Türkmenistanyň prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beýleki resmiler bilen birlikde, ähli ýokary okuw jaýlarynyň rektorlaryny ýygnap, ýurduň agyr ykdysady krizisi we maliýe ýetmezçiligini başdan geçirýän döwri, durmuşyň hilini gowulandyrmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Anna güni geçirilen mejlisde Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowa ýüzlenip, bu ýokary okuw jaýynyň alymlarynyň we mugallymlarynyň netijeli tekliplerini taýýarlamak boýunça işleri çaltlandyrmak gerek diýip, belledi.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistan eýýäm tertip iki ýyl bäri döwlet tarapyndan kesgitlenen galla planyny dolup bilmän gelýär. Ýurduň dürli künjeklerindäki döwlet dükanlarynda, beýleki möhüm azyk harytlary bilen birlikde, ýerli öndürilen un, çörek önümleri ýa düýbünden ýok, ýa-da juda çäkli derejede satylýar.
Daşary ýurtlardan getirilýän unuň bahasy hem dowamly gymmatlaýar.Soňra, Berdimuhamedow wise-premýer Pürli Agamyradowa we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory A.Orazalyýewa häzirki döwürde ýerlerde haýsy ugra degişli hassahananyň gurulmagy, şeýle hem arassaçylyk we keselleriň öňüni almak boýunça degişli gulluklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.
Sözümiziň şu ýerinde ýylyň başyndan bäri ýurtdaky esasy däri-dermanlaryň bahalarynyň tas iki esse çemesi gymmatlandygyny, munuň bilen bir wagtda dermanlaryň “gara bazarynyň” dörändigini we möhleti geçen dermanlaryň söwdasynyň hem möwjändigini belläp geçmelidiris.
Soňy bilen, türkmen prezidenti dünýäniň dürli ýurtlarynda bolup geçýän ykdysady üýtgeşmeleri nazara almagyň gerekdigini belläp, wise-premýer Goçmyrat Myradowa we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň rektory S.Ataýewa milli ykdysadyýetiň sazlaşykly we köpugurly esasda ösdürilmegi üçin, bazar gatnaşyklarynyň esasy görnüşlerini öwrenmek boýunça tabşyryklary berdi.
Emma, Berdimuhamedow esasan, uglewodorod serişdeleriniň eksportyna bil baglaýan Türkmenistanyň häzir ýüzbe-ýüz bolup duran ykdysady, şol sanda zähmet haklarynyň gijikdirilmegi, azyk harytlarynyň ýetmezçiligi, dollaryň "gara bazarynyň" emele gelmegi ýaly kynçylyklary barada dil ýarmady.
Maslahatyň barşynda Berdimuhamedow wise-premýer Mammethan Çakyýewe we Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň rektory N.Kulyýewe ýüzlenip, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegi, awtomobil we demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle-de, wise-premýer Dädebaý Amangeldiýewe hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory B.Atamanowa, şähergurluşyk-binagärlik ulgamynyň ösdürilmegi boýunça teklipleriň taýýarlanylmagy tabşyryldy.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, Halkara pul gaznasynyň işçi toparynyň Türkmenistana eden saparynyň netijeleri boýunça ýaýradylan beýanatda döwlet harçlamalaryny azaldyp, olary esasan ösüşe gönükdirilen infrastrukturalary ösdürmekde ulanmak, hem-de döwlet serişdeleri harçlananda bilim-saglyk pudagynyň ähmiýetini göz öňünde tutmak maslahat berilýär.