Bereketiň obalaryny sil suwlary basdy, onlarça maşgala öýlerini terk etdi

Bereketiň obalaryny sil suwlary basdy, onlarça maşgala öýlerini terk etdi

Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň käbir obalaryna sil geldi. Sebitde 50 töweregi hojalygyň öýüni sil suwlary basdy. Bu waka Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň ýagmagynyň we howa maglumatlaryny çap edýän neşiriň ýurduň käbir sebitlerinde suw joşmalarynyň ähtimallygyny duýdurmagyny yz ýanyna gabat geldi. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

"Etrabyň Uzynsuw, Oboý, Kanaý obalaryna, şeýle-de 8-nji we 10-njy atly dag etek obalaryna orta howp derejesindäki sil suwlary geldi" diýip, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi 18-nji martda habarçymyza gürrüň berdi.

Olaryň sözlerine görä, sil suwlary iň köp 10-njy atly oba zyýan ýetirdi. Bu ýerde 50 töweregi ýaşaýjynyň öýüni suw basdy. Netijede, onlarça maşgala öýlerini terk edip, wagtlaýyn dogan-garyndaşlaryna göçmeli boldy.

Sil suwlary ekerançylyk ýerlerine, şol sanda oba ýaşaýjylarynyň bugdaý, ýazky sogan we ýeralma meýdanlaryna hem ýaramaz täsir ýetirdi.

Habarçymyzyň we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, sil suwlarynyň gelmegine sebitde soňky dört gün bäri ýagýan güýçli ýagyş sebäp boldy.

Ýatlatsak, soňky günlerde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda we Mary welaýatynda yzygiderli ýagyş ýagdy.

17-nji martda Aşgabatdaky habarçymyz şäheriň ençeme köçesini ýagyn suwlarynyň basandygyny, jemagat hojalygy gullugyna degişli edaralaryň işgärleriniň köçeleri ýagyn suwlaryndan arassalamak tagallalaryna garamazdan, munuň o diýen başa barmaýandygyny habar berdi.

Galyberse-de, ​howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 17-nji martda Köpetdagyň dag eteklerinde we daglyk ýerlerinde, Ahal we Lebap welaýatlarynyň käbir sebitlerinde, şol sanda Aşgabatda güýçli ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

16-njy martda çap edilen maglumatda munuň dag çeşmeleriniň we wagtlaýyn akymlaryň boýunda suw joşmalaryna sebäp bolup biljekdigi hem duýduryldy.

Bu ýagdaýlar barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň resmi websaýtynda hiç zat aýdylmaýar.

Türkmen häkimiýetleri asuda ilaty gapyl basyp biljek tebigy hadyslar barada öňünden ýa soňundan habar bermekden adatça saklanýar.

Soňky ýyllarda, hususan-da, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň ýagyp, sil suwlarynyň gelmegi we munuň ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetirip, adam pidalaryna sebäp bolmagy bilen bagly tebigy hadysalaryň ençemesi ýüze çykdy.

Bereket etrabynyň oba ýaşaýjylary mundan iki ýyl ozalky gelen siliň netijelerini doly dikeldip ýetişmändiklerini aýdyp, häkimiýetleriň ne ozalky, ne-de häzirki tebigy hadysada özlerinden habar alyp, goldaw berýändigini aýdýarlar.

"2020-nji ýyldaky suw joşmalarynda adam pidalary hem boldy. Ilatyň mal-garasy, şol sanda düýeleri, sygyrlary, goýunlary, geçileri, towuklary haram öldi. Döwlet jaýlary gazmak üçin ekskawator hem berip bilmedi" diýip, bereketli ýaşaýjy anonimlik şertinde 18-nji martda gürrüň berdi.

Adatça bolşy ýaly döwlet media serişdelerinde Bereketiň obalaryna gelen sil we onuň ýaşaýjylara ýetiren zyýanlary barada hiç hili maglumat berilmeýär. Bu barada türkmen, şol sanda Bereketiň häkimiýetleri hem dymýar. Azatlygyň 18-nji martda Bereket etrap häkimligi bilen habarlaşmak synanyşyklary hem netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda bugdaý eken kärendeçiler saman umydyndan kesilýär - çeşmeler
Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
Lebapda pagta ýygym möwsümini 12-nji dekabra çenli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar
10.10.2017 | Uly ýaşly nesilleriň wekillerine Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Türkmenistanda nobatdaky 'ýumurtga krizisi' başlandy
'Bir görseň bar ýaly, bir görseň ýok ýaly': 2018-nji ýylda Türkmenistan tas 80 million ýumurtgany eksport edipdir
Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunda bolan ulag heläkçiliginde dört adam öldi we başga-da 10-a golaýy ýaralandy