Berdimuhamedow öý haýwanlary üçin hassahana gurmagy teklip edýär

Berdimuhamedow öý haýwanlary üçin hassahana gurmagy teklip edýär

Türkmen häkimiýetleri, döwlet eýeçiligindäki medianyň tassyklamagyna görä, öý haýwanlarynyň saklanylýan ýerlerini dünýä ölçeglerine laýyk gurnamak, bu ugurdaky iň gowy tejribeleri öwrenmek hem-de ornaşdyrmak kararyna geldiler. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öý haýwanlary üçin ýöriteleşdirilen merkezi weterinariýa hassahanasyny gurmak teklibi orta atyldy.

Bu teklip Azatlyk radiosynyň Aşgabatda itleriň we pişikleriň 'awlanyyşy’, öldürilişi’ hakynda gürrüň berýän nobatdaky wideo maglumatlaryny çap etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.Ol wideolar 13-nji we 14-nji fewralda çap edildi.

Azatlyk radiosy we Türkmenistan barada habar berýän garaşsyz neşirler ýurtda, hususan-da paýtagt Aşgabatda eýesiz haýwanlaryň yzygiderli ýok edilişi hakynda ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.Mysal üçin, 2017-nji dekabrynda Azatlyk türkmen häkimiýetleri tarapyndan kesgitlenen ýerlerde toplanan onlarça jandara açlykdan ölmek howpunyň abanýandygyny habar berdi. Şonda raýat aktiwisti Nataliýa Şabunts jemagat hojalyklarynyň işgärleriniň paýtagtyň köçelerinden we eteklerinden tutulan eýesiz jandarlary Çoganlyda ýerleşýän penahana getirýändiklerini aýdyp, şeýle diýdi: “Häzir itleri Çoganlyda zir-zibilleri gaýtadan işleýän zawodyň howlusyndaky saraýa getirýärler.

Bu saraýda itler bilen pişikleriň arasy uly bolmadyk gözenekli haýat bilen bölünen, pişikler olaryň üstünden bökýär, itler olary gabyrdadyp basýar.Uly itler kiçi itleri iýýär.Meýletinçiler bu janawerleri her gün naharlaýarlar, adamlar pul ýygnaýar, olar jandarlara iýer ýaly zat getirýär” diýip, Nataliýa Şabunts Azatlyk radiosyna aýtdy. Şol wagt türkmen häkimiýetleri öýsüz haýwanlar hakyndaky maglumatlary garaşsyz neşirlere ýetrýän aktiwistleri hem sylap goýmaýardy we jandar hukuklaryny goraýjy Galina Kuçarenkonyň 15 gije-gündiz tussaglyga höküm edilmegi muňa anyk mysal bolup durýar. Ýurtdaky ykdysady kynçylyklar, hususy jaýlary ýykylýan adamlaryň köpelmegi we olaryň öý haýwanlaryny köçä taşlamaga mejbur bolmagy netijesinde Aşgabatda we onuň töwereklerinde eýesiz pişikleriň, itleriň ýyl-ýyldan köpelýändigi habar berildi. "Häkimiýetler bu ýagdaýa öýsüz jandarlary gyrmagy dowam etdirmekden başga çykalga görmeýärler" diýip, ýerli synçy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, prezidentiň häzir, öýsüz haýwanlarynň gyrylmagynyň dowam edýän wagtynda eden teklibi ýurtda dörän ykdysady kynçylyklar, eýesiz jandarlaryň köpelmegi bilen baglanyşdyrylmaýar.Ikinji tarapdan, "idegsiz galan öý haýwanlary üçin guruljak gonalgadan ýaşaýan ýerlerini üýtgeden, öz itlerini ýa-da pişiklerini öýünde saklamaga mümkinçiligi bolmadyk adamlar, zähmet rugsadyna ýa-da iş saparyna gidýänler hem peýdalanyp bilerler" diýmek bilen, resmi media ýerli aktiwistleriň şu wagta çenli berip gelen maglumatlaryny gytaklýayn tassyklaýana meňzeýär.

Berdimuhamedow öý haýwanlaryna hossarlyk etmek hakyndaky teklibini, öz sözleri bilen aýtsak, “türkmen halkynyň öý haýwanlaryna hemişe üns-alada bilen garandygy” bilen delillendirdi. Şeýle-de ol döwlet harajatlarynyň azaldylýan, ministrlikleriň bir toparynyň birikdirilýän, ylmy-barlag institutlarynyň hojalyk hasaplaşygyna geçirilýän wagtynda täze guruljak hassahanany döwlet gözegçiliginde saklamagy teklip etdi. Ýöne bu hassahana babatynda, prezidentiň pikiriçe, jandarlary goraýjylar we meýletinçiler hem serişde berip biler.

Has anygy, Berdimuhamedow “bu düzümde asylly işe goşant goşmaga isleg bildirýän telekeçiler, giň jemgyýetçilik wekilleri, meýletin ýardamçylar - jandarlary goraýjylar üçin zerur mümkinçilikler döredilmeli” diýip hasaplaýar.Resmi maglumata görä, häzirlikçe haýwanlar üçin hassahananyň guruljak ýeri we näçe wagtda bina ediljegi belli däl, emma prezident onuň ýerleşjek ýerlerini kesgitlemek, merkeziň düzüminde idegsiz galan öý haýwanlary üçin döwrebap binany gurmak barada, anyk aýdylmasa hem, käbir tabşyryklary berene meňzeýär.

Täze guruljak merkeziň öý haýwanlaryny gelip görmek, olar bilen gezim etmek, belki-de, öýünde saklamak üçin almak isleýänleriň ählisi üçin açyk boljagy aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýörite gulluklary hukuk goraýjy aktiwiste gözegçiligi güýçlendirdi
Aşgabatly aktiwist Galina Kuçerenko we onuň gyzy öz öýlerinden zor bilen äkidildi
Aktiwist G.Kuçerenkonyň kwartirasynyň gapysyny döwdüler. Enäni gyzy bilen näbelli tarapa alyp gitdiler
Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi
Haýwanlary goraýjy aktiwist Kuçerenko tussaglykdan boşadyldy
ÝB-niň daşary syýasat başlygyna Türkmenistanyň DIM-niň başlygy R.Meredow bilen duşuşmazyndan öň ýazylan açyk hat