Berdimuhamedow Türkmenbankyň, ”Türkmennebitiň” we Statistika boýunça Döwlet toparynyň başlyklaryny çalyşdy

Berdimuhamedow Türkmenbankyň, ”Türkmennebitiň” we Statistika boýunça Döwlet toparynyň başlyklaryny çalyşdy

5-nji aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalary bilen mejlis geçirip, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryny belledi diýip döwlet täzelikler gullugy TDH maglumat berýär.

Netijede, kiçi Berdimuhamedow diňe üç emeldary çalyşdy:

-maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Toýly Mälikow Türkmenistanyň Merkezi Banknyyň başlygy, şeýlede Halkara Pul Gaznasynda we Aziýa Ösüş Bankynda Türkmenistanyň dolandyryjylary bellendi. 2021-nji ýylyň iýulyndan bu wezipeleri Gadyrgeldi Müşşikow eýeläpdi.

-“Türkmennebit”döwlet şirketiniň başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow edaranyň başlygy bellendi. 2020-nji ýylyň fewralyndan şol wezipäni Güýçgeldi Baýgeldiýew eýeläpdi.

-zähmet we sosial gorag ministriniň orunbasary Döwletgeldi Amanmuhammedow Türkmenistanyň statistika boýunça döwlet toparynyň başlygy boldy. 2019-njy ýylyň iýulyndan kürsini Silap Begbegow eýeläpdi.

Galan 25 ministr,döwlet kärhanalarynyň,edaralarynyň başlyklary öz kürsilerini goradylar.

Olar barasynda rusça doly maglumatlar bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.

25-nji martda prezident Ministrler Kabinetiniň başlygy wezipesinde özüniň ilkinji mejlisini geçirip,premýer-ministriň orunbasarlarynyň öňki düzümini saklady.

Diňe Muhammetguly Muhammedow ykdysady, bank we halkara maliýe gurluşlar boýunça wise-premýer bellenipdi.Mundan öň şol wezipäni kiçi Berdimuhamedow eýeläpdi.The post Berdimuhamedow Türkmenbankyň, ”Türkmennebitiň” we Statistika boýunça Döwlet toparynyň başlyklaryny çalyşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Prezident ýangyç-energetika toplumyndan nägile bolýar, bäş resmi “berk käýinç” aldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Ilatyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemezliginiň arasynda jaýlaryň diwarlarynda gara heň döreýär