Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 14-nji martda, Kuweýte eden iki günlükk saparyndan soň, Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagyna Abu Dabi şäherine resmi sapara geldi.
Emiratyň dolandyryjysy şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum, şeýle-de BAE-niň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary, şeýh Mansur Bin Zayed Al Nahýan bilen duşuşyklary başynda prezident Berdimuhamedow BAE-niň iri nebit-gaz kompaniýalaryny we maliýe gurluşlaryny TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna maýa ýatyrmaga çagyrdy.
Prezident Berdimuhamedow bir gün ozal bu gaz geçirijä maýa ýatyrmaga Kuweýtde hem çagyryş etdi.
Ýatladýarys, 2018-nji ýylyň ýanwarynda ÝET boýunça wise-premýer Maksat Babaýew Saud Arabystanynyň TOPH gurluşygy üçin “düýpli” serişdäni maýa ýatyrandygyny habar berdi.