30-njy ýanwarda ýurdumyza Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli güwänama gelip gowuşdy. Bu barada 31-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda habar berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly waka mynasybetli türkmen halkyna Gutlag iberdi.
Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň, ussaçylygyň we sungatyň mekanydyr.Dutar ýasamak senetçiligini sungat derejesine ýetiren halkymyzyň dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda orun aldy.
Müňýyllyklaryň dowamynda dutar türkmeniň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegine, merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrüldi.Babagammar we Aşyk Aýdyň ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutar ýasamak, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelindi diýlip, türkmen Lideriniň Gutlagynda nygtalýar.
Hatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Gulgeldi ussa, Kel bagşy, Hally bagşy, Sary bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, Orazgeldi Ylýasow, Oraz salyr, Garadäli gökleň, Çowdur bagşy, Nurberdi Gulow, Aşyrmämmet Dawudow, Soltan Atanepesow, Pälwan bagşy, Öre şyh, Palta bagşy, Baýar bagşy, Nazar baga, Magtymguly Garlyýew, Bazar bagşy, Öwezmyrat bagşy, Juma Wellekow, Mustak Aýmedow, Nobat bagşy, Garly bagşy, Ödenyýaz Nobatow, Girman bagşy, Gurt Ýakubow we başga-da ençeme meşhur bagşy-sazandalarymyzyň türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşandygyny nygtamak bilen, Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek möhüm wezipeleriň biridir diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.