Sankt-Peterburgyň gubernatory Georgiý Poltawçenko 18-nji aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
“Oguzhan” köşkler tpolumynda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar özara gatnaşyklary ösüdürmek barada maslahatlaşdy.
Peterburg delegasiýasynyň hatarynda Aşgabada awtomobil ýollaryny gurýan kompaniýalaryň, banklaryň, söwda ulgamlarynyň, derman senagaty, gurluşyk kompaniýalarynyň, şeýle-de gaz-transport infrastrukturasy, energiýa enjamlaryny getirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen meşgullanýan kärhanalaryň ýolbaşçylary geldiler diýip, gubernatoryň metbugat gullugy habar berýär.
Poltawçenko peterburg kompaniýalarynyň hödürleýän ýokary tehnologiýaly proýektleriniň türkmen hyzmatdaşlaryna gyzykly boljakdygyny belledi.
Şeýle-de gubernator Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýew bilen duşuşdy. Iki şäheriň özara hyzmatdaşlygynyň şu günki günde ileri tutulýan ugurlary dokma, derman we medisina segaty pudaklary hasaplanylýar.
TDH-nyň maglumatyna görä, saparyň programmasyna Halkara atçylyk-sport toplumyna baryp görmek hem girizldi.