Berdimuhamedow gyrgyz çarwa oýunlaryna we türki dilli döwletleriň sammitine gitmedi

2-nji sentýabrda Gyrgyzystanda Bütindünýä çarwa oýunlary başlandy, bir gün soň, 3-nji sentýabrda bolsa, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammiti geçirilýär.

Sebit metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu çäreleriň ikisine hem gatnaşjakdygyny habar berdi, emma türkmen lideri hiç ýere gitmedi.

Şeýlelikde, şu gün geçirilýän sammite Gyrgyzystanyň baştutany Sooronbaý Žeenbekow, Azerbaýjandan Ylham Alyýew, Gazagystandan Nursoltan Nazarbaýew, Türkiýeden Rejep Taýyp Erdogan gatnaşýar.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orban bu çärä hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Çeşme: Aşgabat Türki geňeşe agza bolmak üçin, protest hereketleriniň basylyp ýatyrylmagyny talap edýär 
“Türkmen Howaýollary” Moskwa uçuçlaryny mart aýyna çenli dikeltmez
Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder
GDA-nyň Bişkekdäki sammiti birnäçe resminama gol çekilmegi bilen tamamlandy
Ankarada türkmen gazynyň ähmiýeti nygtaldy, gaz geçiriji taslamasynyň geljegi aýdyňlaşdyrylmady
Aşgabat öz TOPH kynçylyklaryny ABŞ sanksiýalary bilen baglamaga 'çalyşýar'