Berdimuhamedow halkara guramalarynyň wekillerine “Altyn asyr” kölüni görkezdi (foto)

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji fewralda Balkan welaýatyna iş saparyna baryp, “Altyn asyr” emeli kölüni görmäge ugrady. Ol bu ýerde halkara guramalarynyň wekilleri bilen pikir alyşdy.

1 of 6

TDH-nyň habar bermegine görä, duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Şahin Nilofer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirýän Natiýa Natswlişwili, BSGG-niň Türkmenistandaky edarasynyň direktory Paulina Karwowska, ÝB-niň Türkmenistandaky edarasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Lýubomir Frebord dagy gatnaşdy.

1 of 9

Neşiriň maglumatyna görä, halkara guramalarynyň wekilleri prezidente öz taslamalaryna berýän goldawy we öndümli hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdiler.

1 of 2

Ýene degişli makalalar

28.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn Asyr Türkmen kölüniň sebitindäki ekologiýa ýagdaý bilen tanyşdy
Akýaýlanyň adamlary emeli köl taslamasynyň obalaryny ýykyp, çagalaryny okuwsyz goýandygyny aýdýarlar
BMG-nyň 75 ýyllygyna we ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi
08.05.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Altyn asyr Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Ýykylan Akýaýlanyň golaýynda täze oba gurulýar, synçylar ekologiýa aladalaryny duýdurýarlar
Türkmenistanyň DIM-i BMGÖM-niň, ÝUNISEF-iň we BSG-niň täze wekilleri bilen duşuşdy