Berdimuhamedow: Türkmenistan ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär

Berdimuhamedow: Türkmenistan ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda “Euronews” telekanalyna interwýu berip, Russiýa-Ukraina urşundan, Merkezi Aziýa sebitiniň suw meselelerine, Owganystandaky şertlerden Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara çenli bir topar temalara teswir berdi.

Berdimuhamedow özüniň daşary ýurt media guramalaryna berýän seýrek interwýularynyň birinde Russiýa Ukraina urşy babatynda Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgesine eýerýändigini hem-de şeýle çaknyşyklaryň BMG Hartiýasynyň hem-de halkara hukugynyň üsti bilen çözülmegini goldaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan Russiýanyň üç ýyl bäri Ukrainada alyp barýan urşunda bitaraplyk we goşulyşmazlyk pozisiýasyny üýtgewsiz saklap galdy. Şol bir wagtda, döwlet media serişdeleri we elektron neşirler uruş barada habar bermekden saklanyp gelýär.

Berdimuhamedow Merkezi Aziýa sebitiniň suw meseleleri bilen bagly özüne berlen soraga Türkmenistanyň bu meselede hem halkara hukugynyň talaplarynyň berjaý edilmegine çagyrýandygyny, bu ugurda sebitdäki ýurtlaryň ählisiniň bähbitleriniň göz öňünde tutulmalydygyny, şeýle-de öz ýurdunyň bu mesele babatynda BMG-niň gatyşmagynyň ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.

“Türkmenistan Merkezi Aziýada Suw çeşmelerinden peýdalanmak boýunça Sebit geňeşiniň esaslandyrylmagyny teklip edýär” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Ýatlasak, geçen ýylyň martynda türkmen resmileri "Talyban" ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýetiniň agzalary bilen Aşgabatda geçiren duşuşygynda hem serhetaşa derýalardan peýdalanmakda halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmegine çagyryş edipdi.

Berdimuhamedow "Euronews" telekanalyna beren interwýusynda Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ykdysady integrasiýany goldaýandygyny aýdyp, iki ýurduň arasynda durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň ähmiýetini nygtady.

Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklar barada aýdylanda, “biziň ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen arada syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär” diýip, Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle-de, ol söwda we transport pudagynda; ylym, bilim, medeniýet pudagynda; hem-de parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ugurlarda taraplaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady.

Berdimuhamedow öňümizdäki hepdelerde geçiriljek Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi sammitiniň taryhy sammit boljakdygyny nygtap, onda Türkmenistanyň ünsüniň esasan parahatçylyga, durnuklylyga, ykdysady we tehnologiýa hyzmatdaşlygyna, sebit howpsuzlygyna, serhetleriň goraglylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşilmegine, şeýle-de daşky gurşawy goramak, hem-de emeli aň pudagynda hyzmatdaşlyga gönükdiriljekdigini aýtdy.

Ilkinji Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi sammiti 3-4-nji aprelde Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Bu duşuşyga Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antonio Kostanyň, Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Leýeniň, hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirýändigini aýdyp gelýär. Bu ugurda Bileleşigiň 2019-njy ýylda kabul eden strategiýasy sebitde adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, kanunyň hökmürowanlygynyň hormatlanylmagyny ileri tutýar.

Soňky wagtlarda türkmen we ýewropa resmileriniň arasynda gatnaşyklar ýygjamlaşýar. Mundan ozal, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk toparynyň başlygy Juzeppina Prinçiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti 25-27-nji fewralda Türkmenistanda saparda boldy. Biraz soň, 4-nji martda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenen wekili Eduards Stipraýs Aşgabada sapar etdi.

Bu duşuşyklarda taraplar, resmi habarlara görä, “TürkmenistanÝB” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, şeýle hem Adam hukuklary boýunça dialogynyň ulgamlaýyn işiniň ähmiýeti nygtap, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.

Türkmen lideri mundan ozal, soňky birnäçe ýylyň dowamynda, Russiýanyň, Hytaýyň hem-de Türkiýäniň döwlet goldawyndaky iri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýu beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Fransiýada geljek birnäçe ýylda pes hasyla garaşýarlar
“Wero” töleg hyzmaty işe giriziler
Yzy kesilmeýän yssy we guraklyk sebäpli Rumyniýada köller ýok bolýar
Dünýäniň iň özüne çekiji binaly şäherleri
Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Britaniýanyň Konserwatorlar partiýasynyň täze başlyklygyna Kemi Badenok saýlandy