Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär, C5+1 sammitine gatnaşýar

Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär, C5+1 sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edýär, günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa ABŞ” döwlet baştutanlarynyň C5+1 görnüşindäki duşuşygyna gatnaşýar.

Sammitiň öň ýany, ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeni duşuşygyň dowamynda, sebitdäki ynsan hukuklarynyň meselelerini gün tertibine getirmäge çagyrdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň öz işine başlan ilkinji gününde Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyş edýän liderleriň sanawynda 13-nji orunda, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň çykyşynyň öň ýany, milletler guramasynyň münberinde söz sözleýär.

Türkmen metbugatyna görä, Berdimuhamedow öz çykyşynda “dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ugur ýaly möhüm ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen täze başlangyçlary” öňe sürýär.

Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda ABŞ-nyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasynda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet baştutanlarynyň ABŞ-nyň prezidenti bilen geçirýän C5+1 görnüşindäki duşuşygyna gatnaşýar. Bu duşuşyk bilen ABŞ-nyň iş başyndaky prezidenti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen ilkinji gezek duşuşýar.

"Bu ilkinji gezek geçirilýän prezident sammiti bolup, ýolbaşçylara sebit howpsuzlygyndan söwda we aragatnaşyga, howanyň üýtgemegine, dolandyryşy we kanunyň hökmürowanlygyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmelere çenli aralykda bir topar meseläni ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer" diýip, Ak tamyň howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Saliwan sammitiň öň ýany, 18-nji sentýabrda žurnalistler üçin geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän ynsan hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasy sammitiň öňüsyrasynda çap eden beýanatynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeni sebit liderleri bilen geçirjek duşuşygynda ynsan hukuklarynyň meselelerini gozgamaga çagyrdy.

“Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden sişenbe güni, 19-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde bäş merkezi aziýa liderleri bilen meýilleşdirilýän gepleşikleriň merkezinde ynsan hukuklaryny goýmaly” diýip, HRW aýtdy.

Adam hukuklaryny goraýjylar Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen strategiki taýdan ähmiýetli bolan serişdelere baý sebite gaýtadan üns gönükdirilýän mahaly, Baýdeni bu ýagdaýyň adam hukuklary bilen baglanyşykly derwaýys meseleleriň öňüne geçmegine rugsat bermezlige çagyrdy.

“Russiýanyň Ukrainadaky urşuny möwjetmeginiň yz ýany, ABŞ we ÝB Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary berkitmäge synanyşýan mahaly, olar kanunyň hökmürowanlygynyň hem-de adam hukuklarynyň esasy ülňüleri babatda kepillikleri gözlemeli” diýip, Human Rights Watch aýtdy.

Türkmen prezidentiniň Nýu-Ýorka amala aşyrýan iş sapary 17-nji sentýabrda başlady.

Döwlet metbugatyna görä, prezident iş saparynyň çäklerinde 18-nji sentýabrda Nýu-Ýork wagty bilen günüň ilkinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

“Pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýandygy nygtaldy” diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de, Berdimuhamedow duşenbe güni Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak tagallalarynyň çäklerinde, 2020-nji ýylda bu guramadan “synçy” derejesini, 2022-nji ýylda “işjeň synçy” derejesini aldy.

Döwlet metbugatyna görä, prezident Berdimuhamedow şol gün Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Şarl Mişel bilen hem duşuşyp, “gatnaşyklaryň esasy ugurlary we bar bolan köpugurly mümkinçilikler babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada” pikir alyşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Prezident Berdimuhamedow Ukrainanyň täze wezipä saýlanan prezidenti Zelenskiýni heniz gutlamady
"Azatlygyň" habaryndan soň, Berdimuhamedow Ukrainanyň saýlanan prezidentini gutlamaga howlukdy
Russiýa basyp alnan Krymdan goşunlaryny yza çekip başlaýar
Ukrainada galan türkmenler özara raýdaşlyk görkezip, uruşdan gaçmaga çalyşýar
Ukrain we rus daşary işler ministrleri hüjümiň başyndan bäri ilkinji duşuşyk geçirdiler