Berdimuhamedowyň Abadançylygyň röwşen gadamlary kitaby rus we iňlis dillerinde neşir edildi

Berdimuhamedowyň Abadançylygyň röwşen gadamlary kitaby rus we iňlis dillerinde neşir edildi

14-nji martda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abadançylygyň röwşen gadamlary atly kitabynyň iňlis we rus dillerindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistandaky diplomatik edaralaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanymyzyň çuň mazmunly suratlar bilen baýlaşdyrylan kitabynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuň akyl ýetirmeleriň, onuň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň öz beýanyny tapýandygyny aýtdy.

Şeýle-de çärede Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý, Watikanyň Türkmenistandaky Apostol Nunsiaturasynyň medeniýet meseleleri boýunça attaşesi Andžeý Madeý dagylar hem çykyş etdiler

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory M.Kuliýewa we beýlekiler hem öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, bu eser Milli Liderimiziň köpçüligiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysy bolup, onda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar hakynda ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan soraglar barada oýlanmalar öz beýanyny tapýar.

Ýene degişli makalalar

DIM-IŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ IŇLIS WE RUS DILLERINDE TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Russiýaly mugallymlar türkmen kärdeşleri üçin kämilleşdiriş sapaklaryny geçerler
Aşgabatdaky baky oda gül çemenlerini prezidentiň ýerine Halk Maslahatynyň başlygy goýdy
Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenildi
Rusdemirýollarynyň wekilleri Türkmenistanda saparda bolarlar
Owgan wekiliýeti TOPH boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Türkmenistana geler, Russiýanyň demir ýollary kompaniýasynyň ýolbaşçysy sapar bilen Aşgabada geler, Türkmenistan Demirgazyk Günorta ulag geçelgesinde uly mümkinçilikleri görýär