Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada tatar Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşlikde türkmen Lideri Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge Tatarystanyň goşandyna ýokary baha berdi, şeýle-de halklaryň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň uzak döwri nazarlaýandygyna ünsi çekdi. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni gatnaşyklary ösdürmek söhbetdeşlikde esasy üns berlen meseleler boldy.
Rustam Minnihanow hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bilelikdäki taslamalara goldaw berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.
Taraplar KamAZ açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Tatnebit kompaniýasynyň, Kazan dikuçar zawodynyň we Tatarystanyň beýleki iri kärhanalarynyň Türkmenistan bilen ýola goýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem ara alnyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-tatar ykdysady we medeni gatnaşyklary has-da berkitmek üçin bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.