Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda koronawirus pandemiýasyna garşy üstünlikli göreşmekde aýgytlaýjy ädimleriň biriniň hem rus önümçiligindäki sanjymlardygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bakteriologiýany we wirusologiýany öwrenmekde, koronawirus ýokanjynyň öňüni almak boýunça netijeli usulyýetleri we gollanmalary düzmekde ylmy ugurdan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada beýan etdi.
Türkmenistan öňki sowet döwletleriniň giňişliginde koronawirus ýokanjynyň resmi taýdan hasaba alynmadyk ýeke-täk döwletidir. Pandemiýa başlany bäri, ýurtda girişe we halkara uçuşlaryna berk çäklendirmeler girizildi, şeýle hem agyz-burun örtükleri dakylyp başlandy.
Iýul aýynyň başynda Türkmenistanda 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-e garşy sanjym etmek kampaniýasy başlandy. Munda Sputnik V we Epiwakkorona rus sanjymlary, şeýle hem CoronaVac hytaý sanjymy ulanyldy.
TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýurtda koronawirus ýokanjynyň birjik-de hasaba alynmandygyny nygtap, seresaplylygy elden bermezligi hem-de köp sanly ýurtlarda COVID-19-yň täze ştammlarynyň ýüze çykmagynyň çäginde öňüni alyş çärelerini güýçlendirmegi tabşyrdy.