Bereket şäherindäki ýod önümçiligi kärhanasy bu gün Türkmendermansenagat birleşiginde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Ýyllyk kuwwaty ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 millionyny hem-de diş ýuwujy serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmeklige niýetlenilip gurlan bu kärhanada şu ýylyň geçen alty aýynda jemi 4 million 500 müň manatlykdan hem gowrak önüm öndürilip, hasabat döwri üçin bellenilen meýilnama 150 göterim ýerine ýetirildi.
Kärhanada ýylyň başyndan bäri önümleri ýerleşdirmekden alnan peýda 300 müň manada barabar boldy.
Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, Bereket ýod önümçiligi kärhanasynda dünýä hil ülňülerine laýyklykda taýýarlanylýan, ekologiýa babatda arassa serişdeler stasionar bejeriş edaralarynda hem-de gaýragoýulmasyz lukmançylykda, şonuň ýaly-da açyk howada işlenilende, juda amatlylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem kärhananyň önümlerine içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirýänleriň sany barha artýar.
Muňa geçen döwürde 3 million 260 müň manatlykdan gowrak önüm ýerleşdirilip, tabşyryga artygy bilen hötde gelinmegi hem doly şaýatlyk edýär.