Şu gün, 24-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa öňki prezident, häzirki prezidentiň kakasy we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Azatlygyň çeşmeleri ýaşaýjylaryň bu maslahatyň kabul etjek kararlaryndan gaty alada galýandyklaryny, sebäbi bu hili el çarpylýan ýygnaklarda hiç wagt halk bähbitli, ýönekeý adamlaryň durmuşyny gowulaşdyrjak kararyň kabul edilmändigini” aýtdylar.
TDH ýurt garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine ilatyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurduň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleleriň girizilendigini anyklaşdyrman habar berdi.
Şu aralykda “Türkmenportal” neşiri Halk Maslahatynyň mejlisinde döwletiň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekdäki esasy wezipeleriniň kesgitlenendigini habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň we orta mekdepleriň sanyny köpeltmegiň, mümkinçiligi çäkli çagalar baradaky işleri kämilleşdirmegiň, olar bilen işleýän mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de, ol ýokary okuw jaýlarynda ylym, bilim we önümçilik gatnaşyklary usullaryny ösdürmegiň zerurdygyny belledi.
Türkmenistanyň medeni mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek meselelerine aýratyn üns berildi diýip, ol görnükli şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmegiň ýaşlary milli gymmatlyklar we däp-dessurlar ruhunda terbiýelemekde örä n möhümdigini belledi. Şeýle-de, Berdimuhamedow ýurduň taryhyny, medeniýetini we edebiýatyny täze ylmy çemeleşmeler esasynda çuňňur öwrenmäge çagyrdy.
Ol, öz pikiriçe, dünýäniň ylym we bilim merkezine öwrülmeli Arkadag şäheriniň oýnajak roluny nygtap, bu ýerde Türkmenistanyň taryhyny, arheologiki we binagärlik ýadygärliklerini öwrenjek halkara gözleg merkezini döretmegi teklip etdi.
Nobatdaky Halk maslahaty zähmet migrasiýasyndaky eneleriň yzda galan, aýralykda ulalýan çagalarynyň beden we ruhy ýagdaýlaryndan barha kän alada bildirýän wagtynda geçýär.
Döwlet eýeçiligindäki habar gullugy ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini, başga pikirli adamlaryň güýç bilen basylyp ýatyrylýandygyny agzaman, bu çäräniň “hakyky halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däpleri” esasynda geçirilýändigini, oňa jemgyýetiň “ähli gatlaklarynyň” wekilleriniň, talyp ýaşlaryň, hormatly ýaşulularyň we kümüş saçly eneleriň çagyrylandygyny aýtdy.
Döwlet telewideniýesi 23-nji sentýabrda mejlise gatnaşjak wekilleriň toplanyp, Magtymguly Pyragynyň täze heýkeline gül desselerini goýuşlaryny, Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyna bagyşlanyp açylan sergide goýlan işleri synlaýyşlaryny, teatr sahnalaryna tomaşa edişlerini… görkezdi.
Döwlet habar serişdelerinde aýdylýan öwgüli sözlerden tapawutlylykda, garaşsyz neşirlere pikirini aýdýan, sol sanda sosial mediada öz nägileligini bildirýän adamlar el çarpylýan ýygnaklaryň, beýleki mejbury çäreleriň gaty ýadadandygyny aýdýarlar.
Habarçymyz düýn, 23-nji sentýabrda Balkan sebitiniň medeniýet işgärlerine salgylanyp, sebitiň býujet işgärleriniň monarhiýa esaslanýan döwlet dolandyryşyny wagyz edýän oýna tomaşa etmäge mejbur edilýändigini habar berdi.
Mary welaýatyndaky habarçymyz bolsa bir gün öň adamlaryň ertirki boljak ýygnakdan öňünden alada edýändigini’ habar berdi.
Onuň sözlerine görä, sebitiň adamlary toýlarda, sadaka, pata ýerlerinde, metjitlerde hem hökümetiň geçirjek ýygnagynda “adamlara bähbitli bolmadyk bir kanuna gol goýulmak ähtimallygyndan” howatyrlanýarlar.
“Mundan öňki ýyllarda hem görüp gelşimiz ýaly, biziň agyz suwumyzy 0,50 teňňeden 1 manada galdyrdylar. Iki sany aksakgal ýaşula bir zat sowgat berip, agyz suwuny 1 manat etsek bolarmy diýseler, goldap, çapak çalyp razylaşdylar. Häzir şol çapak çalyp goldan ýaşulular we olaryň dogan- garyndaşlary ejir çekýär” diýip, metjitleriň birinde habarçy bilen gürleşen ýaşuly aýtdy.
Azatlygyň habarçysy ozal bu hili maslahatlara gatnaşyp gören bir ýaşuly bilen hem söhbetdeş boldy.
“Biziň aýtmaly sözlerimizi 10 gün öňünden ýat tutduryp, soňundan wideo ýazgy edýärler. Ýat tutdurylan sözlere daşyndan bir söz goşmak hem, ýa ondan bir söz aýyrmak hem bolmaýar. Hemme zat protokolda ýazylyşy ýaly bolmaly” diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşuly özlerinde günä ýokdugyny’ öňe sürdi.
Azatlyk bilen gürleşýän adamlaryň biri adamlaryň hökümetden örän nägiledigini, ýöne türme howpy sebäpli muny açyk aýdyp bilmeýändiklerini aýtdy.
“Häzir 736 adama amnistiýa berip, türmeden boşatdy. Ol 736 adam bir aýda basylýar, gaty az adama amnistiýa berdi. Biz, ýagny Türkmenistanda ýaşaýan adamlaryň ählisi jenaýatkär, diňe Berdimuhamedowlaryň tohumy jenaýat edenok. Birem ýokary wezipeli adamlaryň ýakyn hossarlary jenaýatkär dälmiş. Biz bul hökümetden gaty närazy…” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, ýurduň iki palataly parlamenti (Milli Geňeş) 2023-nji ýalyň ýanwarynda ýeke palataly ulgama öwrülip, giň ygtyýarlyklary bolan Halk Maslahaty gaýtadan döredildi we prezident Serdar Berdimuhamedowyň karary esasynda, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze Halk Maslahatynyň başlygy boldy.
Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçiliki edarasynyň gaýtadan dikeldilmegi Halk Maslahaty atly guramanyň ýurduň garaşsyzlyk ýyllarynda üç gezek ýatyrylyp, dördünji gezek gaýtadan dikeldilmegi boldy. Onuň işi, birinji prezident döwründe bolşy ýaly, halk tarapyndan saýlanmadyk adamlaryň bir adamyň agzyna garap, hiç hili maslahatsyz, gazanyldy diýilýän üstünlikleri ýene bir gezek tassyklamagy bilen dowam etdirilýär.
Bu görnüşde geçirilýän we halkyň adyndan berilýän maslahatlar mundan öň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowy ömürlik prezident diýip yglan etmek, ilatyň mugt elektrik energiýasy, gaz we suw bilen üpjün edilmegini ýatyrmak, Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän jenaýat işinde aýyplanýanlaryň ykbalyny bikanun kesgitlemek ýaly başlangyçlar bilen taryha girdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.