Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?

Berdimuhamedow Täjigistana sapar edýär: Türkmen-täjik gatnaşyklarynda täze sahypa açylýarmy?

Prezident Serdar Berdimuhamedow 10-njy maýda iki günlük döwlet sapary bilen Täjigistana bardy. Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) “köpasyrlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypanyň açyljakdygyny” aýdýar.

Resmi habarlara görä, saparyň dowamynda iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikiçäk we giňeldilen düzümde gepleşikleriň geçirilmegine, duşuşyklaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermenler gepleşikleriň dowamynda iki awtoritar ýurduň arasynda döwlet media serişdelerinde açyk gürrüň edilmeýän birnäçe meseläniň gozgalmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Aşgabatly synçy Serdar Aýtakow dowam edýän döwlet saparynyň, ilkinji nobatda, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, şol sanda iki ýurduň dolandyryjy klanlarynyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdiriljekdigini aýdýar.

Şol bir wagtda, synçynyň pikiriçe, Serdar Berdimuhamedowyň Duşenbe sapary türkmen häkimiýetleriniň täzelenýän daşary syýasat ugurlaryna we paradigmalaryna gabat gelýär.

“Öňler Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TAPI) gaz geçirijisi we Hazarüsti gaz geçirijisi ýaly mega taslamalar ileri tutulan bolsa, indi goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär” diýip, aşgabatly synçy aýtdy. Türkmen häkimiýetleri, hususan-da, ykdysadyýet, ulag-üstaşyr pudaklarda “indi has realistik maksatlara ymtylýar”.

Serdar Berdimuhamedow bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda, ilkinji nobatda, ähli Merkezi Aziýa ýurtlaryna döwlet ýa-da iş saparlaryny amala aşyrdy.

Türkmenistan - Owganystan - Täjigistan demir ýoly (TOT)

Türkmen we täjik hökümetleri 2013-nji ýylyň başlarynda Türkmenistan Owganystan Täjigistan (TOT) demir ýoluny gurmak, transowgan koridoryny döretmek barada şol wagtky owgan hökümeti bilen bilelikde jarnama gol çekdi.

Türkmenistan bu ýoluň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygyny 2016-njy ýylda tamamlady we Kerki Ymamnazar Akina demir ýoluny ulanmaga berdi.

Aşgabatly synçynyň ynanjyna görä, goňşy Özbegistanyň öňki prezidenti Islam Karimowyň Täjigistana garşy transport blokadasyny girizmegi bilen, Täjigistan türkmen we owgan çäkleriniň üstünden çekilýän ulag-üstaşyr mümkinçiliklerden peýdalanmaga, şol sanda TOT ugry boýunça polat ýoluň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi. Ýöne Karimow 2016-njy ýylda aradan çykdy, Özbegistanyň daşary syýasaty özgerip başlady, 2021-nji ýylda öňki owgan hökümeti çökdi, “Talyban” Kabulda häkimiýeti ele geçirdi.

Täjigistan 2018-nji ýylda Özbegistandaky ilçisiniň üsti bilen TOT taslamasynyň gurluşygynyň yza süýşürilýändigini yglan etdi. Munuň yz ýany, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy täjik häkimiýetleriniň göçümine dessin reaksiýa bildirip, özleriniň Duşenbäniň hereketine düşünmeýändigini yglan etdi.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleri Täjigistanyň ýük ulaglarynyň Türkmenistanyň çäginden geçmegine böwet bolup başlady.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň 2021-nji ýylda Aşgabada amala aşyran saparyndan soň, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşyp başlaýar, ýöne bu saparyň dowamynda hem Türkmenistan Owganystan Täjigistan demir ýoly bilen bagly meseleler gozgalmaýar.

Owgan meselesi

Täjigistan Merkezi Aziýa sebitinde “Talyban” toparynyň Kabulda häkimiýeti ele geçirmegine aç-açan garşy çykan ýeke-täk döwlet boldy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer täjik we türkmen wekiliýetleriniň geçirýän gepleşiklerinde owgan meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

“Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde Yslam döwleti Horasan’ toparynyň käbir hüjümleri boldy. Etniki türkmenlerden, täjiklerden we özbeklerden bolan ýerli ilatyň arasynda nägilelikler bar” diýip, Panniýer aýtdy.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Türkmenistan Owganystan Täjigistan polat ýolunyň häzirki şertlerde amala aşyrylmagyna şübheli çemeleşýär.

“Elbetde, TOT (Türkmenistan Owganystan Täjigistan) demir ýoly amala aşmaz. Bu mesele gün tertibinde hem ýok, şonuň üçin, olar bu meseläni maslahat edip azara galmazlar” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistan özüni “Ýüpek ýolunyň ýüregi” atlandyryp, ýurduň Ýewraziýa sebitinde möhüm ulag-üstaşyr merkeze öwrülendigini aýdýar. Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri, şol sanda demir ýollar Täjigistan we Özbegistan ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryna Hazar deňzine çykmaga, Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” halkara deňiz portundan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Hytaý we rus täsiri

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky utgaşyklyk we hyzmatdaşlyk sebitde täsir güýji ýokarlanýan Hytaýyň bähbitlerine gabat gelýär.

“Ähtimal, Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy sebit hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýän hytaý tarapynyň diplomatik tagallalarynyň netijesi bolandyr. Sebitdäki islendik gapma-garşylyk Hytaýyň bähbitlerine ters gelýär” diýip, aşgabatly synçy Serdar Aýtakow aýtdy.

Brýus Panniýer Hytaýyň we Russiýanyň Türkmenistandaky we Täjigistandaky täsirine ünsi çekýär.

“Bu iki ýurt häzirki wagtda Russiýanyň düýpgöter täsiri astynda galýar. Olaryň güýçli hyzmatdaşlary ýok, bu mesele babatda olar birmeňzeş problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Russiýanyň Täjigistanda we Türkmenistanda ägirt uly täsiri bar. Türkmenistan-da, Täjigistanda-da Hytaýa bergili” diýip, Panniýer aýtdy.

Tebigy gaz gorlaryna baý Türkmenistan daşary ýurtlara satýan gazynyň agramly bölegini Hytaý ugry boýunça eksport edýär.

Türkmenistan - Hytaý gaz geçirijisiniň “D” şahasy

Türkmen we täjik wekiliýetleri duşuşyklarda Merkezi Aziýa Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny hem ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň “D” şahasy Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçip, Hytaýa aşmaly.

“Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň Täjigistanyň hem üstünden geçmeli “D” şahasynyň gurluşygy bilen bagly meseleler heniz hem gutarnykly çözülmedi. Synçylar bu ýagdaýy diňe bir Türkmenistanyň we Hytaýyň ylalaşyga gelip bilmezligi bilen däl, eýsem Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky çözülmedik meseleler bilen hem ilteşdirýärler” diýip, aşgabatly synçy Serdar Aýtakow aýtdy.

Brýus Panniýer Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň “D” şahasynyň Türkmenistanyň tebigy gaz eksport kuwwatyny goşmaça 30 milliard kub metr töweregi artdyrjakdygyny we taslamanyň üstaşyr tölegleriniň Täjigistana hem bähbit getirjekdigini aýtdy.

Aşgabatly synçy Serdar Aýtakow we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen Brýus Panniýer 18-19-njy maýda Hytaýda geçiriljek Merkezi Aziýa Hytaý liderleriniň sammitiniň öňüsyrasynda, täjik we türkmen liderleriniň Türkmenistan Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy bilen bagly meseleleri, gürrüňsiz, maslahat etjekdigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda türkmen bedewiniň güni dabaralanýarka, käbir etraplarda bikanun it we horaz uruşlary geçirildi
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumynyň umumy mejlisi geçirildi
TotalEnergies: nebitiň bahasy barrel üçin 100 dollara dolanyp biler
Türkmenabat: gadagan edilen it urşy tomaşaly çarä öwrüldi 
Iň girdejili kompaniýalar