Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady

Berhiz lukmany her gün iýmeli däl önümleri sanady

Russiýaly berhiz lukmany Lýudmila Mikitýuk her gün iýmek maslahat berilmeýän azyk önümlerini sanady diýip, Life neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Hünärmeniň sözlerine görä, her gün tunes balygyny iýmek ýerlikli däldir, sebäbi bu balyk özüne simap toplamaga ukyplydyr. Şeýle-de, lukman gyzyl eti her gün iýmekden saklanmaga çagyrdy, çünki şeýle eti siňdirmek üçin adam bedeni çakdanaşa köp güýç sarp edýär.

Pyrtykaldyr ondan taýýarlanan miwes şireleri hem her gün sarp etmek maslahat berilmeýän azyk önümleriň hataryna girýär. Özüniň aýratyn tagamy bilen pyrtykal aşgazan şiresiniň turşulygyny ýokarlandyrýar. Bu gastritli, aşgazan ýaraly, aşgazan keselli adamlar üçin pyrtykaldan ýüz öwürmek üçin ýeterlik sebäpdir diýip, berhiz lukmany aýdýar.

Galyberse-de, pyrtykal allergiýa eltýän önümlere degişlidir. Mikutýuk şeýle-de her gün kelem we ýeralma iýmekden saklanmagy maslahat berdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 183 çaga ýogaldy
“Söýgi we kepderiler” gaýtadan prokata goýberiler
Puşkiniň dirikä çap edilen eserleriniň ýygyndysy satuwa çykarylar
A.Badak: Iki halkyň edebi gatnaşyklary berkeýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda