Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda öýsüz haýwanlar üçin döwletiň gözegçiliginde ýöriteleşdirilen hassahana we gonalga gurmagy teklip etdi.
TDH-nyň habar bermegine görä, bu hassahana bu işe goşulmak isleýän telekeçiler we meýletin haýwan goraýjylar üçin hem açyk bolar.
Hassahananyň guruljak ýerini kesgitlemek we onuň dünýä ölçeglerine laýyklykda gurulmagyny üpjün etmek wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe tabşyryldy.
Neşiriň maglumatyna görä, “Idegsiz galan öý haýwanlary üçin guralan bu gonalgadan ýaşaýan ýerlerini üýtgeden hem-de öz itlerini ýa-da pişiklerini öýünde saklamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar, şeýle hem zähmet rugsadyna ýa-da iş saparyna gidýän adamlar hem peýdalanyp bilerler, şol döwürde itlere we pişiklere kimdir biri ideg etmeli bolar. Şeýle-de, syrkawlamagy ýa-da gartaşmagy sebäpli, öý jandarlaryna ideg edip bilmeýän halatlarynda öz öý jandarlaryny bu ýere tabşyryp hem-de mümkinçiliklerine görä aram-aram olary görüp bilerler”.
Bu merkez şeýle hem öý haýwanlaryny gelip görmek, olar bilen gezim etmek, belki-de, öýünde saklamak üçin almak isleýänleriň ählisi üçin açyk bolar.
Belleýäris, jandar goragçylary Aşgabatda öýsüz pişikleriň we itleriň yzygiderli ýok edilýändigini habar berýärler.
2017-nji ýylyň awgustynda ýurtda öýsüz haýwanlar üçin ilkinji penahana hasaba alyndy, ol paýtagtyň etegindäki bag uçastogynyň ýaşaýjysy tarapyndan açyldy.