Berdimuhamedow ŞHG-niň Duşenbedäki sammitine raýat uçarynda bardy, Eýranyň prezidenti bilen türkmen gazyny akdyrmagy täzeden ýola goýmak barada maslahatlaşdy

Berdimuhamedow ŞHG-niň Duşenbedäki sammitine raýat uçarynda bardy, Eýranyň prezidenti bilen türkmen gazyny akdyrmagy täzeden ýola goýmak barada maslahatlaşdy

17-nji sentiýabrda Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Düşenbä gidipdi.

Duşuşykda çykyş eden Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinde deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň halkara ýygnagyny Aşgabatda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi barada aýtdy we ŞHG-a agza döwletleriň wekillerini hem ýygnaga gatnaşmaga çagyrdy.

Ol Covid-19 barada gürrüň edip, koronawirusyň genomyny öwrenmek barada BSG-niň ýörite maksatnamasyny, BSG-niň öýken çişme garşy göreş boýunça köptaraplaýyn mehanizmini, ýiti ýokançlary bejermek we onuň profilaktikasy barada BSG-niň metodiki merkezini, epidemologiýa, ýokançlar we bakteriýologiýa barada MA-niň sebitleýin merkezini döretmegi teklip etdi.

Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylardan bu inisiatiwany goldamagy sorady.

Duşenbä saparynyň dowamynda Berdimuhamedow Täjigistanyň prezidenti Emamoli Rahmon we Eýranyň prezidenti Ibrahim Raýisi bilen duşuşdy.

Ol Rahmony Ýewroaziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň 28-nji noýabrda Aşgabatda geçýän 15-nji sammitine gatnaşmaga çagyrsa, Raýisi bilen türkmen gazynyň Eýrana akdyrylyşyny täzeden ýola goýmak mümkinçiligini we ulag-tranzit hyzmataşlygyny giňeltmek barada maslahatlaşdy.

Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmasyny 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda kesipdi we mundan soňra iki ýurdyň gaz edaralarynyň arasynda jedel başlandy. Türkmenistan Eýran tarapynyň 1,8 milýard dollarlyk bergisini tölemegini talap edipdi.

Belläp geçsek, Berdimuhamedow Duşenbä Boing 777-200LR kysymly raýat uçarynda bardy we ony “Türkmenistan howaýollary” 15-nji iýunda alypdy.

Duşenbede 5 sagat galan Berdimuhamedow Türkmenistana dolandy.Emma, Flightradar24 saýtynyň maglumatyna görä, Berdimuhamedowyň uçary Aşgabada dälde,Türkmenabada gondy.Onuň Lebap welaýatyna sapary barada Türkmenistanyň resmi KHS-leri maglumat bermedi.

Turkmen news neşiriniň maglumatyna görä, Berdimuhamedow Türkmenabada barmazdan owal şäheriň köçelerini sabynlap ýuwdylar, agaçlary akladylar.

Azatlyk radiosynyň öz çeşmelerine salgylanyp beren habaryna görä, Berdimuhamedow we onuň delegasiýasy Türkmenabatda koronawirus testini tabşyrmalydylar.

Ol soňky gün uçar Aşgabada dolandy.

Bu soňky bir ýarym ýylda Berdimuhamedowyň daşary ýurda eden ilkinji sapary diýip Гундогар neşiri belleýär.The post Berdimuhamedow ŞHG-niň Duşenbedäki sammitine raýat uçarynda bardy, Eýranyň prezidenti bilen türkmen gazyny akdyrmagy täzeden ýola goýmak barada maslahatlaşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hytaý Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň 11-nji forumy geçirildi
Geografik taýdan Türkmenistan uly taslamanyň tebigy we has oňaýly halkasy bolup durýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy
2024-2025-nji ýyllar üçin medeni paýtagt saýlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny beýan etdi
“16 Müňden Gowrak Çaganyň Ölen Harabalygy, Aslynda Legallygyny Ýitiren Halkara Ulgamyň Harabalygy"
KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ NUSGASY