Berdimuhamedowyň Ermenistanyň premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlan Sargsýany işden çekildi

Ermenistanyň ozalky prezidenti, 17-nji aprelde premýer-ministriň wezipesine bellenen Serž Sargsýan ýurtda on günläp dowam eden köpçülikleýin protestlerden soň işden çekildi.

Sargsýan ýurduň ýaşaýjylaryna ýüzlenip, şeýle diýdi: “[Protest hereketlerine ýolbaşçylyk eden] Nikol Paşinýan mamla boldy.Men ýalňyşdym.Emele gelen ýagdaýyň birnäçe çözgüdi bar.Emma men ol ýollaryň hiç birinden gitmerin.

Olar menlik däl.Men hökümet başlyklygyny, premýer-ministriň wezipesini terk edýärin” [ meduza.io-nyň sitatasy].

“Elk” oppozision hereketiniň lideri Nikol Paşinýanyň aýtmagyna görä, Ýerewanda ýerli wagt bilen sagat 17:30-da “ýeňiş mitingi” geçiriler.

Belleýäris, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji aprelde Sargsýany Ermenistanyň premýer-ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Türkmen prezidenti öz gutlagynda Serž Sargsýanyň biliminiň, ýokary professionallygynyň we baý syýasy tejribesiniň Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan buýana hem giňeltmäge ýardam etjekdigini belledi diýip, TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Ýerewandaky Protest Aksiýalarynda 151 Adam Saklandy
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Ýaponiýa Demirgazyk Koreýany Protest Etdi
Londonda Ysraýyla Garşy Protest Geçirildi
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär