“Prezidentiň ýaş toýunyň öňünden Aşgabatda idegsiz janly-jandarlary köpçülikleýin öldürmek güýçlendi” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.Bu habar Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň fewral aýynda öýsüz haýwanlar üçin döwlet gözegçiliginde gonalga gurmagy teklip etmeginiň dört aý gowrak soňundan gelýär.
Azatlyk 21-nji iýunda aşgabatlylaryň şäher köçelerinde ölen it-pişikleriň jesetleriniň ýakymsyz ysynyň köpelmeginden bildirýän aladalaryny habar berdi.Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagynyň fonunda eýesiz it-pişikleriň köpelmegi we olaryň şäher häkimiýetleriniň arassalaýyş tagallalarynyň pidalaryna öwrülmegi soňky ýyllarda adaty bir ýagdaýa öwrüldi we prezident Berdimuhamedow fewralda birden rehimsiz ýok edlýändigi aýdylýan jandarlara "hossar" çykdy.
Türkmen mediasynyň 15-nji fewraldaky maglumatyna görä, Berdimuhamedowhaýwanlar üçin hassahana gurmak işiniwise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe tabşyrdy.Emma ýerli synçylar “it-pişikleri awlamagyň hiç wagt doly bes edilmändigini, prezidentiň iýun aýynyň aýagynda bellenilýän ýaş toýunyň öňüsyrasynda bolsa resmileriň “arassalaýyş” diýýän işiniň has güýçlenendigini” gürrüň berýärler. “Prezidentiň ynsanperwerlik we haýwanlar üçin gonalga gurmak baradaky çykyşyndan soň jemagat hojalygynyň işgärleri itleri we pişikleri öldürmek bolanok diýdiler, bu barada kanun çykandygyny aýtdylar; köp adam begendi, indi jandarlary öldürmezler diýip umyt etdi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly ýaşaýjy aýtdy. “Ýöne basym bu gürrüňleriň yzynda hiç bir işiň ýokdugy belli boldy, hiç zat üýtgemedi.
Birazdan bolsa, “ýene öldürmek bolýar” diýip başladylar. Ölüm konteýneri hiç wagt togtamady, maý aýynyň aýagynda, hususan-da köpelme möwsüminden soň gaçyp-tezip galan jandarlary köpçülikleýin zäherlemek başlandy” diýip, radionyň söhbetdeşi gürrüň berdi. 15-nji iýunda 30-njy mikroraýondaky jaýlaryň birinde “kwartal” diýilýän ýere üç sany güjügi zyňypdyrlar. Ýaşaýjylar güjükleri ýygnamaklaryny haýyş edip, derrew“Umyt adasyna” telefon etdiler, sebäbi jandarlary awlaýanlar hemme ýerde sümsünip ýördi diýip, Azatlyga gowşan maglumatda aýdylýar.
Emma jandarlaryň gonalgasyndan gelip ýetişmänkäler, arassalaýjylar diýilýänler peýda boldy. “Olaryň arasynda Maksat diýilýän biri has rehimsizligi bilen tapawutlanýar, jemagat hojalygynyň işgärleri oňa öz aralarynda “Ryžyý (çypar) Maksat” diýip ýüzlenýärler.
Ol betbagt jandarlary diňe öldürmek bilen çäklenmeýär, eýsem olaryň parça-parça edilip, gynalyp öldürülmeginden lezzet alýar” diýip, ýaşaýjylar Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdiler.Olaryň sözlerine görä, “Ryžyý Maksat” 30-njy mikroraýonda taşlanan güjükleriň biriniň aýagyna elindäki pil bilen urup, agyr ýara saldy.Emma ol janawar ölmän galdy.
Agyrysyna çydaman waňkyrýan güjügiň sesine ýaşaýjylar ylgap çykdylar we ony “arassalaýjynyň” elinden aldylar, häzir ol ýaraly jandarlaryň gonalgasyna ýerleşdirildi” diýip, idegsiz itleriň ykbalyna parhsyz garamaýan aşgabatlylaryň biri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu güjük bilen bir wagtda penahana aýagy açyk ýaraly, tas kesilen pişijegi hem getirdiler.Oňa operasiýa etdiler, aýagynyň çapylan ýerini aýyrdylar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Häzir Aşgabatda ýaraly pişikleriň köpelendigi aýdylýar. “Jemagat hojalygynyň işgärleri olary beýleki ujuna çüý kakylan taýaklar ýa-da armatura çybyklary bilen öldürmäge çalyşýarlar, jandarlaryň ölmedigi ýaraly, maýyp bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýdýar.
Mundan başga, döwletiň aýlykly işgärleriniň eýesiz janly-jandarlara edýän süteminiň gapdalyndan, çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda hem rehimsizlik köpelýär, olar jandarlaryň gözlerini köwlemek, gulak-guýruklaryny kesmek, olary otlamak we aýaklaryn çüý kakmak ýaly işlere baş goşýarlar diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri gürrüň berýär. Şu aralykda Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda itler üçin gonalga gurlandygy habar berilýär. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň öz habarçylaryn salgylanyp ýazmagyna görä, itler üçin gonalgany 29-njy iýunda, prezidentiň doglan gününde açmakçy bolýarlar.
Emma neşir bu gonalganyň öýsüz itler ýa-da tohum itler üçin gurlandygyny anyklap bilmändigini aýdýar.Bu maglumatlar Garrygalada, häzirki Magtymguly etrabynda prezident Berdimuhamedowyň nobatdaky doglan gününe taýýarlyk üçin adamlaryň mejbury işledilýändigi baradaky habarlaryň arasynda gelip gowuşdy.