Şu gün 27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda general-maýor Şadurdy Amanmuhammedowiç Durdyýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Milli howpsuzlyk institutynyň rektory podpolkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýew bellenildi we oňa möhletinden öň polkownik harby ady dakyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, polkownik Muhammetgeldi Agageldiýew Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň rektory wezipesine bellenildi.
Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.