Berdimuhamedow türkmen ştangaçylarynyň çykyşyndan nägile boldy

Berdimuhamedow türkmen ştangaçylarynyň çykyşyndan nägile boldy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Agyr atletika boýunça Dünýä Çempionatynda çykyş eden türkmen türgenleriniň ýokary netije görkezip bilmändiklerini aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. 1-10-njy noýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen halkara sport çäresinde öý eýesi Türkmenistan 3 medaly bilen 16-njy orna mynasyp bolupdy.

Türkmenistanyň hasabyndaky medallaryň üçüsini hem diňe bir türgen, ýagny 21 ýaşly Ýulduz Jumabaýewa almagy başardy.Ol 45 kilograma çenli iň ýeňil agram derejesinde çykyş edip iki kümüş we bir bürünç medallara eýe boldy. Çempionatda Türkmenistandan jemi 12 türgen gatnaşyp, olaryň 4-si “kadadan çykma goşmaçalaryň” hatarynda çykyş edipdi.

Berdimuhamedow duşenbe güni geçirilen nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda eden çykyşynda, ýurtda sportuň ösdürilmegine “ägirt uly serişdeleriň” goýberilýändigine garamazdan, olaryň netijesiniň görünmeýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol munuň bilen baglylykda “dürli maslahatlarda, mejlislerde, şol sanda giň möçberli ýaryşlary geçirmäge görülýän taýýarlyk pursatlarynda anyk tabşyryklaryň birnäçe gezek berlendigine garamazdan, olaryň doly ýerine ýetirilmändigini” hem belledi.

Emma, prezident gürrüňini eden şol “ýerine ýetirilmedik” tabşyryklarynyň jikme-jikleri barada hiç zat aýtmady.Mundanam başga, Berdimuhamedow türkmen türgenlerine halkara ýaryşlarda beýik ýeňişleri gazanmagy, türkmen sportunyň derejesini belende götermegi üçin ähli zerur şertleriň bardygyny öňe sürüp, sporty ösdürmegiň ylmy-usulyýet esaslaryny kämilleşdirmegi tabşyrdy.

WIDEO: Çempionatdan öň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ştangaçylyk ukybyny görkezdi.Prezidentiň bu ugurdaky çykyşlaryna garamazdan, halkara ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň, Berdimuhamedowyň öz sözi bilen aýdylanda, “beýik ýeňişleri” kän göze ilmeýär. Ýatlatsak, Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda jemi 245 medal gazanan türkmenistanly türgenler, Indoneziýada geçirilýän halkara ähmiýeti has derwaýys Aziýa oýunlarynda bary-ýogy 3, ýagny bir kümüş we iki bürünç medallary gazanyp bilipdi. Şeýle-de, Türkmenistan 27 ýylyň içinde ýekeje-de Olimpiýa medalyny alyp bilmedi.

Galyberse-de, 12-nji noýabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty barada gürrüň edilende, onda öý eýesi Türkmenistan bilen bagly ýüze çykan dawaly ýagdaýlar barada hiç zat aýdylmady. Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň, Dopinge garşy bütindünýä agentliginiň bu ugurdaky gadagançylyklaryna garamazdan, diskwalifikasiýa edilen türkmen ştangaçysy Umurbek Bazarbaýewiň tälimçilik işlerine çekendigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Mundanam başga, türkmenistanly dört türgeniň ýaryşlara “kadadan çykma goşmaçalaryň hatarynda” gatnaşdyrylmagynyň Halkara agyr atletika federasiýasynyň düzgünnamasyna gabat gelmeýändigi nygtalypdy. Şeýle-de, ýaryşlara gatnaşmak üçin arza bilen ýüz tutan 20 türgeniň diňe sekizsine bäsleşmäge rugsat berildi.

Maglumata görä, ştangaçylaryň aglabasy, ýaryşyň şertlerine laýyklykda, özleriniň nirededikleri, ýagny ýaşaýan we ýerleşýän ýerleri barada “Anti doping dolandyryş ulgamynda” yzygiderli hasaba durmandyrlar.Agyr atletika boýunça Dünýä Çempionatynda medallaryň umumy sany boýunça Hytaýyň topary 53 medal bilen birinji orny, Taýlandyň topary 17 medal bilen ikinji we Demirgazyk Koreýanyň türgenleri 12 medal üçünji orny eýelediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasyna, türgenine WADA-nyň sanksiýalary girizilmegi mümkin
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça federasiýasyna çetleşdirilen trener bilen işleşeni üçin DGBA gadaganlygy abanýar
Ysraýylly esgerler ot açan palestinalynyň üstünden ulaglary bilen geçdiler
Serdar Berdimuhamedow çagalar üçin Täze ýyl tomaşasyna gatnaşdy
Ysraýyl Gazanyň demirgazygynda ýene-de 2 esgeriniň öldürilendigini habar berdi
Kanun goraýjylar neşe gaçakçylygynda güman edilip, tussag edilen adamy urup öldürmekde aýyplanýar