Berdimuhamedowyň Abadançylygyň röwşen gadamlary kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Berdimuhamedowyň Abadançylygyň röwşen gadamlary kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abadançylygyň röwşen gadamlary atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Döwlet Baştutanynyň çuň mazmunly we suratlar bilen baýlaşdyrylan täze kitabynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuň akyl ýetirilmeleriň, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Bu kitap häzirki zaman halkara durmuşynyň köp sanly çylşyrymly sowallaryna jogap berip, Türkmenistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan işlerinde ileri tutýan düýpli çemeleşmelerine, ornuna, maksatlaryna we wezipelerine anyk düşünmäge ýardam eder.

Şeýle-de çärede Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Filipp Saprykin, Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Talant Sultanow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Irfan Ahmed, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan çykyş etdiler. Ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem täze kitap barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Gollandiýa Ukraina 28 Sowutly Harby Ulag Berdi
Kann kinofestiwaly ýeňijileri yglan etdi
Real Mançester Sitini ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mohamed Salah Angliýada ýylyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi