesliň sazlaşykly ösmegi we wagtyny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Bu tapgyryň täze binalaryny gurmak üçin 179,85 gektar ýer bölünip berildi, şolaryň hatarynda 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, Saglyk öýi, azyk harytlary dükany bar.Bu ýaşaýyş toplumynyň ilkinji tapgyrynyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2014-nji ýylda açylandygyny ýatladýarys.

Soňky ýyllarda onuň çäklerinde ýerleşdirilişi gowulandyrylan köp sanly ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar guruldy, birnäçe seýilgäh zolaklary döredildi.Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynyň täze belent binalary aşgabatlylar üçin ajaýyp sowgat boldy. Ýaşaýjylar ähli amatlyklary bolan 144 öýüň açaryny aldylar.

Aşhana, naharhana, giň otaglar amatlylyk babatynda ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Şolardaky ýokary hilli, döwrebap bezegli mebelleri ýurdumyzyň önüm öndürijileri ýasadylar. Şeýle hem bu öýlerde daşary ýurt kompaniýalarynyň iň täze nusgaly durmuş enjamlary oturdyldy.

Täze binalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyryldy — çagalar üçin oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çäreleri we dabaralary guramak üçin şertler döredildi. Öýleriň töwereklerinde güller ekildi, gök öwüsýän zolaklar döredildi, yşyklandyryşy gowulandyrmagyň oýlanyşykly ulgamy işlenip taýýarlanyldy.

Bazar hem-de dükanlar ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşýär.Aşgabat şäheriniň gününiň öň ýanynda birbada dört seýilgäh: Berkararlyk etrabynda Kemine, Köpetdag etrabynda Nurmuhammet Andalyp, Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň kesişýän ýerinde, Büzmeýin etrabynyň Gündogar köçesiniň ugrunda seýilgähler açyldy. Şeýlelikde, paýtagtymyzy gök begrese bürenen bagly şäher...

diýlip taryplaýan öwgüli jümleler ýene bir gezek tassyklanyldy.Bu seýilgähleriň her biri özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.Dürli güller ekilen zolaklar biri-biri bilen sazlaşýar, gezelenç edilýän ýodajyklar çekilipdir, bezeg yşyklandyryş çyralary hem-de dynç alýanlar üçin oturgyçlar gurnalypdyr. Özboluşly bezegli suw çüwdürimleri, suw akabalarynyň üstünde gurnalan köprüjikler bir bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär.

Paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda Hezreti Omar metjidi açyldy.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolan bu waka asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň hem-de baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Aşgabadyň demirgazyk böleginde, durky täzelenen G.Kulyýew köçesiniň ugrunda peýda bolan täze işewürlik toplumy gerimi bilen haýran galdyrýar.Köçäniň iki tarapynda döwrebap düzümli işewürlik merkezleri döredildi.Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu taslama bir milliard manat serişdäni gönükdirip, ony dolulygyna amala aşyrmak bilen, edara binalarynyň hem-de söwda merkezleriň 100-e golaýyny ulanmaga bermäge taýýarlady. Ýakyn geljekde Çandybil şaýolunyň ugrunda Halkara kongres merkeziniň binalar toplumy hem-de kaşaň myhmanhana peýda bolar.

Bu täsin desgalar Aziýanyň hakyky merjeni diýlip atlandyrylýan paýtagtymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüler. Şäheriň şu böleginde Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň hem-de Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen täze edara binalary gurlar. Şolar bu ýerde kemala gelýän ägirt uly binagärlik toplumy bilen sazlaşyk döreder.

Köpetdag şaýolunyň ugrunda täze Hökümet münberi gurlar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň fewralynda gol çeken Kararlaryna laýyklykda, bu desgalaryň gurluşyk işlerini Buig Batiman Internasional fransuz kompaniýasy alyp barýar. Şol kompaniýa şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşydyr.

Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ajaýyp türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärlik gurulýar.Mundan başga-da, bu ýerde welosiped sportuna bagyşlanan uly ýadygärlik toplumyny ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçy bolan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen soňky ýyllarda welosiped sporty ýurdumyzda okgunly ösüşe eýe boldy.Aşgabady ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda, Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda täze ajaýyp binalar peýda bolar.

Baş meýilnama laýyklykda, 12 gatly, 72 öýli jaýlaryň 10-sy hem-de 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy gurlar. Şäheriň şu böleginde Söwda-dynç alyş merkezleriniň 2-si bina ediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, bu taslamalar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy.Geçen ýylyň 24 — 25-nji maýynda geçirilen Ak şäherim — Aşgabat atly XVII halkara köpugurly sergisinde häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikler we bu ugurda geljekde amala aşyryljak işler aýdyňlyk bilen görkezildi. Ýöriteleşdirilen serginiň esasy ugry dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ösüş gazanmak bilen baglanyşykly boldy.

Oňa ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň 80-den gowragynyň hem-de Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Koreýadan, Gazagystandan, Ukrainadan we beýleki döwletlerden işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzda giň gerimli gurluşygyň ýaýbaňlandyrylmagy ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegleriň artmagyny şertlendirip, ýerli çig malyň esasynda şolary öndürýän ulgamyň çalt depginler bilen ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Häzirki wagtda bu pudak türkmen ykdysadyýetiniň senagat taýdan ösüşiniň esasy ugurlarynyň biridir.Bu ugur bolsa dünýä ylmynyň we tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýar.Işe girizilýän ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhanalar bäsdeşlige ukyply, hil babatda halkara ölçeglerine kybap gelýän önümleriň köp görnüşlerini çykarmaga niýetlenendir.

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe senagat zolagynda döredilýän kuwwatly gurluşyk ulgamy munuň aýdyň subutnamasydyr.Bu ýerde eýýäm metal önümlerini hem-de armatur öndürýän Türkmendemirönümleri döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody hem-de Türkmenmermer ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň mermeri we graniti gaýtadan işleýän kärhanasy üstünlikli işleýär.

Bu ýerde döwrebap Türkmenaýnaönümleri kärhanasyny gurmak baradaky çözgüt ýerli çig mal serişdeleriniň esasynda aýna senagatyny döretmegiň geljegi uludygy bilen şertlendirilendir.float usuly bilen aýna öndürmegiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzdi. Şol usul bolsa Türkmenistanda ilkinji gezek ulanylýar.

Orta Aziýada iň iri senagat desgalarynyň birinde işiň tehnologik ugurlarynyň tutuş toplumy, şol sanda kwars çägesiniň esasynda çig maly taýýarlaýan bölüm, erediji bölüm, dürli ululykdaky hem-de galyňlykdaky döwrebap aýnalary öndürýän float-wanna ulgamy, önümi berkidýän we gyzdyrýan bölüm, aýnany senagat taýdan gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümleri öndürýän bölümler göz öňünde tutuldy. 2015-nji ýylda badalga alan taslama Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirildi.

Täze desga 24 gektara barabar bolan giň meýdanda ýerleşýär hem-de önümçilik binasyndan başga-da, edara binasyny, ýaşaýyş jaýlaryny we umumy ýaşaýyş jaýlaryny, çagalar hem-de sport meýdançalaryny, kärhananyň sazlaşykly işini üpjün edýän inžener-tehniki düzümi we beýlekileri birleşdirýär.

Kärhanada Germaniýadan, Belgiýadan, Italiýadan, Awstriýadan we Finlýandiýadan getirilen tehnologik enjamlar ornaşdyryldy.Onuň ýyllyk taslama kuwwaty tonirlenen aýnanyň 1 million inedördül metrine, laminirlenen aýnanyň 100 müň inedördül metrine, taplanan aýnanyň 300 müň inedördül metrine hem-de aýna paketleriniň 400 müň inedördül metrine barabardyr.

Mundan başga-da, bu ýerde azyk önümleri hem-de derman serişdeleri üçin çüýşe gaplarynyň önümçiligi özleşdirildi.Türkmenaýnaönümleri kärhanasynyň ulanylmaga berilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan, daşary ýurtlardan getirilen harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşdy. Şeýlelikde, täze kärhananyň işläp başlamagy netijesinde ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän şeýle önümleriň mukdary ep-esli azaldy hem-de aýnadan taýýar önümleriň köp görnüşleriniň daşary ýurtlara iberilmegi ýola goýuldy. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleriň sanawynda örtük daşy, sement, kerpiç, magdan däl gurluşyk serişdeleri, metal gurluşlary, plastmas we aýna süýümli turbalar bar.

Türkmenistanda şolaryň öndürilýän mukdary ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzyň tebigy serişdeleriniň baý gorlary keramzitiň öndürilişini artdyrmaga mümkinçilik berýär.Balkan welaýatynyň Ýagman ýatagyndan alynýan argillit onuň esasy çig maly bolup hyzmat edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýerli çig malyň esasynda täze önümleri—örän ýuka bazalt süýümini hem-de ondan taýýarlanylýan ýylylyk saklaýjy we kompozit gurluşyk serişdelerini çykarýan önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Bu önüme içerki bazarlarda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.Dürli kysymly sementi öndürmek gurluşyk serişdeleri senagatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şolaryň hatarynda köp gatly binalary we seýsmiki zolakda beýleki desgalary gurmakda ulanylýan örän berk portland sement bar.

Mundan başga-da, nebitgaz senagaty üçin tamponaž sementiniň, binalaryň binýady goýlanda, köprüleriň sütünleri we beýleki suw desgalary gurlanda ulanylýan sulfat durnukly sementiň önümçiligi ýola goýuldy.Bularyň ählisi geçen ýylyň 28 — 30-njy awgustynda geçirilen Türkmengurluşyk — 2018 halkara sergisinde öz beýanyny tapdy.

Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergä dünýäniň 14 ýurdundan — Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Fransiýadan, Gresiýadan, Finlýandiýadan, Polşadan, Türkiýeden, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Ukrainadan 130-dan gowrak kompaniýa gatnaşdy.

Bu ýerde ýurdumyzyň hususy gurluşyk ulgamynyň wekilleriniň işleri giňden tanyşdyryldy.Soňky ýyllarda biziň gurluşyk kompaniýalarymyz iri taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermegi netijesinde, telekeçilik işi gurluşyk senagatynyň has netijeli ugurlarynyň birine öwrüldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň senagat kärhanalary hil babatda halkara ölçeglerine kybap gelýän gurluşyk serişdeleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligini özleşdirdiler. Şolaryň hatarynda aýna mozaikasyny aýratyn görkezmek bolar. Ýerli çig maldan öndürilýän bu önümi türkmen şäherleriniň binalarynyň bezeginde görmek bolýar.

Häzirki Aşgabadyň binagärliginde mozaiki pannolary ulanmagyň üstünlikli mysallary örän köpdür. Şol bezegler paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň we edara binalarynyň toplumlarynda aýratyn sazlaşyk döredýär. Çeperçilik çözgüdi babatda dürli bolan bu bezegleri milli öwüşginler hem-de halk amaly-haşam sungatynyň däpleri birleşdirýär.

Aýna mozaikasynyň öndürilmegi ýurdumyzyň gurluşykçylaryny bezeg serişdeleriniň şu görnüşiniň daşary ýurtlardan getirilmeginden el çekmäge mümkinçilik berer.Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň ösüşi bilen baglanyşykly maslahat hem geçirildi. Çykyşlaryň esasy mowzuklary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ekologiýa we seýsmiki howpsuzlygyň talaplaryny berjaý etmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ulanmaga berilýän desgalaryň ygtybarlylygyny hem-de berkligini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelerden ybarat boldy.

Dekabr aýynda Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli binagärligiň ösüşi atly binagärlik-döredijilik sergisi ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamynda toplanan iş tejribesine we onuň geljegine, şäher düzümini kemala getirmäge bagyşlandy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guralan sergide ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de mugallymlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Binagärler birleşiginiň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, döredijilik ussahanalary hem-de aýratyn işleýän binagärler öz işleri bilen tanyşdyrdylar.

Onuň çäklerinde guralan bäsleşikde iň gowy işler kesgitlenildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan sebitleri ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Döwrebap desgalaryň, iri zawodlaryň hem-de fabrikleriň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş toplumlarynyň, maldarçylyk hem-de guşçulyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň we beýleki desgalaryň ýüzlerçesi güýçli depginde gurulýar. Ýurtlary hem-de sebitleri birleşdirýän, awtomobil we demir ýollarynyň, gaz geçirijileriniň hem-de elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy oba ýerleriniň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, raýatlarymyzyň, şol sanda ýaş maşgalalaryň hem-de ýaş hünärmenleriň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ilatly ýerlerde durmuş maksatly desgalary we inženerçilik düzümlerini gurmak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Şol maksatnamany durmuşa geçirmäge ägirt uly serişdeler gönükdirilýär.

Geçen ýyl Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag we Owadandepe geňeşlikleriniň hem-de Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäklerinde we Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde döwrebap obalaryň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Bu möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe üstünlikli durmuşa geçirýän hem-de Döwlet adam üçindir!diýen şygarda öz beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Ýaşaýyş toplumlarynda her birinde 400 kottej jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şolar obalaryň her birinde 2 müň adamyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.

Olaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, mellek ýerleri, garaž we beýleki desgalar göz öňünde tutuldy. Şeýle hem geňeşlikleriň edara binalaryny, 640 orunlyk orta mekdepleri, 320 orunlyk çagalar baglaryny, söwda merkezlerini, Saglyk öýlerini, baýramçylyk dabaralaryny we milli dessurlary geçirmek üçin ýörite meýdançalary, awtoduralgalary gurmak meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, Kaka hem-de Babadaýhan etraplarynda inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge, dürli görnüşli matalary we taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenen iri dokma toplumlarynyň düýbi tutuldy.Bäherden etrabynyň merkezinde çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygy başlandy.

Kaka we Gökdepe etraplarynda täze saglygy goraýyş edaralary ulanylmaga berildi.Balkan welaýatyndaky täze iri gurluşyklaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän gazhimiýa toplumy, Serdar etrabyndaky maldarçylyk toplumy bar.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üsti täze şypahana hem-de dynç alyş merkezli akwapark bilen ýetirildi.Daşoguzda hem has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depgini ep-esli ýokarlandy.

Geçen ýyl şol ýerde maşgalalaryň onlarçasy täze jaý toýlaryny tutdy.Maryda döwrebap çagalar hassahanasy ulanylmaga berildi. 2018-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň merkezinde täze Halkara howa menzili, iýun aýynda bolsa tutuş ýaşaýyş toplumy açyldy. Ýaşaýyş toplumy has oňaýly 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýigrimi ikisinden ybaratdyr. Şolaryň her birinde giň we ýagty otagly öýleriň 40-sy bar. Öýleriň aşhanalary döwrebap enjamlaşdyryldy, bezeginde häzirki zaman serişdeleri ulanyldy.

Bu ajaýyp ýaşaýyş toplumynda müňe golaý maşgala jaý toýuny tutdy. Şol gün Türkmenabatda ýene-de bir ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy. Şonuň düzümine her biri 32 öýden ybarat dört gatly jaýlaryň 17-si hem-de mellek ýerli we beýleki hojalyk desgaly kottej görnüşli iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 170-si girer.

Bu ýerde 600 orunlyk orta mekdep, döwrebap söwda merkezi, hyzmat öýi gurlar.Türkmenabat şäheriniň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem ajaýyp sowgat aldylar. Şol ýerde sebitdäki iri lukmançylyk merkezi guruldy.

Bu merkez köpugurly hassahanany we ýokanç keseller hassahanasyny, şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenen 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-syny özüne birleşdirýär.Dekabr aýynda Balkan, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň merkezlerinde Türkmeniň ak öýi binalarynyň düýbüni tutmak dabaralary boldy.

Binagärlik babatda täsin bu uly desgalaryň her biri 3 müň orunlykdyr.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, taslamada binany häzirki zaman tehnologiýasy esasynda enjamlaşdyrmak göz öňünde tutuldy.Onuň gatlarynda edara otaglary, giň eýwanlar, sahnaly we manežli konsert zallary hem-de beýleki otaglar bolar.

Bu ýerde iň häzirki zaman enjamlary, akustik ulgam we giň möçberli maslahatlary, şowhunly çykyşlary, şol sanda şöhratly at üstündäki oýunlary guramaga niýetlenen zerur mümkinçilikler üpjün ediler.Onuň içki bezegi hem milli bezeg aýratynlyklaryna eýe bolar.

Onda, hususan-da, haly gölleriniň, bezeg ýörelgeleriniň şekilleri, türkmeniň ak öýlerine mahsus tärimleriň görnüşleri öz beýanyny tapar.Synymyzy dowam edip, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň ýurdumyzyň energetikasynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynyň zerurlygyny talap edýändigini bellemelidiris.

Soňky ýyllarda pudagyň düzüminiň üsti Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gazturbinaly elektrik beketleriniň birnäçesi bilen ýetirildi. Şunuň bilen birlikde, paýlaýjy elektrik beketleriniň onlarçasy gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik hem-de yşyklandyryş ulgamlary täzelenilýär.

Bu ulgamda geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzda her ýyl gurulýan iri senagat toplumlaryny we köpsanly durmuş maksatly desgalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, elektrik energiýasyny goňşy döwletlere hem ibermäge mümkinçilik berýär.

Mary DES-ni bilen utgaşykly dolanyşyk esasynda işleýän buggaz elektrik bekediniň işe girizilmegi Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi şygary astynda geçen 2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň biri boldy. Şu mynasybetli geçirilen dabara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze bekediň umumy kuwwaty 1574 megawatta barabardyr.Bu ýerde dünýäde meşhur General Electric amerikan kompaniýasynyň 4 gaz we 2 bug turbinalary ornaşdyryldy.Iki görnüşli desgalaryň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy ep-esli azalýar, atmosfera gidýän zyýanly zyňyndylaryň möçberi 2 — 3 esse azalýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, daşky gurşawy goramak meselelerine örän ýokary derejede jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

Serişdeleri tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalaryň esasy ugrudyr.Marydaky bug-gaz elektrik bekedi hem döwrebap inžener-tehniki işläp taýýarlamalaryň hataryna girýär.

Bu desganyň döwrebaplygy, ykdysady taýdan netijelidigi hem-de ekologiýa taýdan howpsuzdygy Şweýsariýanyň federal tehnologiýa institutynyň, Max Plank energiýa institutynyň, Amerikanyň sagdyn ekologiýa gaznasynyň güwänamalary bilen tassyklanyldy.Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna laýyklykda, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasyna — Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygyna badalga berildi. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 megawat boljak gaz turbinaly elektrik bekediniň taslamasy Sumitomo Corporation kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylar we gurlar.

Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen degişli şertnama 2015-nji ýylda, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýurdumyza resmi sapary mahalynda gol çekildi. Şonda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen netijeli gepleşikler geçirildi. Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşar.

Ol Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Karz bermek ylalaşygyny baglaşdy.Täze energetika toplumy üçin giň meýdan 2014-nji ýylda Çärjew etrabynyň günorta böleginde ulanylmaga berlen Lebap DES-niň golaýyndan bölünip berildi.

Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawatta barabar bolan gaz turbinaly desgalaryň üçüsini ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.Bu enjamlary bütin dünýäde meşhur MITSUBISHI HITACHI ROWER SYSTEMS kompaniýasy getirer.

Energobloklardan başga-da, bu ýerde edara binasy gurlar.Onda DES-niň esasy dolandyryş ulgamy, gaz paýlaýjy beket hem-de zerur inžener-tehniki kommunikasiýalar ýerleşdiriler.Elektrik bekediniň çägi abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga öwrüler.

Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasy umumy gurluşyk işlerini ýerine ýetirer.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn 7 ýylda ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada çenli ýetirmek meýilleşdirilýär.

Pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara, ilkinji nobatda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder.Goňşy ýurtda degişli düzümiň döredilmegi täze iş orunlaryny açmaga mümkinçilik berer. Şeýlelikde, Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, dostlukly döwleti parahatçylykly ýol bilen ösdürmäge we ýagdaýy durnuklaşdyrmaga saldamly goşant goşmagny dowam edýär.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan parahatçylykly durmuşy gurmakda doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ýardam berip gelýär.Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ulgamlar goňşy döwletiň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi. 2018-nji ýylyň tomsunda geçirijilik kuwwaty sagatda 100 megawatta barabar bolan Rabatkaşan — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Şonuň bilen birlikde, türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.

Bu taslamany amala aşyrmak üçin ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Şonuň çäklerinde, hünärmenlerimiz elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda elektrik bekedini hem-de umumy uzynlygy 112 kilometr bolan elektrik geçiriji ulgamy gurdular.

Elektrik geçiriji ulgamyň açylyş dabarasynyň çäklerinde, Kerki — Hamýap — Garkyn elektrik geçiriji ulgamyny gurmak barada Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda meýiller hakyndaky teswirnama gol çekilendigini ýatlatmalydyrys.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamy gurmak ýaly iri taslamalar diňe bir olara gatnaşyjy ýurtlar üçin däl, eýsem, tutuş sebitiň döwletleri üçin uly ähmiýete eýedir.

Täze energiýa köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy 2018-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Şonuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginden geçýän böleginiň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygyna badalga berildi.

Oktýabr aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.Hususan-da, bu resminamada täze elektrik geçiriji ulgamy boýunça Owganystana iberiljek elektrik energiýasynyň mukdary kesgitlenildi. Şoňa laýyklykda, Hyradyň we Kandagaryň her birine 300 megawat (jemi 600 megawat) elektrik energiýasy iberiler. 2018-nji ýylda Aziýanyň ösüş banky bilen gol çekilen ylalaşyk ýurdumyzyň dünýäniň energetika ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny giňeltmäge ýardam eder. Şol ylalaşyk Ahal — Balkan hem-de Balkan — Daşoguz ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmäge degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulyşmagynyň Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTAP) halkara taslamasynyň çäklerinde türkmen elektrik energiýasynyň iberilýän mukdaryny ep-esli artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döretmekde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtamalydyrys.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin taraplaryň ählisiniň özara gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.Umuman, 1-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jemlenen 2018-nji ýylyň netijeleri maýa goýum-gurluşyk işinde oňyn meýilleriň saklanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40,3 milliard manada deň boldy, şonuň 63,7 göterimi önümçilik hem-de 36,3 göterimi durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi.

Bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan desgalaryň 1 müň 704-si gurlup, ulanylmaga berildi.Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 108,9 göterime, Energetika ministrligi boýunça 121,9 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde maksatnamalaýyn çykyşynda, 2019-njy ýylyň gurluşyk maksatnamasynyň örän köp işleri öz içine alýandygyna ünsi çekdi.Pudaga goýulýan düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22 milliard manatdan hem köp bolar.

Döwlet serişdeleriniň we hususy maýa goýumlarynyň hasabyna şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy güýçli depginlerde dowam etdirilmelidir. Şu ýyl täze elektrik beketlerini gurmaga we hereket edýänleriniň durkuny täzelemäge aýratyn üns berler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de munuň goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmaga ýardam etjekdigini belledi.

Mahlasy, 2018-nji ýylda ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň, şol sanda gurluşyk senagatynda hem-de elektrik energetikasy ulgamynda ýetilen belent sepgitler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we bagtly durmuşynyň bähbidine ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýene degişli makalalar

12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
Täze elektrik beketleri ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrýar
26.07.2018 | Türkmenistan Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goşandyny artdyrýar
08.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
21.11.2018 | Täze elektrik beketleri ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrýar
20.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň baştutany bilen duşuşdy