28-nji aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow, şeýle-de “KamAZ” JAJ-nyň başlygy Sergeý Kogogin, “Tatnneft” JPJ-nyň başlygy Nail Maganow we JÇJ “KER-Holdingiň” başlygy Hamis Mahýanow dagy bilen duşuşdy.
Olar Aşgabada Türkmen atynyň milli baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin geldiler.
TDH-nyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde transport, ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady pudagy, AST, telekeçilik, şeýle-de medeniýet we syýahatçylyk agzaldy.
“Tatar-inform” neşiriniň maglumatyna görä, Rustam Minnihanow ýurtlaryň arasynda, öňdebaryjy kompaniýalarynyň filiallarynyň bardygyna garamazdan, haryt dolanyşygynyň uly däldigini, ýagny 2017-nji ýylda 25 mln dollar we 2018-nji ýylda 24 mln dollar bolandygyny aýtdy.
Emma muňa garamazdan, “möçberi we hatyrlaryň nomenklaturasyny artdyrmak üçin uly mümkinçilik bar” diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.
Berdimuhamedow öz gezeginde KAMAZ we “Tatneft” bilen hyzmatdaşlykdan kanagatlanýandygyny bildirdi.
Ýatladýarys, saparyň öňüsyrasynda Kazan Kremliniň wekili Liliýa Galymowa 2018-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky daşary söwda dolanşygynyň $23,9 milliona barabar bolandygyny, emma ösüşe mümükinçiligiň bardygyny, sebäbi 2015-nji ýylda haryt dolanyşygynyň $121 mln bolandygyny habar berdi.
Tatarystanyň prezidenti Türkmenistanyň halk amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisine hem baryp gördi we aýlawa baryp, atçapyşyga tomaşa etdi.