25-nji dekabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy.
Döwlet baştutanlary birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen gutladylar we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň perspektiwalary barada pikir alyşdylar diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Neşir türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösüşine mysal hökmünde Türkmenistan bilen Orýsetiň regionlarynyň, şol sanda Tatarystanyň, Astrahan we Swerdlowsk oblastlarynyň, Sankt-Peterburgyň arasyndaky hyzmatdaşlyklary, şeýle-de rus kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky üstünlikli işlerini agzady.
Mundanam başga, Berdimuhamedow telefon gürrüňi mahalynda rus kärdeşine prezident saýlawlarynda üstünlik gazanmagyny arzuw etdi.
“Sputnik Беларусь” neşiri şol günüň özünde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Orsýete, GDA ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň 26-njy dekabrda geçirilýän näresmi sammitine gelmejekdigini, sebäbi “Moskwada gozgaljak meseleleriň ählisini öňünden Putin bilen maslahatlaşandygyny” habar berdi.
Bu duşuşygyň geçiriljekdigi 25-nji dekabr güni Kremliň metbugat gullugy tarapyndan yglan edildi. Duşuşyga gatnaşmak üçin Moskwa Azerbeýjanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet baştutanlary geler. Prezidentler sammitde GDA Orsýetiň şu ýylyň dowamyndaky başlyklygynyň jemlerine serederler we hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşarlar.