Berdimuhamedow korrupsiýa garşy programma işläp düzmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji maýda geçiren hökümet mejlisinde, parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşine Mejlis bilen bilelikde gysga wagtda korrupsiýa we parahorluga göreş boýunça programma işläp düzmegi we ony tassyklamaga hödürlemegi tabşyrdy.

Prezidentiň bu beýanaty hökümetde we prokuraturada geçirilen giň gerimli arassalaýyşyň we 50 töweregi adamyň işden boşadylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

“Biziň halkymyzyň sosial ýagdaýynyň gowulaşmagy bilen parahorluk we korrupsiýa ýaly örän ýaramaz hadysalar döräp başlady we olar biziň jemgyýetimiziň ähli tarapyna, ykdysadyýetden başlap ahlaga çenli aralykda, örän ýaramaz täsir ýetirýär.

Parahorluk we korrupsiýa döwlet gurluşlaryny we jemgyýeti negatiw netijelere alyp gelýär.Netijede, ykdysadyýe ahaýallaýar.Döwletiň ösüşiniň öňünde düýpli päsgelçilikler döreýär” diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” saýty korrupsiýa garşy programmany işläp düzmegi teklip edeniň sözlerini sitirleýär.

“Gynanasak-da, geçirilen barlaglar hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda parahorluk we korrupsiýa faktlaryny ýüze çykardy. Bu hili ýaramaz hadysalara diňe bu gurluşlarda däl, eýsem beýleki pudaklarda hem ýol berlendi anyklandy” diýip, prezident boýun aldy.

Berdimuhamedow degişli kanunlara gaýtadan seretmelidigini hem-de parahorluk we korrupsiýa bilen bagly berilýän jezalary güýçlendirmelidigini belledi, şeýle-de ol parahorluga gatnaşan adamlar babatynda günä geçiş çärelerini ulanmak baradaky kanuna gaýtadan seredip, olary ýatyrmagyň talaba laýyk boljakdygyny aýtdy.

“Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem Älem içre adam galmaz, at gezer diýipdir. Dünýäde halal zähmeti, akýürekliligi bilen özi barada ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr” diýip, döwlet baştutany sözüni jemledi.

Ýene degişli makalalar

Oba hakykaty: Adamlar çykalgany lapykeçliklerini aýtmakda görýärler
08.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi