Berdimuhamedow MHM-niň başlygyny wezipesinden boşatdy, IIM-niň başlygynyň çinini beýgeltdi

Berdimuhamedow MHM-niň başlygyny wezipesinden boşatdy, IIM-niň başlygynyň çinini beýgeltdi

13-nji iýunda, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýylyň bäş aýynyň jemlerine bagyşlanan göçme mejlisinde Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Döwrangeldi Baýramow wezipesinden boşadyldy, soňky döwürde iň kän käýinç alan ministr Isgender Mulikowyň bolsa harby çini beýgeldildi.

Читайте также на русском

Elbetde, D.Baýramowa hem 2017-nji ýylda üç käýinç berildi. Şeýle-de Baýramowa şu ýylyň maýynda "gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi, kadrlary saýlap almakda we ýerinde goýmakda goýebren kemçilikleri üçin" berk käýinç hem-de soňky duýduryş berildi. Baýramow MHM-niň başlyklygyna 2016-njy ýylyň martynda bellendi.

Emma bu gezek Türkmenistanyň güýç gurluşlarynyň işine bildirilen nägilelik we nobatdaky kadr çalyşmalary dollaryň "gara bazardaky" bahalarynyň rekord derejelere ýeten we soňra biraz peselen wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Isgender Mulikowa 2017-nji ýylda, maý aýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň we şu ýylyň dowamynda işde goýberen kemçilikleri üçin birnäçe berk käýinç we soňky duýduryş berildi. Şeýle-de, geçen ýyl onuň ozalky baş prokuror A.Hallyýewiň ýagdaýyna düşmezlik üçin, saglyk ýagdaýyny tutaryk edinip, işden çekilmäge synanyşandygy, emma prezidentiň onuň arzasyny kabul etmändigi barada habarlar çykdy, emma resmi Aşgabat bu maglumatlary ne tassyklady, ne-de ret etdi. Şol bir wagtda, Azatlygyň ynamdar çeşmesi Mulikowyň "prezidentiň ýakyn töwreginde berk goldawynyň bardygyny" habar berýär.

TDH-nyň maglumatyna görä, D.Baýramow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” milli howpsuzlyk ministri wezipesinden boşadyldy, emma resmi habarda bu diýilýän “düýpli kemçilikler” aýdyňlaşdyrylmaýar, şeýle-de, polisiýanyň general-maýory, mundan öň ençeme käýinç berlen Isgender Mulikowa polisiýanyň general-leýtenanty çininiň haýsy hyzmatlar üçin berlendigi aýdylmaýar.

Berdimuhamedow Baýramowdan öň MHM-niň dört ministrini işden boşatdy, olaryň soňkusy - Güýçgeldi Hojaberdiýew 2016-njy ýylyň martynda, “saglyk ýagdaýlary sebäpli” wezipesinden boşadyldy.

Milli howpsuzlyk ministri wezipesine Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri bolup işleýän general-polkownik Ýaýlym Berdiýew bellenildi. Ý.Berdiýew MHM-ä ozal, 2011-2015-nji ýyllar aralygynda hem ýolbaşçylyk etdi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

Berdimuhamedow Baýramowyň howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde beren hasabatyny diňläp, bu edaranyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmeginiň köp babatda “işgärleriň syýasy, hünär we hukuk taýýarlygyna baglydygyny” aýtdy.

Mundanam başga, TDH prezidentiň Baýramowa “bellenen maksatlara ýetmek üçin harby we hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly, özara hereket etmegi tabşyrandygyny” habar berýär. Şol bir wagtda wezipesinden boşadylan we harby çini polkownikden maýora çenli kiçeldilen Baýramowyň bu berlen tabşyrygy haýsy wezipede ýerine ýetirjegi mälim bolman galýar.

Mejlisiň dowamynda güýç gurluşlarynyň başga-da birnäçe ýolbaşçysy çalşyryldy.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

MHM-niň başlygy wezipesine bellenilen Ý.Berdiýewiň ornuna goranmak ministri edilip ozal Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunalarynyň serkerdebaşysy bolan Begenç Gündogdyýew bellenildi; Döwlet serhet gullugynyň we serhet goşunlarynyň ýolbaşçylygyna bolsa, polkownik Şadurdy Durdyýew bellenildi.

Ş.Durdyýew ozal goranmak ministriniň terbiýeçilik, işgärleriň we goşunlaryň taýýarlygy boýunça orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Geçen ýyl prezident Serhet goşunlaryna ýolbaşçylyk edýän general-maýor Begenç Gündogdyýewiň harby derejesini polkownik derejesine çenli peseltdi we, Azatlygyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, bu temmi iýul aýynyň ortalarynda türkmen topragyna sümüp girendigi aýdylýan terrorçylar bilen bagly.

TDH prezidentiň “Oguzhan” köşkler toplumyndan howpsuzlyk geňeşiniň geçirilýän ýerine goranmak ministri Ý.Berdiýew bilen welosipedli gidendigini habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Akyldar şahyrymyzyň sarpasy belent
10.01.2018 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlendi
30.01.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi
01.03.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
30.05.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi