Ministrler Kabinetiniň 30-njy apreldäki mejlisinde hökümet başlygynyň söwda boýunça orunbasary Çary Gylyjow öz işleri barada prezident Berdimuhamedowa hasabat berip, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalarynyň ýurdyň içerki bazarlaryny ýerli azyk önümleri bilen doly üpjün edýändigini habar berdi.
Bu barada döwlet täzelikler gullugy TDH maglumat berýär.
Gylyjowyň sözlerine görä, ýurtda towuk eti, ýumurtga, süýji-köke, et, kolbasa önümleri, miwe suwlary, ösümlik ýaglary, çörek, gök-bakja, süýt önümleri we beýleki harytlar öndürilýär.
Gylyjow bu ugurda işleri has ösdürmek üçin käbir teklipleri edende, prezident oňa we ykdysadyýet, mailýe meseleleri boýunça orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowa ýerli azyk önümlerini artdyrmagy we olaryň daşary ýurtdan getirilişini kemeltmegi tabşyrdy.
Şol bir wagtyň özünde, Aşgabatdaky döwlet dükanlarynda esasy azyk önümleriniň ýiti gytçylygy we uly nobatlar barada habar berilýär.
Azyk önümleri hususy dükanlarda bar. Emma, olaryň bahasy döwlet dükanlardan birnäçe esse gymmat.
Çünki, bu dükanlarda nyrhlar dollaryň döwlet bahasyndan 11 esse ýokary bolan “gara bazar” nyrhy bilen goýulýar.
Türkmenistanyň döwlet statistika komiteti azyk önümleriniň eksporty we importy barada maglumat ýaýratmaýar.
Ýöne, Ýewraziýanyň Ykdysady komissiýasynyň beren maglumatlarynda Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Russiýadan azyk önümleriniň Türkmenistana importy örän ýokary derejede diýilýär.The post Berdimuhamedowa içerki bazaryň ýerli azyk önümleri bilen üpjün edilendigi barada hasabat berdiler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.