Türkmen mediasy 23-nji awgustda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura etjek ilkinji saparynyň senesini yglan etdi.Wise-premýer Reşit Meredowyň wideoşekilli maslahatda beren hasabatyna görä, döwlet sapary 26-27-nji awgustda amala aşyrylar. Şu aralykda döwlet baştutany “Türkmengaz” döwlet konsernine Merkezi Garagum gazkondensat känler toplumynyň "Zäkli-Derweze" gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Singapuryň "GP Global Equipment Pte Ltd" kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi.
Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda başlamak we desgany 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Ýöne täze gaz desgasynyň türkmen gaznasyna näçe serişdä düşjekdigi, bu işiň nähili şertlerdäki sermaýa bitiriljekdigi we näçe ýylda özüni ödejekdigi aýdyň däl. Ýerli synçylar Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistan bilen korrupsiýa garşy göreşde iň öňde barýan ýurtlarynyň biriniň arasyndaky gatnaşyklaryň "hiçden giç ýagşy edilip" ösdürilmek ähtimallygyna oňyn baha berýärler.
Resmi maglumata görä, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň sentýabrynda ýola goýuldy; 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Koreýadaky ilçisi ilkinji gezek şol bir wagtda ýurduň Singapurdaky ilçisi wezipesine hem bellenildi. 2019-njy ýylyň iýun aýynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Saparyň jemleri boýunça türkmen-singapur gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etjek hökümetara we pudagara resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär.Singapur Aziýada britan kolonial hökümetiniň iş praktikasyny ösdürip, korrupsiýany ýok etmekde, ilaty garypçylykdan çykarmakda uly üstünlik gazanan ýutlaryň biri hasaplanýar.
Emma Türkmenistan korrupsiýa boýunça çap edilýän ýyllyk halkara hasabatlarynda her ýyl iň yzdaky orunlaryň birini eýeleýär.Doly döwlet kontrollygyndaky Türkmen mediasy korrupsiýa faktlary barada diňe hökümet maslahaty derejesinde aýan edilen faktlary ile ýetirmek we korrupsiýada aýyplanan ýönekeý raýtlary we ozalky ýolbaşçy işgärleriň käbirini näletlemekbilen çäklenýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen 60 ýaşly aşgabatly žurnalistiň tassyklamagyna görä, metbugat ýolbaşçylaryna ýurtda soňky onýyllykda giň ýaýrandygy aýdylýan parahorluk medeniýetiniň kökleri, adamlary jenaýata iterýän sebäpler we garyplaşýan köpçülik bilen baýaýan azlygyň arasyndaky boşlugyň barha ulalmagy hakynda makala çap etmäge rugsat berilmän, olardan diňe gazanylandygy aýdylýan üstünlikleri beýan etmek talap edilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.