12-nji dekabrda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watanymyzyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Oňa Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly ilçileri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.
Gül goýmak dabarasyna ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 26 ýyllyk dabaralarynyň çäklerinde geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinow, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakala we beýleki myhmanlar hem gatnaşdylar.
Türkmen Lideri Bitaraplyk binasynyň etegine gül çemenini goýdy. Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we ähli dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, binanyň etegine gül desselerini goýdular.