Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji noýabrda ÝHHG-niň milli azlyklary boýunça ýokary komissary Lamberto Zanniýeri kabul etdi
taraplar duşuşygyň dowamynda milli azlyklar we olaryň jemgyýetdäki durmuşa goşulmagy hakyndaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip,döwlet habar gullugy ТДХ habar berýär.
Türkmenistanyň baştutany komissara ýurduň ähli raýatlygynyň deň hukukly we adadan durmuşda ýaşamagynyň ösüşiň girewi bolup durýandygyny, şeýle-de geçen ýyl adam hukuklary boýunça ambudsmeniň adalatçynyň wezipesiniň döredilendigini gürrüň berdi.
Taraplar ýar bolan meseleriň ählisi boýunça konstruktiw hyzmatdaşlyga taýýarlyklaryny tassykladylar.
ÝHHG-niň wekili şol günüň özünde Türkmenistanyň parlamentinde duşuşyk geçirdi, şeýle-de DIM-niň başlygy Reşit Meredow hem-de onuň orunbasarlarynyň biri Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
1 of 2