Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji noýabrda “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul edip, onuň bilen rus kompaniýasynyň türkmen gazyny satyna almagyny dikeltmek barada maslahatlaşdy.
TDH-nyň habar bermegine görä, “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagy bilen bagly meselelerde “Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda gaz ulgamynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän hökümetara ylalaşygy binýatlyk resminama bolup durýar, şonuň esasynda taraplar degişli işleri geçirýärler”.
Gaz çykarmak we gazy gaýtadan işlemek, Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça gaz ibermegiň mümkinçilikleri gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, neşir ýazýar.
Emma TDH satyn alynmakçy bolýan gazyn möçberi we bahalary hakynda maslahat edildimi ýa ýok, bu barada hiç zat aýtmaýar.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti oktýabrda Alekseý Moiller, şeýle-de rus hökümetiniň diwanyny başlygy Konstantin Çuýçenko bilen duşuşyk geçirdi.Duşuşygyň neyijeleri boýunça Miller türkmen gazynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan gaýtadan satyn alnyp başlanmagynyň planlaşdyrylýandygyny, alynjak gazyň möçberi we bahasy hakynda “ýakyn wagtda” gepleşiljekdigini aýtdy.
13-nji noýabrda “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” Stokgolmdaky arbitaž sudunda gaz bahasynda turan dawa boýunça “oňşukly ylalaşyga” geljegi belli boldy.