Berdiýew dünýäniň häzirki wagtdaky iň goja tälimçileriniň hataryna goşuldy

Berdiýew dünýäniň häzirki wagtdaky iň goja tälimçileriniň hataryna goşuldy

Mahaçkalanyň Dinamosynyň täze bellenilen tälimçisi, 70 ýaşly türkmenistanly hünärmen Gurban Berdiýew dünýäniň häzirki wagtdaky iň goja tälimçileriniň reýtingine goşuldy.

Häzirki wagtda bu reýtingiň ilkinji onlugynda 75 ýaşly Roý Hojson liderlik edýär. Iňlis tälimçisi şu ýylyň mart aýynda Krystal Pelas bilen şertnama baglaşyp, topary Angliýanyň premýer-ligasynda alyp galmagy başardy.

Bu ýyl top-5-likde ýene-de iki sany goja tälimçi işledi. Olaryň birinjisi Kalýariniň 71 ýaşly halypasy Klaudio Ranýeri, ikinjisi bolsa Metsiň 70 ýaşly tälimçisi Laslo Bolonidir.

Mundan başga-da, 71 ýaşly Şenol Güneş hem Beşiktaş bilen üstünlikli iş alyp barýar. Onuň golastyndaky topar Türkiýäniň çempionatynyň geçen möwsüminde üçünji orny eýeläp, Ýewropanyň Konferensiýalar Ligasynyň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Şeýle-de ýaşy 70-den geçen goja tälimçileriň hatarynda DÇ-2022-den soň Kataryň milli ýygyndysynyň baş tälimçisine öwrülen Karluş Keýruşy we iki ýyl bäri Beniniň milli ýygyndysyny türgenleşdirýän Gernot Roty görkezmek bolar.

Bulardan başga-da, Islaniýadyň milli ýygyndysynynyň 69 ýaşly Ole Hareýd hem-de onuň 74 ýaşly kömekçisi Lars Lagerbek hem goja tälimçileriň sanawynda orun alýarlar.

Ýene degişli makalalar

Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy
Argentinanyň Kubogynyň iň gowy golçusynyň baýragyna Agueronyň ady dakyldy
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Italiýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy
Manuel Noýeriň taryhy rekordy