Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi

Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi

4-nji oktiýabrda Howpsuzlyk Geňeşiniň şu ýylyň dokuz aýynda güýç ulanyjy güýçleriniň işleri baradaky mejlisinde prezident Berdimuhamedow “IIM-giniň işlerinde birnäçe kemçilik bar” diýdi we IIM Öwezdurdy Hojanyýzowa ahyrky duýduryş bilen berk käýunç yglan etdi diýip TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.

Prezidentiň takyk nämeden närzadygy anyklaşdyrylmaýar.

Hojanyýazowyň hasabatyndan soňra prezident IIM-niň öňünde durýan esasy wezipelere-tertip-düzgüni üpjün etmek, ähli bölümleri döwrebap tehnika we “sanly ulgam” üpjün etmek, kadrlaryň professonallygyny ösdürmek we ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek girýär diýdi.

Mundan başgada, Berdimuhamedow berk käýinç yglan edenden soňra mejlise gatnaşyjylaryň ählisine harby we hukuk goraýjy edaralaryň täze binalarynyň açylyşy bilen bagly ähli çäreler boýunça ylalaşyklary pugta berjaý etmekligi buýurdy.

Prezident IIM wezipesine Hojanyýazowy üç aý mundan öň, iýul aýynda belläpdi. Ol bu wezipä Mämmethan Çakyýewiň ýerine goýlupdy.

Çakyýew bolsa, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky ministrligiň hukuklaryna eýe ulag we aragatnaşyk gullugynyň baş ýolbaşçysy wezipesine geçirilipdi.The post Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ýuridik şahsa ýazylan ýaşyl sanly awtoulaglary jerime duralgalaryna ýollaýarlar
Farapda hususy awtohyzmat kärhanalary näbelli möhlete çenli ýapyldy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze içeri işler ministrini belledi
Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy