Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň nebit-gaz pudagyna goşmaça maýa goýumlaryny çekmegi tabşyrdy. Bu waka Türkmenistanyň bu pudaga degişli iki kärhanasynyň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarynyň öňündäki millionlarça dollar bergilerini ençeme ýyl bäri töläp bilmeýändigi barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 15-nji dekabrda geçen mejlisinde “Türkmenistanyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin programmasyny” amala aşyrmak we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawody döwrebaplaşdyrmak meselelerine garaldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny enjamlaşdyrmagy, pudaga goşmaça maýa goýumlaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary we dolandyryş tejribesini çekmegi ileri tutulýan ugurlaryň hataryna goşdy.
Döwlet baştutany TNGIZT-de amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan täze taslamalary düýpli seljermek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi diýip, TDH gullugy ýazýar. Emma maglumatda “anyk tabşyryklaryň” jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Belläp geçsek, Berdimuhamedowyň bu tabşyryklary Türkmenistanyň iki sany iri kärhanasynyň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň daşary ýurtlardaky hyzmatdaşlarynyň öňündäki millionlarça dollar möçberindäki bergilerini ençeme ýyl bäri töläp bilmeýändigi barada çykan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Şu aýyň başynda “CIS Debt Recovery Solutions” atly halkara hukuk firmasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň iň iri iki döwlet konserniniň bar bolan maglumatlardan çen tutulanda, özüniň daşary ýurtly şäriklerine 20 million dollardan köp bergili ýagdaýa düşendigini habar berdi.
Köpsanly halkara firmalar bilen bir hatarda Kiprdäki “I.C. Intercomplect Ltd” atly firma hukuk geňeşdarlygy hyzmatyny berýän "CIS Debt Recovery Solutions" atly halkara hukuk firmasynyň beýannamasynda, diňe “Türkmennebit” döwlet konserniniň bergisiniň 8540910,55 amerikan dollaryna barabardygy, “Türkmengaz” döwlet firmasynyň bolsa 15000000 amerikan dollary möçberindedigi aýan edilýär.
Hukuk firmasy noýabrda “Türkmennebitiň” öz bergisini töläp bilmejek ýagdaýdadygyny mälim etmek bilen, Türkmenistanyň bu döwlet konserniniň eýýäm 3 ýyldan bäri “wagtlaýynça finans kynçylyklaryny we pul ýetmezçiligini” sebäp görkezip, “I.C. Intercomplect Ltd” atly kiprli şerekete bolan 8 million amerikan dollary möçberindäki bergisini tölemeýändigini bildirdi.
Bu halkara şärikleriniň Türkmenistanyň hyzmatdaşlykda bikanun hereket edendigi barasynda "CIS Debt Recovery Solutions" atly hukuk firmasyna bildiren ilkinji arza-şikaýaty däldir.
Bu firmanyň baş geňeşçisi Taras Kopi öz işleýän kompaniýasynyň “Türkmengaz” şereketiniň özleriniň hytaýly bir müşderisine bolan 2,5 million amerikan dollary möçberindäki bergini töletdirendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, şondan soň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň şertnamalardaky borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi we alan zatlarynyň puluny tölemeýändigi barada agzalýan hukuk firmasyna Fransiýadan, Hytaýdan, Russiýadan we Katardan müşderiler ýüz tutdular.
Belläp geçsek, türkmen häkimiýetleri ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda haýsydyr bir kommentariý bilen çykyş etmän gelýärler.