Bereket etrabynda täze suw howdany işe girizildi

Bereket etrabynda täze suw howdany işe girizildi

Bereket etrabynda täze suw howdany çarşenbe güni ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, bu dabaraly çärä Hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde gurlan suw howdanynyň göwrümi 18 million kub metre barabardyr. Howdanyň we bendiň gurluşygynda ýerli känlerden alnan gurluşyk materiallary ulanyldy, hususan-da, olaryň berkidilmegi üçin 167 müň 500 kub metr çagyl gerek boldy. Bendiň umumy uzynlygy 7,8 kilometrden gowrakdyr. Esasy önümçilik desgalaryndan başga-da, ýol we energetika düzümleriniň desgalary guruldy.

Habara görä, suw geçirijilik ukyby sekuntda 10 kub metre barabar bolan täze suw hojalyk toplumynyň işe girizilmegi Bereket etrabynyň ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrar.

Bu gidrotehniki toplumyň taslamasy “Türkmensuwylymtaslama” institutynda taýýarlanyldy, gurluşyk işlerini bolsa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň “Garagumderýagurluşyk” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur
Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurtdur
Balkan welaýatynda göwrümi 18 million kub metr bolan täze suw howdany açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirildi
Suw hojalygynyň hünärmenleri BMGÖM bilen hyzmatdaşlykda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalry ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler