Berdimuhamedow Pakistanda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Berdimuhamedow Pakistanda bolan ýertitreme zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Imran Hana ýurduň Belujistan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

TmCars.info-nyň ozal habar berşi ýaly, Pakistanyň günortasynda 7-nji oktýabra geçilýän gije 5,7 magnitudaly ýertitreme boldy. Ýerasty tolkunlaryň merkezi Kwetta şäherinden 102 km demirgazyk-gündogarda ýerleşýär. Dawn neşiriniň tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek boýunça ýerli müdirlige salgylanyp habar bermegine görä, ýertitremäniň netijesinde aradan çykanlaryň sany 20-ä bardy, 300-den gowrak adam ejir çekdi.

Ýene degişli makalalar

Pakistanyň Ozalky Içeri Işler Ministri Saklandy
Pakistanyň Ozalky Premýer-ministri Imran Han Tussag Edildi
“Alla Biziň Doganlarymyzy Ysraýylyň Zulumyndan Halas Etsin”
"Imran Han" -y goldaýan demonstrasiýalar dowam edýär
Pakistanda Premýer-ministr Imran Hanyň Wezipesinden Boşadylmagyna Garşy Ýöriş Geçirildi
11-nji aprelde Pakistanyň Mejlisi täze premýer-ministri saýlar
Imran Han: Pakistanda režimi üýtgetmek üçin daşary ýurt dildüwşigi bar