Berjaý edilmeli düzgünler

Ýurdumyzyň raýatlarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerine jogapkärçilikli bolmaklary hökmandyr. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegi, ilkinji nobatda, köp halatlarda raýatlarymyzyň özlerine bagly bolup durýar. Şu günler howanyň yssy bolmagy bilen baglylykda ähli ýerlerde otag sowadyjy enjamlar örän köp ulanylýar. Şonuň üçin elektrik otag sowadyjy enjamlarynda dürli näsazlyklar sebäpli ýangyn döremek howpy ýüze çykýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy mähriban ildeşlerimizi gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga çagyrýar.

Elektrik enjamlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de öňüni alyş işlerini geçirmek örän möhümdir. Ýangyn hadysalary esasan gysga utgaşmadan, elektrik abzallarynyň aşa gyzmagyndan, elektrik enjamlaryna aşa agram düşmeginden we birikdirilen ýerleriň uly geçiş garşylygyndan ýüze çykýar. Şonuň üçin, ilkinji nobatda, öýleriň elektrik tok ulgamynyň gurnalyşynyň talabalaýyk bolmagyny gazanmaly.

Elektrik tok geçirijileriň daşky örtükleriniň toga garşy duruş derejesini barlatmaly.Daşky örtügi zaýalanan, ulanyş möhletleri geçen, köne elektrik tok geçirijilerini çalyşmaly. Öýüň elektrik togunda awtomatiki görnüşde tok gelmegini kesýän goraýjylary talabalaýyk gurnap, onuň iş kadasyna hemişe gözegçilik etmeli.

Elektrik ulgamyna bir wagtyň özünde çendanaşa köp elektrik energiýasyny sarp ediji enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermeli däl, çünki elektrik ulgamyna agram düşmegi bilen dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagy ähtimal.Elektrik tok geçirijiler biri-biri bilen birikdirilende ýörite gysyjylar bilen birikdirilse talabalaýyk bolar. Ýönekeý el bilen towlama usuly arkaly birikdirilmegi gowşak bolup, ol ýerlerde toguň garşylyklaýyn geçmegi emele gelip, elektrik geçirijileriň sütünleri gyzyp, daşky örtükleriniň guramagy bilen elektrik geçirijiler zaýalanyp, dürli nogsanlyklaryň ýüze çykmagyna getirer.

Hormatly ildeşler! Öýden, iş ýerlerinden çykyp gitmezden öň, gaz-elektrik akymy bilen işleýän enjamlaryň öçürilendigini barlamagy unutmaly däl. Gündelik durmuşda ulanylýan gaz-elektrik akymy bilen işleýän enjamlara ünsli hem aýawly çemeleşmegiň siziň saglygyňyzyň, oý-ojaklaryňyzyň abadanlygynyň kepilidigini ýatda saklaň!

Ýazmuhammet Akmedow,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň 6-njy bölüminiň müdiri.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýol düzgünleriniň bozulandygynyň jerimelerini tölemek üçin Galkan töleg goşundysy iOS goşundysynda elýeterli boldy
Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
Sanly çözgüt 2024 atly innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri
BERJAÝ EDILMELI DÜZGÜNLER
Täze doglan çagalara Aşgabat hem-de Merjen atlary dakyldy
Aşgabat we Merjen atly maşgalasynyň ilkinji körpeleriniň ene-atalary prezidentden sowgat aldylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany