Bereket şäherindäki kärhanada 16 million manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi

Bereket şäherindäki kärhanada 16 million manatlykdan gowrak tikin önümleri öndürildi

Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikinçilik kärhanasynda geçen 2021-nji ýyl boýunça öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 16 million 310 müň manada barabar boldy.

Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli bolan bu kärhanada meýilnamada bellenilenden 3 million 349 müň manatlyk artyk önüm öndürildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

2011-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhanada Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyrylandyr.

Tikin fabriginiň çig maly bolan mata öz ýurdumyzda öndürilýär. Önümçilige zerur bolan mata öndürilişiniň ýyllyk möçberi hem 1140 tonna deňdir.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine gaýtadan işleýän we taýýar önümleri öndürýän kärhanalaryň 80-den gowragy girýär. Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň 55%-den gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda taýyn Zerewşan tikinçilik sehi satuwa çykaryldy
Çeper tikin fabriginiň önümleri Türkmenistandaky mekdep bazarlaryna çykaryldy
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Gandaş uniform: ýörite lybaslara täzeçe garaýyş
Ýatkeşligi ösdürmegiň usullary