Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik

Berdimuhamedowyň nobatdaky zehini’: awto-inženerçilik

Türkmenistanyň prezidenti özüniň nobatdaky zehinini, ýagny ulaglary konstruirlemek başarnygyny we bu babatdaky inženerçilik ukybyny görkezdi.

Sişenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow, ogly Serdar bilen, özüniň çyzandygy aýdylan şekilleri esasynda sport ulagyny täzeden enjamlaşdyrdy, gurnady hem-de onuň mümkinçiliklerini synap gördi.

Get Adobe Flash Player

Embed

Paýlaş

Berdimuhamedow awto-inžnerçilik ukybyny görkezdi

Embed

Paýlaş

The code has been copied to your clipboard.

width

px

height

px

The URL has been copied to your clipboard

No media source currently available

0:00

0:01:36

0:00

Ýükle

270p | 4,6MB

360p | 7,8MB

720p | 17,0MB

1080p | 38,0MB

Türkmen telewideniýesinde görkezilen ýörite reportažda Berdimuhamedowyň Aşgabatdaky Awtomobil merkezinde çuňňur oýa batyp, kagyzyň ýüzünde ulagyň daşky bezegini, tehniki kuwwatyny artdyrmak boýunça şekilleri çyzýan, nähilidir bir formulalary ýazýan pursatlaryny synlasa boldy.

Çyzgylary dynanyndan soň, Berdimuhamedow eline gaýka açaryny alyp, ulagyň hereketlendiriji şaýlaryny towlamaga we onuň käbir gurallaryny täzeden düzmäge başlady. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow bolsa, prezident kakasynyň işini gapdalyndan synlady.

Get Adobe Flash Player

Embed

Paýlaş

Berdimuhamedow krizis döwri, ýene-de ulagda ýaryşdy

Embed

Paýlaş

The code has been copied to your clipboard.

width

px

height

px

The URL has been copied to your clipboard

No media source currently available

0:00

0:01:08

0:00

Ýükle

270p | 3,2MB

360p | 5,4MB

720p | 11,9MB

1080p | 26,0MB

Munuň yzy bilen, awtomobil sporty boýunça “Türkmenistanyň sport ussady” Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň çyzgylary esasynda “täzeden düzülendigi” aýdylýan sport ulagyny iş ýüzünde synap gördi. Serdar hem prezident kakasyndan yza galman, şturmanyň ornunda oturdy.

Türkmen prezidentiniň öň belli bolmadyk bu inženerçilik ukyby onuň çagalyk we ýetginjek ýyllary kemala gelipdir. Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlygynda kiçi we uly görnüşli welosipedleri sürüp, olaryň daşky görnüşlerini üýtgedip, olara özboluşly serişdeleri oturdyp oňyn tejribe toplapdyr; şeýle-de, ol öz welosipedine “aýratyn gadyr” goýupdyr. Hut şol döwürler hem Berdimuhamedow awtomobil sporty bilen-de meşgullanyp başlapdyr.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Berdimuhamedow 2006-njy ýylda häkimiýet başyna geçeninden soň, ol ýygy-ýygydan dürli, şol sanda sport ulaglarynyň başyna geçip dürli ýaryşlara gatnaşyp, şeýle-de ulaglarda drifting’ hereketlerini ýerine ýetirip başlady.

Get Adobe Flash Player

Embed

Paýlaş

Berdimuhamedowyň näçe başarnygy bar?

Embed

Paýlaş

The code has been copied to your clipboard.

width

px

height

px

The URL has been copied to your clipboard

No media source currently available

0:00

0:00:51

0:00

Ýükle

270p | 2,5MB

360p | 4,2MB

720p | 9,3MB

Inženerçilik, sürüjilik ukybyndan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň aýdym-saz, ýazyjylyk, çapyksuwarlyk, hokkeý oýnamak ýaly başarnyklary bilen-de bellidir.

Ýeri gelende ýatlatsak, şu ýylyň 11-15-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanda, Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi esasynda, “Amul Hazar 2018” halkara rallisi geçiriler. Türkmen häkimiýetleri 1 müň 500 kilometrlik “rallini üstünlikli geçirmek we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek, ýaryşlara meşhur türgenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen” diýen kesgitleme esasynda, “Africa Eco Race” kompaniýasy bilen şertnama gol çekdi.

Emma, ýurduň agyr ykdysady krizisi, maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän; azyk harytlarynyň dowamly gymmatlaýan we gytalýan döwri bu derejeli rallilere harçlanjak maliýe serişdeleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow krizis döwründe kaşaňdan-kaşaň myhmanhana gurdurýar
Prezident Duşenbede geçirilýän suwly maslahata gatnaşýar, synçylar daşky gurşawa aladaly garaýar
Migrasiýanyň başlygynyň talabyndan soň gidýän we gelýän raýatlara degilmeýändigi aýdylýar
Daşoguz welaýatynda ýene duzly tozan ýagýar
Daşoguzda gök-bakja ekinleri gymmatlaýar, polisiýa söwdegärleri bazardan kowýar
Daşogzy, Lebaby duzly apy-tupan gurşap aldy (WIDEO)