Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar

Berdimuhamedow atlar bilen didarlaşýar. Metbugat ösüşleri’ wasp edip, krizisi’ agzamaýar

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, galyberse-de, ýurtda koronawirus keseliniň giň ýaýrandygy baradaky habarlaryň fonunda, 9-njy sentýabrda Türkmenistanyň iň iri iki merkezi gazeti “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atlar bilen didarlaşmagy barada baş makala bilen çapdan çykdy.

“Arkadag Akýol behişdi bedewi bilen ak ýollara uzaýan ýollara rowana boldy” atly makala çarşenbe güni Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki iň iri iki websaýtynda Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň “Türkmenistan: Bugün” we “Türkmenistan: Altyn asyr” saýtlarynda bolşy ýaly çap edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň gündelik meşgul bolýan döwlet işleri geçirýän maslahatlary, gol çeken kararlary we beýlekiler onsuz hem elmydama türkmen gazetleriniň baş sahypasynda orun alýar.

Ýöne penşenbe güni, 9-njy sentýabrda Berdimuhamedowyň at üstündäki suraty bilen onuň "at bilen bir ýola rowana bolandygy baradaky" habar synçylarda sorag döretdi.Berdimuhamedow köplenç atlar bilen dynç alyş günlerinde didarlaşýar. Üstesine, Türkmenistan şu günler ne at baýramçylygynyň bosagasynda, ne-de atlar bilen bagly başga baýramyň öňüsyrasynda.

Türkmenistan şu günler garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk görýär.Döwlet metbugatynyň Berdimuhamedowyň "at bilen ak ýola rowana bolandygy" barada ündew görnüşli makala çap etmegine nähili düşünmeli?

Makala Berdimuhamedowyň bir ýola rowana bolandygyny aýdýar. Döwlet mediasy prezidentiň bu ýakynda göz öňünde tutulýan resmi saparlary barada habar bermeýär.

Suratda görkezilýän at üstündäki Berdimuhamedow täç suraty çekilen gyzyl baş gap, gyzyl köýnekçe geýnipdir, ýöne ak ata atlanypdyr.

Bellemeli ýerli, Döwlet telewideniýesiniň “Watan” habarlar gepleşiginden çen tutulsa, Berdimuhamedow Akýol bilen ýekşenbe güni, 5-nji sentýabrda didarlarşdy’.

Azatlyk Radiosy bu makala bilen bagly Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere mikrofon uzatdy.

Onuň pikiriçe, soňky makala Türkmenistanda garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany ilat arasynda “watansöýüjilik” duýgusyny oýarmaga we başga-da birnäçe maksada gönükdirilýär:

“Meniň pikirimçe, bu makala garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda adamlarda birhili watansöýüjilik’ duýgusyny emele getirmek synanyşygy bolup durýar. Ýöne türkmen halkynyň çeken jebrinden çen tutulsa, bu mümkin hem däl ýaly. Şeýle-de, bu makaladaky surat bilen hem-de onda Berdimuhamedowyň taryp edilişi bilen onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygy barada habar bermek isleýärler, onuň saglyk ýagdaýynyň gowudygy, onuň öz işiniň başyndadygy barada habar bermek isleýärler” diýip, Panniýer aýtdy.

Döwlet metbugaty “bedewler” garaşsyz Türkmenistanyň nyşanydyr diýýär. Şeýle-de, resmi metbugat Berdimuhamedowyň “Akýol bilen gezim etmegini häzirki döwrüň okgunly ösüşleriniň beýany” häsiýetlendirýär.

Prezidentiň ady agzalýan ata atlanmagy bilen “halkyň durmuşynyň” arasynda nähili arabaglanyşyk bar?

Panniýeriň pikiriçe, häzirki Türkmenistanyň ündew gurallarynda ata münmeklik ýa-da umuman atçylyk “hakyky türkmençilik” ýa-da “türkmen bolmaklyk” bilen ilteşdirilýär.

Ýöne Türkmenistanda ilatyň aglaba böleginiň at satyn almaga, at ekläp saklamaga gurby çatmaýar. Ýurtdan gowuşýan habarlara görä, hojalyklaryň azyk üpjünçiligi, olaryň öz gün-güzerany adamlaryň baş aladasy bolup durýar.

Galyberse-de, döwlet metbugatynyň ündew makalasy Türkmenistanda ykdysady kynçylyklaryň hem-de häkimiýetleriň boýun almaýan koronawirus keseliniň giň ýaýraýandygy baradaky habarlaryň dowam edýän wagtyna gabat gelýär.

Ýaňy-ýakynda Aşgabatdaky habarçylarymyz tabyt zerur bolan koronawirus pidalaryna tabyt ýetişmeýändigi barada habar berdiler. Ýurtda ýokary synplaryň okuw sapaklary koronawirus bilen baglylykda ilkibaşda bir aý yza süýşürildi, soňra 6-njy sentýabrda duýdansyz gaýtadan başlamaly edildi.

Gurbanguly Berdmihamedowyň atlara bolan söýgüsi, mundan ozal, bir döwür dünýädäki iri media serişdeleriniň baş temasyna öwrülipdi. Ýatlasak, HBO kanalynda efir berilýän “Last Week Tonight with John Oliver” atly satira gepleşiginde belli-meşhur satiraçy Jon Oliwer Berdimuhamedowyň atlara bolan söýgüsini iki ýyl mundan ozal wasp etdi.

Berdimuhamedow atlara bagyşlap kitap ýazdy, türkmen atlarynyň halkara birleşiginiň esaslandyrylmagyna gatnaşdy.

Ol wagtal-wagtal döwlet telewideniýesinde atly gezelenç edýän görnüşde görkezilýär. Ýöne döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýapyk Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklary barada kelam agyz habar bermeýär.

Jon Oliwer öz gepleşigini äpet ullakan tort kesip jemledi. Tortuň ýüzüne atdan ýykylyp barýan Berdimuhamedowyň suraty çekilipdi. Ýatlasak, Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda geçirilen bir at çapyşygynda atdan ýykyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Britan kompaniýasy £1 mln-a Türkmenistanyň at çapyşyk ýodalaryna täze örtük ýazar
Kino täzelikleri
Telewideniýe dünýäsiniň Oskary hasaplanýarn “Emmy” baýraklary gowşuryldy
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
“BTS” “American Music Awards-yň” baş baýragyna mynasyp boldy
Nikolas Keýj aktýorlyk karýerasyny hiç mahal tamamlamajakdygyny aýtdy