Berhiz lukmany Tatýana Razumowskaýa hurmanyň adam bedeni üçin peýdaly hem zyýanly taraplary barada aýtdy diýip, mamadysh-rt.ru belleýär.
Lukmanyň aýtmagyna görä, hurma damarlaryň gowşaklygyny peseldýär, holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar, damarlary rahatlandyryp, gan basyşyny aşakladýar.Miwe gipertoniýa keselli adamlar üçin has peýdalydyr.Bir ortaça miwe ýoduň gündelik dozasyny üpjün edip bilýär. Ýöne hurmanyň sowuklama kesellerine garşy göreşde kömek edýän beta-karotiniň, magniýniň, kaliýniň, demriň we B witaminleriniň baý çeşmesidigine garamazdan, ol adamyň saglygyna zyýanly täsir edip bilýär.
Uly adama günde bir miwäni iýmek ýeterlikdir.Sebäbi hurmada kaloriýanyň azdygyna garamazdan, köp mukdarda glýukoza we fruktoza saklanýar. Şonuň üçin süýji keselinden ejir çekýän adamlar süýji miweden seresap bolmaly.
Onuň iýilmegi insulini ep-esli ýokarlandyryp biler.Ony galkan şekilli mäz keseline duçar bolan adamlara iýmek maslahat berilmeýär. Şeýle-de, hurmany böwrekde daş we peşew haltasynda näsazlyk bolan ýagdaýynda aşa köp iýmeli däldir.
Miwäni dok garna iýmek gowy, ýogsam hurma ýellenmä we diareýa getirip bilýär.