29-njy noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” rus şirketiniň başlygy Wagip Alekperowy kabul etdi diýip döwlet habarlar gullugy TDH maglumat berýär.
Taraplar maýa goýumlary, iri düýp gurluş taslamalaryny durmuşa geçirmek, türkmen energiýa baýlyklaryny dünýä bazarlaryna dürli ýollardan daşamak barada maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň esasy mowzugy Hazaryň uglewodorod baýlyklaryny özleşdirmek bolup, “bu ýerde esasy faktor kanuny kadalara we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýulýan ylalaşylan halkara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagydyr”.
Alekperowyň aýtmagyna görä, türkmen bazarynda amatly maýa goýumy yklymy döredilen, hereket edýän hukuk esasy- tebigy gaz ýataklaryny özleşdirmek, zerur bolan düýp gurluşlaryň bina edilmegi üçin sermaýa ýatyrylmagyna kepilnama.
Berdimuhamedowyň we Alekperowyň ahyrky duşuşugy mundan bir aý çemesi owal Aşgabatda geçipdi. Taraplar ÝET maýa ýatyrmagy,energiýa baýlyklary dürli ýollardan daşamagy we Hazaryň ýalpaklaryndaky tebigy baýlyklary özleşdirmegi maslahat edipdiler.
Şu ýylyň fewralynda türkmen prezidenti we “Lukoýlyň” başlygy Hazardaky “Dostlyk” (öňki Serdar/Käpaz) ýatagyny özleşdirmegi ilkinji gezek gürrüň edipdiler.
2021-nji ýylyň iýulynda Berdimuhamedow bu ýatagy özleşdirmek babatda Azerbaýjanyň döwlet şirketiniň (SOCAR) başlygy Rownag Awdyllaýew bilen hem maslahatlaşypdy. The post Berdimuhamedow we rus “Lukoýlynyň” başlygy Hazardaky ýataklary özleşdirmegi ýene-de maslahatlaşdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.